Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowanyň halky ýamanlykdan gaça durýar
    Garawul diňi — 2014 | 15 iýul
    • 9. I asyrda biderek hem düşnüksiz çekişmeler mesihçilere nähili täsir edýärdi?

      9 Hudaýyň Sözünde her dürli ýamanlykdan gaça durmak ýa-da ony inkär etmek babatda aýratyn maslahatlar bar. Meselem, 2 Timoteos 2:19-njy aýadyň kontekstinde Pawlus Timoteosa «söz dawalaryndan» we «boş sözlerden» gaça durmagy ündedi (2 Timoteos 2:14, 16, 23-nji aýatlary okaň). Ýygnagyň käbir agzalary ýalan taglymatlary öňe sürýärdiler, käbirleri şübheli düşünjelere ynanýardylar. Mukaddes Ýazgylara gabat gelmedik pikirler sebäpli dawa turýardy. Netijede, dawa, jedel bilen ýygnagyň agzybirligi bozulýardy. Şol sebäpli Pawlus biderek hem düşnüksiz çekişmelerden çekilmegiň wajypdygyny nygtady.

      10. Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän taglymatlar babatda haýsy maslahata eýermeli?

      10 Şu günler Ýehowanyň halky ýygnakda imandan dänenlere köp duş gelmeýärler. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk taglymatlar ýüze çykanda, biz olardan çürt-kesik ýüz öwürmeli. Şeýle taglymatlary öňe sürýän adamlar bilen Internet ýa-da başga usul arkaly öz düşünjäňi subut etmeklik akylsyzlyk bolardy. Hatda biz olara kömek etmek niýeti bilen-de gürrüňdeş bolsak, Mukaddes Ýazgylaryň ýokarda agzalan öwüt-ündewine garşy çykdygymyz bolar. Ýehowanyň halky imandan dänenleriň taglymatyny doly inkär edip, olardan gaça durýarlar.

      Imandan dänenler bilen gürrüňdeş bolmakdan gaça duruň (10-njy abzasa serediň)

      11. Biderek hem düşnüksiz çekişmeleriň döremegine näme sebäp bolup biler we ýygnak ýaşululary nähili görelde görkezýär?

      11 Ýygnagyň agzybirligini diňe bir imandan dänen adamlar däl, eýsem, başga zatlar hem bozýar. Meselem, göwün açmak babatda dogan-uýalaryň pikirleri dürli-dürli bolup, biderek hem düşnüksiz çekişmeleri döretmegi mümkin. Elbetde, kimdir biri Ýehowanyň ahlak kadalaryna garşy gelýän göwnaçmany saýlasa, onda ýygnak ýaşululary dawalardan gaça durjak bolup, oňa biparh garamaz (Zeb. 11:5; Efes. 5:3—5). Emma ýaşulular şahsy meselelere goşulmaly däl. Olar «Hudaýyň sürüsine... gözegçilik ediň. Olara... özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly däl-de, sürä görelde boluň» diýen maslahata eýerýärler (1 Pet. 5:2, 3; 2 Korintoslylar 1:24-i okaň).

  • Ýehowanyň halky ýamanlykdan gaça durýar
    Garawul diňi — 2014 | 15 iýul
    • 13 Ýokarda agzalan prinsipler diňe bir göwün açmak meselesine degişli däl. Egin-eşik, daş keşp, saglyk, iýip-içmek we başga-da şahsy meseleler sebäpli çekişme döräp biler. Eger Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri bozulmasa, onda mesihçi jedel edip, öz sözüni gögertmekden gaça dursa, paýhasly bolar. Sebäbi «Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmalydyr» (2 Tim. 2:24).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş