-
«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»Garawul diňi — 2015 | 15 iýul
-
-
14, 15. Magok ýurdundaky Gog Hudaýyň halkyna topulanda nähili ýygnanyşyk bolar we nädip?
14 Magok ýurdundaky Gog Allatagalanyň halkyna topulanda näme bolar? Matta we Markus kitaplarynda: «Ol (ynsan Ogly) perişdeleri belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, gögüň bir ujundan ol ujuna çenli ýygnarlar» diýilýär (Mar. 13:27; Mat. 24:31). Bu ýygnanyşyk täze mesh edilen mesihçileriň bellenmegini ýa-da olara soňky möhüriň basylmagyny aňlatmaýar (Mat. 13:37, 38). Soňky möhür uly muşakgatyň öň ýanynda basylar (Ylh. 7:1—4). Onda Isanyň aýdan ýygnanyşygy näme aňladýar? Hudaýa wepaly galan 144 müň mesh edilen mesihçiler gökdäki sylagyny alarlar (1 Sel. 4:15—17; Ylh. 14:1). Bu sylag olara Magok ýurdundaky Gog hüjüme başlandan soň berler (Ezek. 38:11). Şonda Isanyň: «Dogry adamlar gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar» diýen sözleri ýerine ýeter (Mat. 13:43)b.
15 Biz mesh edilen mesihçileriň gudrat bilen göge alynýandygyny görerismi? Hristian dinine uýýan käbir adamlar özleriniň ynsan bedeninde göge galjakdygyna we Isanyň patyşa hökmünde ýere gelmegini gözi bilen görjekdiklerine ynanýarlar. Emma Mukaddes Ýazgylarda «Ynsan Oglunyň alamatynyň» gökde boljakdygy we onuň «gökdäki bulutlardan» geljekdigi aýdylýar (Mat. 24:30). Bu sözler onuň göze görünmän geljekdigini görkezýär. Şeýle-de biz «et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýändigini» bilýäris. Göge galjaklaryň hemmesi «soňky surnaý çalnanda, birden göz açyp-ýumasy salymda üýtgediler»c (1 Korintoslylar 15:50—53-nji aýatlary okaň). Şu aýada görä, mesh edilenleriň gudrat bilen göge alynýandygyny göreris diýip pikir etmek nädogry bolardy. Isa wepaly mesh edilen mesihçileri göz açyp-ýumasy salymda ýygnar.
-
-
«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»Garawul diňi — 2015 | 15 iýul
-
-
c Mesh edilen mesihçileriň bedeni göge äkidilmez (1 Kor. 15:48, 49). Olaryň hem bedeni Isanyňky ýaly gözden ýiter.
-