HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 SELANIKLILER 1—3
Bikanun adam peýda boldy
Pawlus resul bu aýatlarda nämäni göz öňünde tutdy?
«Böwet bolýan» (6-njy aýat)—Resullar göz öňünde tutulýan bolmaly
«Aýan bolmagy» (6-njy aýat)—Resullar aradan çykansoň, mesihçiler ýygnagynda imandan dänmeklik we ýalan taglymatlar ýaýrap başlady
«Syr bolsa-da» (7-nji aýat)—Pawlusyň günlerinde adamlar «bikanun adamyň» kimdigini bilmeýärdi
«Bikanun adam» (8-nji aýat)—Häzirki hristian dünýäsi
«Halypamyz Isa gelendigini aýan edip,.. (bikanun adamy) ýok eder» (8-nji aýat)—Isa Ýehowanyň Şeýtanyň dünýäsine, şol sanda «bikanun adama» çykaran hökümini amala aşyryp, özüniň gökde Patyşa bellenendigini aýan eder
Şu aýatlar bizi hoş habary yhlasly we gaýragoýmasyz wagyz etmäge nädip höweslendirýär?