-
Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriňGarawul diňi — 2018 | Ýanwar
-
-
3. 2 Timoteos 3:2—5-nji aýatlarda agzalýan häsiýetler kimlere degişli?
3 Pawlus resul: «Soňky günlerde juda kyn döwür bolar» diýip ýazdy. Soňra şu günler adamlaryň görkezýän 19 sany erbet häsiýetleri ýa-da garaýyşlary barada agzady. Injiliň başga kitabynda bolmasa-da, şoňa meňzeş häsiýetlere Rimliler 1:29—31-nji aýatlarda hem duş gelse bolýar. Emma Timoteosa ýazan ikinji hatynda ol bu häsiýetleri dürli sözleri ulanyp, has giňişleýin düşündirýär. Pawlus Hudaýa ýaramaýan häsiýetler barada agzanda, başda «adamlar» diýip aýdýar. Emma şeýle häsiýetleri hemme adamlar bildirmeýär. Mesihçileriň häsiýetleri olardan tapawutlanýar (Malaky 3:18-i okaň)a.
-
-
Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriňGarawul diňi — 2018 | Ýanwar
-
-
4. Siz ulumsy adamy nädip suratlandyrardyňyz?
4 Pawlus resul köpleriň özüni we puly söýjekdigini aýdandan soň, adamlaryň öwünjeň, tekepbir, gopbamsy boljakdygy barada ýazdy. Dogrudan-da, adamlar ukybyna, daş keşbine, baýlygyna we wezipesine buýsanyp, özlerini köplenç başgalardan ýokary tutýarlar. Olar özlerini öwüp, arşa çykarýarlar. Bir alym özüni ulumsylyga aldyran adam barada şeýle diýdi: «Onuň ýüreginde bir kiçijik seždegäh bar ýaly; ol hamala şoňa, ýagny öz-özüne sežde edýär». Käbirleriniň aýtmagyna görä, ulumsylyk şeýle bir ýakymsyz zat welin, ony hatda tekepbir adamlaryň özlerem halamaýar.
-
-
Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriňGarawul diňi — 2018 | Ýanwar
-
-
8. a) Şu günler ene-ata gulak asmazlyga nähili garaýarlar? b) Mukaddes Ýazgylarda çagalara nähili tabşyryk berilýär?
8 Pawlus resul soňky günlerde ýaşaýan adamlaryň biri-birlerine bolan garaýşyny beýan edip, çagalaryň ene-atasyna gulak asmajakdygy barada ýazdy. Köplenç bu häsiýet kitaplar, filmler, telegepleşikler arkaly täsir edip, iň wajyp zat bolan agzybirligi gowşadýar. Şeýle ýagdaýa öňem duş gelse bolýardy. Meselem, gadymy Gresiýada adam ene-atasyna el galdyrsa, ony halkyň arasyndan kowup çykarmalydy; rimlileriň kanunynda bolsa ataňa el galdyrmak, edil adam öldüren ýaly hasaplanýardy. Ýewreý we Grek ýazgylarynyň ikisinde-de çagalara ene-atasyna hormat goýmalydygy barada tabşyryk berilýär (Müs. çyk. 20:12; Efes. 6:1—3).
-
-
Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriňGarawul diňi — 2018 | Ýanwar
-
-
10, 11. a) Adamlaryň bir-birine bolan söýgüsiniň sowandygy nämeden görünýär? b) Mesihçiler imandaşlaryny nädip söýmeli?
10 Pawlus adamlaryň biri-birine bolan söýgüsiniň sowandygyny görkezýän başga-da erbet häsiýetleri agzaýar. «Ata-enesine gulak asmaýan» diýen sözlerden soň, «gadyr bilmez» diýilýär. Bu başgalaryň edýän ýagşylygyna minnetdarlygyny ýitiren adamlaryň garaýşyny gowy suratlandyrýar. Şeýle-de adamlaryň «biwepa» boljakdygy aýdylýar. Olar başgalar bilen parahat gatnaşykda bolmak üçin asla «eglişik etmek» islemeýärler. Olar Hudaýa «dil ýetirýän» we «dönük» adamlar hökmünde tanalýarlar, sebäbi adamlara-da, Hudaýa-da kemsidiji sözleri aýdýarlar. Pawlus adamlaryň abraýyny dökmek üçin olar hakda erbet zatlary ýaýradýan «töhmetçileriň»b boljakdygyny-da belläp geçdi.
-