-
Hudaý hakdaky bilime garşy çykýan islendik garaýşy inkär ediň!Garawul diňi — 2019 | Iýun
-
-
«PIKIRIŇIZI WE GARAÝŞYŇYZY ELMYDAMA TÄZELÄP DURUŇ»
7. Pikirimizi we garaýşymyzy nädip özgerdip bileris?
7 Pikirimizi we garaýşymyzy düýpgöter üýtgedip bilerismi? Hudaýyň Sözünde bu barada şeýle diýilýär: «Pikiriňizi we garaýşyňyzy elmydama täzeläp duruň. Şeýle-de Hudaýyň islegine laýyk gelýän hakyky dogrulyga we wepalylyga esaslanan täze häsiýetlere geýniň» (Efes. 4:23, 24). Görşümiz ýaly, biz garaýşymyzy üýtgedip bilýäris, ýöne muny etmek aňsat däl. Diňe bir erbet höweslerimize erk etmek we erbet işlerden el çekmek ýeterlikli däl. Biz «pikirimizi we garaýşymyzy» hem özgertmeli. Şeýle-de islegimizi, niýetimizi we özümizi alyp barşymyzy üýtgetmeli. Munuň üçin hemişe tagalla etmeli.
8, 9. Bir dogan bilen bolan waka pikirimizi özgertmegiň wajypdygyny nädip görkezýär?
8 Geliň, bir doganymyz bilen bolan waka seredeliň. Ol köplenç gaharyny saklap bilmän, derrew urşup başlaýardy. Ol içmegini we uruşmagyny goýup, ýaşaýan obasyndaky adamlara gowy şaýatlyk edýär. Ýöne suwa çümdürilenine biraz wagt geçende, garaşylmadyk waka bolýar. Bir gün agşam içgili bir adam doganymyzyň öýüniň ýanyna gelip, gaharyny getirýän sözleri aýdýar we onuň bilen uruşjak bolýar. Başda doganymyz özüne erk edýär. Emma ýaňky adam Ýehowanyň adyna dil ýetirende, doganyň sabyr käsesi dolýar. Ol daşaryk çykyp, ýaňky adamy gowy edip ýençýär. Ol näme üçin özüne erk edip bilmedikä? Mukaddes Ýazgylar okuwy dogana uruşmak endigini taşlamaga kömek eden hem bolsa, ol garaýşyny doly üýtgetmändir.
9 Emma ol ruhdan düşmedi (Sül. tym. 24:16). Gaýtam, ýaşulularyň kömegi bilen gowy tarapa üýtgemegini dowam etdi. Wagtyň geçmegi bilen, onuň özi hem ýaşuly boldy. Şondan birnäçe ýyl geçende, ýene öňki ýaly ýagdaý gaýtalanýar. Bir gezek agşam Ýygnak jaýynyň öňünde bir içgili adam başga bir ýaşuly dogany urjak bolýar. Dogan bu gezek näme eder? Ol içgili adamyň ýanyna baryp, ýumşaklyk we kiçigöwünlilik bilen ony köşeşdirýär hem-de öýüne barmaga kömek edýär. Dogan näme üçin bu gezek özüni şeýle alyp bardyka? Sebäbi ol nädogry garaýşyny üýtgedipdi we Ýehowanyň kömegi bilen parahatlygy söýýän hem-de kiçigöwünli dogan bolupdy.
10. Pikirimizi we garaýşymyzy özgertmek üçin näme etmeli?
10 Şeýle özgerişler birsalymyň içinde we öz-özünden bolmaýar. Pikirimizi we garaýşymyzy özgertmek üçin «bar güýjümiz» bilen tagalla etmeli (2 Pet. 1:5). Munuň üçin bize ençeme ýyl gerek bolmagy mümkin. Ýehowa köp ýyl bäri gulluk etsek-de, şeýle özgerişler öz-özünden bolmaýar. Şonuň üçin pikirimizi özgertmäge jan etmeli. Geliň, bu babatda bize nämäniň kömek edýändigine seredeliň.
PIKIRIMIZI WE GARAÝŞYMYZY NÄDIP ÖZGERDIP BILERIS?
11. Doga etmek pikirimizi we garaýşymyzy özgertmäge nädip kömek edýär?
11 Birinjiden, doga etmeli. Mezmurçy bu babatda bize gowy görelde galdyrdy. Ol: «Mende tämiz ýürek ýarat, eý Hudaý, içime täzeden durnukly ruh ber» diýip doga etdi (Zeb. 51:10). Biz Ýehowanyň kömegi bolmasa, pikirimizi we garaýşymyzy özgerdip bilmejekdigimize düşünmeli. Ýehowanyň kömek etjekdigine biz näme üçin ynamly bolup bileris? Ezekiýel pygamberiň döwründe Ýehowanyň doňýürek ysraýyllylara beren wadasy bizi has-da ruhlandyrýar. Ol şeýle diýdi: «Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin... olara etden bolan ýürek bererin» (Ezek. 11:19). Ýehowa ysraýyllylara kömek etmek isleýärdi. Ol bize-de kömek etmek isleýär.
12, 13. a) Zebur 119:59-a görä, biz näme barada oýlanmaly? b) Özümize nähili soraglary bermeli?
12 Ikinjiden, oýlanmaly. Biz her gün Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, pikirimizi we häsiýetlerimizi özgertmek üçin oýlanmaga wagt sarp etmeli (Zebur 119:59-y okaň; Ýew. 4:12; Ýak. 1:25). Biz dünýäniň pikirimize we garaýşymyza täsir edýändigini ýa-da etmeýändigini barlap durmaly. Şeýle-de gowşak taraplarymyzyň bardygyny boýun alyp, olary düzetmek üçin elimizde baryny etmeli.
13 Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: Tekepbirligi ýa-da göripligi ýüregimden doly aýyrdymmy? (1 Pet. 2:1). Alan terbiýäme, bilimime ýa-da maddy zatlaryma buýsanýarynmy? (Sül. tym. 16:5). Başgalara göwnüýetmezçilik edýärinmi ýa-da ala tutýarynmy? (Ýak. 2:2—4). Şeýtanyň dünýäsi meni özüne çekýärmi? (1 Ýah. 2:15—17). Ahlaksyz we zorlukly göwün açmalary halaýarynmy? (Zeb. 97:10; 101:3; Amos 5:15). Şu soraglar hakda oýlansaňyz, nämäniň üstünde işlemelidigini bilersiňiz. Eger biz aňymyzda kök uran nädogry garaýyşlary aýyrsak, gökdäki Atamyzy begendireris (Zeb. 19:14).
14. Gowy dostlary tutunmak näme üçin wajyp?
14 Üçünjiden, gowy dost tutunmaly. Islesek-de, islemesek-de, dostlarymyz bize güýçli täsir edýär (Sül. tym. 13:20). Biz her gün işde ýa-da mekdepde Ýehowanyň pikirine eýermeýän adamlar bilen iş salyşmaly bolýarys. Emma mesihçiler ýygnagynda özümize gowy täsir edýän dostlary tapyp bileris. Olar bizi «birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirip» biler (Ýew. 10:24, 25).
-