-
Är-aýallar nädip bagtly bolup biler?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
Elbetde, ýalňyşmaýan adam ýok. Ýöne kynçylyk dörände är-aýalyň ikisi hem tagalla etmeli. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Är-aýalyň biri-birinden sowaşmagyna nämeler sebäp boldy?
Olar maşgalasyny berkitmek üçin nämeler etdi?
1 Korinfliler 10:24 we Koloslylar 3:13-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Şu maslahat maşgalany berkitmäge nädip kömek eder?
Mukaddes Kitapda: «Biri-biriňize... hormat goýuň» diýilýär. Hormat goýmak birek-birek bilen mähirli gepleşmegi we sylaşykly bolmagy aňladýar. Rimliler 12:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Är ýa-da aýal ilki özüne hormat goýulmagyna garaşmalymy? Näme üçin?
-
-
Dogan-uýalar bilen agzybir boluňEbedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
3. Düşünişmezlik dörese näme etmeli?
Agzybirligi saklamaga näçe jan etsegem, käte düşünişmezlik döräp biler, sebäbi hemmeler ýalňyşyp bilýär. Käte bolsa birek-biregiň göwnüne degýäris. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda: «Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýilýär (Koloslylar 3:13-i oka). Biz Ýehowany ençeme gezek gynandyrsagam, ol bizi ýürekden bagyşlaýar. Şonuň üçin biz hem dogan-uýalary ýürekden bagyşlamaly. Eger biri sizden öýkeli bolsa, onda ýaraşmak üçin özüňiz ýanyna baryp gepleşiň (Matta 5:23, 24-nji aýatlary oka)b.
-
-
Dogan-uýalar bilen agzybir boluňEbedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
5. Ýürekden bagyşlaň we ýaraşyň
Ýehowa hiç haçan ýalňyşmasa-da, bagyşlanmaga mätäç bolmasa-da, bizi ýürekden bagyşlaýar. Zebur 86:5-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýehowa nähili Hudaý eken?
Sen Ýehowanyň geçirimliligine minnetdarmy? Näme üçin?
Haýsy ýagdaýlarda ýaraşmak kyn bolup biler?
Ýehowadan görelde alyp parahatlygy saklamak üçin näme etmeli? Nakyllar 19:11-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Biri gaharyňy getirýän ýa-da göwnüňe degýän bolsa, araňy nädip sazlamaly?
Käte bolsa özümiz adamlaryň göwnüne degýäris. Şonda näme etmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Uýa ýaraşmak üçin näme etdi?
-