14-NJI BAP
Ýygnakda parahatlygy we arassalygy saklamak
MUKADDES KITAPDA pygamberlik edilişi ýaly, her ýyl müňlerçe adam Ýehowa sežde etmek üçin onuň halkyna goşulýar (Mik. 4:1, 2). Biz olary «Hudaýyň ýygnagynda» görüp begenýäris (Res. 20:28). Olaram biziň bilen Ýehowa gulluk edýändigine, ruhy jennetde arassa we parahat ýaşaýandygyna begenýärler. Hudaýyň mukaddes ruhunyň we Sözüniň kömegi bilen ýygnak parahat hem arassa (Zeb. 119:105; Zek. 4:6).
2 Biz Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlara eýerip, «täze häsiýetleri öwrenýäris» (Kol. 3:10). Kiçiräk düşünişmezliklere känbir üns bermeýäris. Ýagdaýa Ýehowanyň garaýşy ýaly garap, agzala dünýäniň täsirine düşmeýäris we milletine garamazdan, dogan-uýalar bilen agzybir ýaşaýarys (Res. 10:34, 35).
3 Käte ýygnakda agzybirligi we parahatlygy saklamak kyn bolup biler. Näme üçin? Köplenç Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýerilmeýändigi üçin düşünişmezlik döräp biler. Şeýle-de biziň ählimiz günäli, öňki häsiýetlerimiz we endiklerimiz bilen göreşmeli bolýarys (1 Ýah. 1:10). Käbirleri bolsa nädogry işleri edip, ýygnaga ahlak ýa-da ruhy taýdan zyýan ýetirýär. Bizem käte bilmän biriniň göwnüne degýän zady aýdýandyrys ýa edýändiris. Ýa-da biriniň aýdan sözüne, eden işine öýkeleýändiris (Rim. 3:23). Şeýle ýagdaýlarda kynçylygy nädip çözüp bolar?
4 Ýehowa ähli zady görýär. Ol bize kynçylyklary çözmek üçin gerekli maslahatlary berýär. Mähirli, aladaçyl ýaşulularam kömek etmäge hemişe taýyn. Olaryň Mukaddes Kitabyň esasynda berýän maslahatlaryna eýersek, hem dogan-uýalar, hem Ýehowa bilen dostlugymyz berk bolar. Eger bize nädogry hereketimiz sebäpli düzediş ýa-da käýinç berilse, gökdäki Atamyzyň bizi söýýändigi üçin düzedýändigini unutmalyň (Nak. 3:11, 12; Ýew. 12:6).
DÜŞÜNIŞMEZLIKLERI ÇÖZMEK
5 Käwagt dogan-uýalaryň arasynda düşünişmezlik ýa sene-mene bolup biler. Şeýle ýagdaýda meseläni ýumşaklyk, mähir bilen soňa goýman çözmeli (Efes. 4:26; Flp. 2:2—4; Kol. 3:12—14). Petrus resul: «Biri-biriňizi ýürekden söýüň, sebäbi söýgi köp günäleriň üstüni ýapýandyr» diýdi. Eger onuň maslahatyna eýerseňiz, dogan-uýalar bilen gylyk-häsiýetleriňiz sebäpli döreýän kynçylyklara ünsem bermersiňiz (1 Pet. 4:8). Mukaddes Kitapda: «Ählimiz köp ýalňyşýarys» diýilýär (Ýak. 3:2). Biz altyn düzgüne eýerip, özümize näme edilmegini isleýän bolsak adamlara hem şony etsek, onça-munça zada üns bermän, dogan-uýalary bagyşlarys (Mat. 6:14, 15; 7:12).
6 Eger biriniň göwnüne degendigiňizi bilseňiz, şol adamyň ýanyna baryp gepleşiň. Onuň bilen tizden-tiz gepleşmeseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyza-da zyýan ýeter. Isa şägirtlerine şeýle maslahat berdi: «Gurbanlyk ojagyna gurbanlygyňy alyp barýarkaň, doganyň senden öýkelidigi ýadyňa düşse, gurbanlygyňy gurbanlyk ojagynyň ýanynda goý-da, gidip, ilki doganyň bilen ýaraş. Soňra gurbanlygyňy ber» (Mat. 5:23, 24). Düşünişmezlik bolan bolsa, şol adam bilen açyk gürleşiň. Açyk gürrüňdeşlik ýygnakda bikämillik sebäpli döreýän kynçylyklary çözmäge, hatda düşünişmezlikleriň öňüni almaga-da kömek edýär.
MUKADDES KITAPDAN MASLAHAT BERMEK
7 Käwagt ýygnak ýaşululary doganyň ýa-da uýanyň garaýşyny düzetmek üçin maslahat bermeli bolýar. Maslahat bermek hemişe aňsat däl. Pawlus resul Galatýada ýaşaýan mesihçilere: «Doganlar, kim bilmän ýalňyş ädim ätse, siz, ruhy taýdan ösenler, ony ýumşaklyk bilen düzetjek boluň. Ýöne özüňiz hem synaga düşmez ýaly seresap boluň» diýdi (Gal. 6:1).
8 Ýaşulular Hudaýyň halkynyň aladasyny edip, dogan-uýalary Hudaý bilen dostlugyna zyýan ýetirýän zatlardan goraýarlar we käbir kynçylyklaryň öňüni alýarlar. Ýehowa Işaýa pygamber arkaly ýaşulular barada şeýle diýdi: «Olaryň her biri ýelden gorag bolar, çabgada pena bolar. Gurak ýurtda çeşme kimin gandyrar, çölde belent gaýa kimin kölege salar» (Işa. 32:2). Ýygnak ýaşululary hem şu sözlere görä ýaşamaga jan edýärler.
TERTIP-DÜZGÜNI BOZÝANLARY BELLIGE ALMAK
9 Pawlus resul käbir adamlaryň ýygnaga erbet täsir edip biljekdigini duýdurdy. Ol: «Size şuny tabşyrýarys: tertip-düzgüne we size beren görkezmelerimize eýermeýän dogandan uzakda duruň» diýdi. Soňra Pawlus muny şeýle düşündirdi: «Eger biri şu hatymyzda ýazan zatlarymyza gulak asmasa, şeýle adamy bellige alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň. Ýöne ony duşman saýmaň, dogan hökmünde hemişe maslahat beriň» (2 Sel. 3:6, 14, 15).
10 Käbirleri ýygnak gatnaşygyndan kesiler ýaly agyr günä etmese-de, Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermezlik edip, mesihçilere ýaraşmaýan hereketleri edýärler. Meselem, oňa mesihçiniň barypýatan ýalta, tankytçyl ýa-da hapysa bolmagy degişli bolup biler. Ýa-da ol adam «başgalaryň işine goşulýandyr» (2 Sel. 3:11). Belki, ol biriniň zadyna göz gyzdyrýandyr ýa-da erbet dynç alyşlara bolaýmaly zat ýaly garap gatnaşýandyr. Şeýle adamlar ýygnaga erbet täsir edýär we dogan-uýalaram olaryň edýän hereketlerini dogry hasaplap başlamagy mümkin.
11 Ýygnak ýaşululary tertip-düzgüne eýermeýän adama ilki Mukaddes Kitapdan masalahat berip, kömek etmäge çalyşýarlar. Emma birnäçe gezek duýduryş berilse-de Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermese, ýaşulular ýygnakda duýduryş nutugy bilen çykyş edip biler. Ýaşulular duýduryş nutugy bilen çykyş etmek üçin paýhasly we sagdyn düşünjeli bolup, meseläniň beterleşendigini hem-de ýygnaga näçeräk howp salýandygyny anyklamaly. Nutuk bilen çykyş edýän dogan tertip-düzgüne eýermek babatda Mukaddes Kitapdan maslahatlary berer, emma ol tertip-düzgüni bozýan adamyň adyny aýtmaz. Şeýlelikde, nutukda kim barada gürrüň edilýändigini bilýän dogan-uýalar şol adam bilen dostlaşmazlar. Ýöne olar şol adama dogany hökmünde garap, onuň bilen ruhy işlere gatnaşyp biler.
12 Belki, tertip-düzgüni bozýan adam dogan-uýalaryň Hudaýa wepalylygyny görüp, edýän işlerine utanar we düzeler. Eger düzelen bolsa, oňa tertip-düzgüni bozýan adam hökmünde garamaly däl.
ULY ÝALŇYŞLYK EDILENDE
13 Bagyşlamak, geçirimli bolmak, nädogry herekete göz ýummagy ýa-da makullamagy aňlatmaýar. Her bir nädogry hereketi günäniň üstüne atyp bolmaýar, ony ýöne bir ýalňyşlyk hem hasaplap bolmaýar (3 Mus. 19:17; Zeb. 141:5). Kanun ähtinde käbir günäleriň has agyr bolýandygy aýdylýar. Mesihçiler hem käbir günäleriň has agyrdygyna düşünýärler (1 Ýah. 5:16, 17).
14 Isa imandaşlarymyz bilen aramyzdaky düşünişmezligi ýa-da kyn meseläni nädip çözmelidigini öwretdi. Ol şeýle diýdi: «Eger doganyň saňa garşy günä etse, 1) ikiçäk gepleşip, eden günäsini aýt. Seni diňlese, dogry ýola dolanmaga kömek edersiň. Eger diňlemese, 2) ýanyňa bir ýa-da iki şaýat alyp bar, sebäbi her bir mesele iki ýa üç şaýadyň sözi bilen tassyklanýandyr. Eger olary-da diňlemese, 3) ýygnaga aýt. Eger ýygnagy-da diňlemese, ol seniň üçin keseki ýa-da salgytçy adam ýaly bolsun» (Mat. 18:15—17).
15 Matta 18:23—35-nji aýatlardaky Isanyň aýdan mysalyndan görnüşi ýaly, Matta 18:15—17-nji aýatlarda agzalýan günä pul ýa-da emläk bilen bagly meseleler hem degişli. Meselem, bergiňi bermezlik, hile bilen biriniň hakyny iýmek. Oňa gybat edip, birini abraýdan gaçyrmak hem degişli.
16 Eger dogan-uýalaryň biri size garşy şeýle günä etse, derrew ýaşululara ýüz tutmaň. Isanyň maslahat berişi ýaly, ilki şol adamyň özi bilen gürleşiň. Meseläni öz araňyzda çözjek boluň. Üns beren bolsaňyz, Isa: «Diňe bir gezek bar-da, ikiçäk gepleşip, eden günäsini aýt» diýmedi. Şol sebäpli adam günäsini boýun almasa we ötünç soramasa, onuň ýanyna ýene-de baryň. Düşünişmezligi şeýdip çözseňiz, günäkär eden işini başgalara aýtmandygyňyza, abraýdan gaçmandygyna begener. Şeýlelikde, oňa «dogry ýola dolanmaga kömek edersiňiz».
17 Göwnüňize degen adam ýalňyşyna düşünip, günäsini boýun alsa we düzelmek üçin ädim ätse, onda hiç kime ýüz tutmak gerek bolmaýar. Onuň eden günäsi ýöne-möne bolmasa-da, meseläni öz araňyzda çözüp bilersiňiz.
18 Eger meseläni ikiçäk çözüp bilmeseňiz, onda Isanyň aýdyşy ýaly «ýanyňyza bir ýa-da iki şaýady alyp baryp», onuň bilen ýene gepleşiň. Şaýat boljak doganyň ýa uýanyň maksady hem günäkäre dogry ýola dolanmaga kömek etmek bolmaly. Bolan zatlary öz gözi bilen gören şaýatlary alyp gitseň gowy bolar. Eger şeýle şaýat ýok bolsa, birki sany dogan-uýadan şol adam bilen araňyzdaky gürrüňdeşlige şaýat bolmagy haýyş edip bilersiňiz. Belki, olar şeýle ýagdaýa öň duş gelendirler. Şonuň üçin onuň eden işiniň erbetdigini ýa däldigini bilmäge kömek ederler. Şaýat hökmünde ýaşululary hem alyp gidip bilersiňiz. Emma olar meseläni derňemek üçin bellenen ýaşulular hökmünde däl-de, diňe şaýat hökmünde bararlar.
19 Ikiçäk gepleşibem, şaýat bilen barybam meseläni çözüp bilmeseňiz, bolan ýagdaý hem sizi biynjalyk edýän bolsa, onda ýygnak ýaşulularyna ýüz tutup bilersiňiz. Ýaşulular ýygnagyň arassa we parahat bolmagyny isleýär. Şol sebäpli ýaşululara ýüz tutanyňyzdan soň, Ýehowa bil baglap, ähli zady oňa tabşyryň. Biriniň eden işi sebäpli büdremäň, Ýehowa şadyýan gulluk etmegiňizi dowam ediň (Zeb. 119:165).
20 Hudaýyň halkynyň aladasyny etmek üçin bellenen ýaşulular bolan ýagdaýy doly derňärler. Olar şol doganyň ýa-da uýanyň size garşy günä edendigini, toba etmeýändigini, düzelmek üçin ädim ätmeýändigini anyklasalar, onda birnäçe ýaşululardan ybarat komitet ony ýygnak gatnaşygyndan kesmeli diýen karara geler. Şonda hiç kim Hudaýyň halkyna we ýygnagyň abraýyna zyýan ýetirip bilmez (Mat. 18:17).
AGYR GÜNÄ EDILENDE
21 Ahlaksyzlyk, zyna, gomoseksualizm, imandan dänmek we butparazlyk ýaly agyr günäler edilende, ejir çeken adamyň bagyşlany ýeterlik däl (1 Kor. 6:9, 10; Gal. 5:19—21). Günä eden adam ýygnagyň ruhy hem-de ahlak taýdan arassalygyna zyýan ýetirýär. Şonuň üçin ýaşululara hökman habar bermeli, olaram meseläni çözer (1 Kor. 5:6; Ýak. 5:14, 15). Käbirleri ýaşulularyň ýanyna baryp, eden günäsini boýun alýarlar, käbiri bolsa biriniň eden günäsi hakda bilýän zatlaryny habar berýärler (3 Mus. 5:1; Ýak. 5:16). Ýaşulular suwa çümdürilen adamyň agyr günä edendigini kimden eşitseler-de, ilki iki ýaşuly dogana bolan ýagdaýy derňemek tabşyrylýar. Eger adam, dogrudanam, agyr günä eden bolsa, oňa degerli subutnamalar bar bolsa, ýygnagyň ýaşulular maslahaty azyndan üç ýaşuludan ybarat düzediş komitetini döreder.
22 Ýaşulular ýygnagy goramak üçin hemişe göz-gulak bolýarlar. Şeýle-de olar nädogry ýola düşenleri düzetmek hem-de ruhy taýdan aýaga galdyrmak üçin, Hudaýyň Sözünden ökdelik bilen öwredýärler (Ýahd. 21—23). Pawlus resul Timoteosa şeýle diýdi: «Men Hudaýyň we Isa Mesihiň öňünde saňa berk tabşyryk berýärin... käýe, berk duýduryş ber, öwüt-ündew et. Ýöne elmydama sabyrly bol we ökdelik bilen öwret» (2 Tim. 4:1, 2). Munuň üçin ýaşulularyň köp wagty gitse-de, elinde baryny edýärler. Dogan-uýalar hem ýaşulularyň agyr zähmetiniň gadyryny bilýärler, olara «iki esse hormat goýýarlar» (1 Tim. 5:17).
23 Dogan ýa uýa nähili günä etse-de, ýaşulular oňa ruhy taýdan aýaga galmaga kömek etmeli. Eger günä eden adam ýürekden toba etse, doganlara oňa kömek etmek aňsat bolýar. Düzediş komiteti onuň özüne ýa-da şaýatlaryň öňünde käýinç berse, oňa düzelmäge kömek eder we başgalara-da duýduryş bolar (2 Şam. 12:13; 1 Tim. 5:20). Käýinç berlende hökman çäklendirme goýulýar. Ol günä eden adama «dogry ýoldan ýöremäge» kömek eder (Ýew. 12:13). Wagtyň geçmegi bilen, şol adamyň ruhy taýdan aýaga galýandygy görünse, goýlan çäklendirmeler aýrylar.
KÄÝINÇ BERLENDIGINI BILDIRIŞ ETMEK
24 Düzediş komiteti günä eden adamyň toba edýändigine doly göz ýetirse, ýöne ýygnakdaky dogan-uýalar hem-de başga adamlar bolan zatlary bilýän bolsa ýa-da ýygnakdakylara şol adam barada duýdurmak zerur bolsa, oňa käýinç berlendigi «Durmuş we wagyz» duşuşygynda bildiriş ediler. Bildiriş şeýle bolmaly: «(Adamyň ady we familiýasy) käýinç berildi».
ÝYGNAK GATNAŞYGYNDAN KESMEK
25 Käwagt mesihçi maslahat berilse-de, günä etmegini dowam edýär. Düzediş komiteti onuň işine sereden wagty, günäkär hiç hili toba etmezligi mümkin (Res. 26:20). Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Günäkär Ýehowanyň halky bilen gatnaşyp, erbet täsir etmez ýaly, ony ýygnak gatnaşygyndan kesmeli. Şonda ýygnak ahlak hem-de ruhy taýdan arassa bolar, abraýyna-da ysnat gelmez (5 Mus. 21:20, 21; 22:23, 24). Pawlus resul Korinfdäki ýygnakda bir mesihçiniň haýasyz işleri edýändigini bilende, ýaşuly doganlara: «Ahlaksyz adam ýygnaga erbet täsir etmez ýaly, ony Şeýtana tabşyryň» diýdi (1 Kor. 5:5, 11—13). Şeýle-de ol I asyrda hakykata garşy çykan käbir adamlaryň ýygnak gatnaşygyndan kesilendigini aýtdy (1 Tim. 1:20).
26 Toba etmeýän günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmeli bolsa, düzediş komiteti onuň näme üçin gatnaşykdan kesilýändigini Mukaddes Kitap esasynda açyk düşündirmeli. Düzediş komiteti günä eden adama (eger ol karar bilen ylalaşmaýan bolsa), işe täzeden seredilmegi hat ýazyp haýyş edip bilýändigini aýtmaly. Ol hatynda näme üçin ylalaşmaýandygyny açyk düşündirmeli. Komitet günäkäri gatnaşykdan kesmeli diýen karara gelensoň, oňa arz-şikaýat etmäge ýedi gün wagt berýär. Eger ol arz-şikaýat hatyny ýazan bolsa, ýaşulular maslahaty etrap gözegçisi bilen habarlaşar. Ol hem meselä gaýtadan sereder ýaly tejribeli ýaşululardan ybarat şikaýat komitetini döreder. Şol doganlar arz-şikaýat hatyny alansoň, meseläni bir hepdäniň içinde çözjek bolmaly. Günäkäriň işine gaýtadan seredilýän bolsa, onuň ýygnak gatnaşygyndan kesilendigi hakdaky bildiriş soňa goýulýar. Emma günäkär ýygnakda jogap berip, doga edip bilmeýär we başga-da jogapkärli borçlary ýerine ýetirip bilmeýär.
27 Günäkäre ýagşylyk edilýändigi we biynjalyk edýän zatlaryny aýdyp bilýändigi üçin arz-şikaýat etmäge mümkinçilik berilýär. Eger günäkär işine gaýtadan seredilende bilgeşleýin gelmese, ýaşulular ony birnäçe gezek çagyrarlar. Emma şonda-da gelmese, onuň ýygnak gatnaşygyndan kesilendigi bildiriş ediler.
28 Günäkär arz-şikaýat etmek islemese, düzediş komiteti oňa toba edip, gaýtadan dikeldilmegi üçin näme etmelidigini düşündirer. Günäkäre düzelip, ýygnaga dolanmak aňsat bolar ýaly, ýaşulular onuň bilen mähirli gepleşmeli we yzyna dolanmagyny isleýändiklerini aýtmaly (2 Kor. 2:6, 7).
GATNAŞYKDAN KESILENLERI BILDIRIŞ ETMEK
29 Toba etmeýän günäkär ýygnak gatnaşygyndan kesilende, ýygnakda: «(Adamyň ady we familiýasy) mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady hasaplanmaýar» diýip bildiriş edilýär. Bildiriş edilse, dogan-uýalar onuň bilen gatnaşmaly däldigine düşünerler (1 Kor. 5:11).
IMANDAN DÄNMEK
30 «Imandan dänen» suwa çümdürilen mesihçi mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady bolmak islemeýändigini aç-açan aýdýar. Ýa-da Ýehowanyň islegine garşy gelýän zatlary etdirýän we şol sebäpli ýok ediljek gurama goşulyp, mesihçiler ýygnagyndan ýüz öwürýändigini görkezýär (Işa. 2:4; Ylh. 19:17—21).
31 Ýahýa resul hem imandan dänen döwürdeşleri hakda şeýle diýdi: «Olar biziň aramyzdady, ýöne çykyp gitdiler, sebäbi biziňki däldiler. Eger olar bize degişli bolsadylar, aramyzda bolardylar» (1 Ýah. 2:19).
32 Imandan dänen adam bilen wagyz etmeýän wagyzçynyň arasynda uly tapawut bar. Belki-de, wagza çykmaýan wagyzçynyň Hudaýyň Sözüni yzygider öwrenmeýändigi üçin yhlasy gowşandyr. Ýa-da kynçylyklar, yzarlamalar sebäpli, Ýehowa gulluk etmegini goýandyr. Ýaşulular we dogan-uýalar oňa ruhy taýdan kömek etmek üçin elinde baryny edýärler (Rim. 15:1; 1 Sel. 5:14; Ýew. 12:12).
33 Emma mesihçi imandan dänse, ýygnakda: «(Adamyň ady we familiýasy) mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady hasaplanmaýar» diýip bildiriş edilýär. Dogan-uýalar oňa ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam hökmünde garamaly.
ÝYGNAKDA DIKELDILMEK
34 Ýygnak gatnaşygyndan kesilen ýa-da imandan dänen adam toba edýändigini we birnäçe wagtyň dowamynda günä etmegini goýandygyny görkezse, ýygnakda dikeldilýär. Şeýdip, ol Ýehowa bilen ýene-de dostlaşmak isleýändigini görkezýär. Gatnaşykdan kesilen adamyň toba edýändigini görkezer ýaly, ýaşulular onuň ýagdaýyna görä birnäçe aý, bir ýyl ýa-da ondanam köpräk wagt berip bilerler. Ýaşulular maslahaty gatnaşykdan kesilen adamyň gaýtadan dikeldilmek isleýändigi baradaky arzasyny alansoň, dikeldiş komiteti şol adam bilen gürrüňdeş bolar. Komitet onuň toba etmek üçin nämeler edendigini anyklap, dikeltmeli ýa dikeltmeli däldigini çözer (Res. 26:20).
35 Eger dikeldilmek isleýän adam başga ýygnakda gatnaşykdan kesilen bolsa, onda gatnaýan ýygnagyndaky dikeldiş komiteti onuň bilen gepleşip, haýyşyna sereder. Şol komitet onuň dikelip bilýändigine doly göz ýetirensoň, gelen karary hakda wagyzçynyň öňki ýygnagynyň ýaşulular maslahatyna habar bermeli. Iki ýygnagyňam komitetleri dogry karara geler ýaly ýakyndan işleşip, ähli subutnamalaryň dogrudygyna doly göz ýetirerler. Emma ony dikeltmelimi ýa däldigini öňki ýygnagyndaky dikeldiş komiteti çözýär.
DIKELDILENDIGINI BILDIRIŞ ETMEK
36 Dikeldiş komiteti gatnaşykdan kesilen ýa-da imandan dänen adamyň toba edýändigine göz ýetirse, ony dikelder we ýygnakda bildiriş ediler. Eger ol dikeldilmänkä başga ýygnaga gatnaýan bolsa, şol ýygnakda hem bildiriş ediler. Bildirişde: «(Adamyň ady we familiýasy) ýene-de Ýehowanyň Şaýady hasaplanýar» diýler.
SUWA ÇÜMDÜRILEN ÇAGA GÜNÄ EDENDE
37 Suwa çümdürilen çaga agyr günä etse, ýaşululara habar bermeli. Ýaşulular günä eden çaga bilen gepleşende, onuň suwa çümdürilen ene-atasy hem gatnaşmaly. Ene-ata käýinç berdirmejek bolup çagasynyň tarapyny tutmaly däl-de, gaýtam düzediş komiteti bilen ýakyndan işleşmeli. Düzediş komiteti hem uly adamlara kömek edişi ýaly, günä eden çaga düzelmäge we ruhy taýdan aýaga galmaga kömek etmeli. Emma günä eden çaga toba etmese, ony ýygnak gatnaşygyndan keserler.
SUWA ÇÜMDÜRILMEDIK WAGYZÇY GÜNÄ EDENDE
38 Suwa çümdürilmedik wagyzçy günä etse näme etmeli? Ol heniz suwa çümdürilmändigi üçin ýygnak gatnaşygyndan kesilmeýär. Belki-de, ol Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlara doly düşünmeýändir. Eger oňa ýumşaklyk bilen maslahat berilse, «dogry ýoldan» ýöräp biler (Ýew. 12:13).
39 Käte iki ýaşuly günä eden wagyzça näçe kömek etse-de, ol toba etmeýär. Şonda ýygnakda: «(Adamyň ady we familiýasy) mundan beýläk suwa çümdürilmedik wagyzçy hasaplanmaýar» diýip bildiriş edilýär. Şondan soň dogan-uýalar oňa dünýewi adam ýaly garar. Günä eden wagyzçy ýygnak gatnaşygyndan kesilmese-de, dogan-uýalar onuň bilen kän gatnaşmaz ýaly seresap bolmaly (1 Kor. 15:33). Ondan hiç hili wagyz hasabaty hem alynmaz.
40 Wagyzçylykdan aýrylan adam wagtyň geçmegi bilen ýene-de wagyzçy bolmak islär. Şeýle ýagdaýda iki ýaşuly onuň bilen gepleşip, ruhy taýdan aýaga galýandygyny anyklar. Eger ol talaplara laýyk gelýän bolsa, ýygnakda: «(Adamyň ady we familiýasy) ýene-de suwa çümdürilmedik wagyzçy hasaplanýar» diýip bildiriş ediler.
ÝEHOWA PARAHAT WE ARASSA HALKYNY GOLDAÝAR
41 Şu günler Hudaýyň guramasyndaky adamlar ruhy jennetiň hözirini görüp, hezil edýärler. Dogrudan-da, biz «ýaşyl ýaýlada» ýaşap, hakykat suwundan ganýarys. Ýehowa Ogly Isanyň ýolbaşçylygynda guramasy arkaly bizi gorap, aladamyzy edýär (Zeb. 23; Işa. 32:1, 2). Soňky kyn günlerde ruhy jennetde howpsuz hem rahat ýaşaýarys.
Ýygnagy arassa we parahat saklap, Patyşalyk baradaky hakykat yşygynyň has-da nur saçmagyna goşant goşýarys
42 Ýygnagy arassa we parahat saklap, Patyşalyk baradaky hakykat yşygynyň has-da nur saçmagyna goşant goşýarys (Mat. 5:16; Ýak. 3:18). Ýehowanyň kömegi bilen, Hudaý barada bilim alyp, oňa gulluk edýän adamlaryň ýyl-ýyldan köpelýändigine begenýäris.