-
Ýehowa hemişe bil baglaň!Garawul diňi — 2015 | 15 aprel
-
-
2 Şol kyn döwürde Pawlus resul Rimde ikinji gezek tussag edildi. Mesihçiler ony goldarmy? Pawlus biraz biynjalyklanyp, Timoteosa şeýle ýazdy: «Ilkinji goranmamda tarapymy tutan bolmady, gaýtam, hemmeler meni taşlap gitdiler. Munuň hasaby olardan soralmasyn». Emma Pawlus özüniň goragsyz galmajakdygyny bilýärdi. Sebäbi öň Isa Mesih oňa gerekli goldawy beripdi. Pawlus: «Reb ýanymda durup, meni güýçlendirdi; şeýlelikde, arslanyň agzyndan gutuldym» diýdi (2 Tim. 4:16, 17)a.
3 Şol sebäpli Pawlus Ýehowanyň bu gezegem, gelejekde-de goldajakdygyna ynanyp: «Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutarar» diýdi (2 Tim. 4:18). Adamlar oňa gerekli kömegi berip bilmese-de, ol Ýehowanyň we Isanyň hemişe goldajakdygyna düşünýärdi.
-
-
Ýehowa hemişe bil baglaň!Garawul diňi — 2015 | 15 aprel
-
-
«ARSLANYŇ AGZY»
10—12. a) Agyr kesellän maşgala agzasynyň aladasyny edýän mesihçilere näme üçin kyn bolýar? b) Kynçylyklarda Ýehowa bil baglamaklyk onuň bilen dostlugymyza nähili täsir edýär? Mysal getiriň.
10 Käte biz agyr kynçylyga uçrap, özümizi Pawlus resul kimin «arslanyň agzynda» ýaly duýýandyrys. Şeýle ýagdaýlarda Ýehowa bil baglamak kyn bolsa-da, bu örän wajyp. Aýdaly, dogan-garyndaşlaryňyzdan biri agyr keselleýär we siz onuň aladasyny etmeli bolýarsyňyz. Siz muňa döz gelmek üçin eliňizde baryny edip, Hudaýdan akyldarlyk we güýç dileýärsiňizb. Allatagalanyň sizi görýändigini we ýagdaýyňyza düşünýändigi barada oýlansaňyz, kalbyňyz rahat bolar. Ýehowa size wepaly galmaga we çydamly bolmaga kömek eder (Zeb. 32:8).
-
-
Ýehowa hemişe bil baglaň!Garawul diňi — 2015 | 15 aprel
-
-
a Pawlus resulyň «arslanyň agzyndan gutulmagy» göni ýa-da göçme manyda bolmagy mümkin.
-