-
Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriňGarawul diňi — 2018 | Ýanwar
-
-
9. Ýaşlara ene-atasyna gulak asmaga näme kömek eder?
9 Çagalar ene-atasynyň olar üçin eden zatlary hakda oýlansalar, giňden ýaýran gulak asmazlyk ruhunyň täsirine düşmekden özlerini gorap bilerler. Şeýle-de ählimiziň Atamyz bolan Hudaýyň gulak asmagymyzy talap edýändigine düşünsek, olara bolan minnetdarlygymyz artar. Ýaşlar ene-atasy hakda gowy zatlary aýdyp, deň-duşlaryna öz ene-atasy hakda gowy pikirde bolmaga kömek edip bilerler. Elbetde, ene-atalar söýgi bildirmese, çagalaryna olara ýürekden gulak asmak kyn bolup biler. Ýöne ýaşlar gulak asmazlygyň täsirine düşse-de, ene-atasynyň olary ýürekden söýýändigini duýsa, olara hormat goýup biler. Ostin şeýle diýýär: «Men köplenç nädogry işleri etmek islesem-de, enem-atam hemişe paýhasly görkezme berýärdi we goýýan düzgünleriniň sebäbini düşündirip, açyk gürrüňdeşlik edýärdi. Bu maňa gulak asmagy öwrenmäge kömek etdi we men olaryň hakykatdan aladamy edýändigini duýdum. Şeýdip, olara ýaramly ýaşamak islegim has-da artdy».
10, 11. a) Adamlaryň bir-birine bolan söýgüsiniň sowandygy nämeden görünýär? b) Mesihçiler imandaşlaryny nädip söýmeli?
10 Pawlus adamlaryň biri-birine bolan söýgüsiniň sowandygyny görkezýän başga-da erbet häsiýetleri agzaýar. «Ata-enesine gulak asmaýan» diýen sözlerden soň, «gadyr bilmez» diýilýär. Bu başgalaryň edýän ýagşylygyna minnetdarlygyny ýitiren adamlaryň garaýşyny gowy suratlandyrýar. Şeýle-de adamlaryň «biwepa» boljakdygy aýdylýar. Olar başgalar bilen parahat gatnaşykda bolmak üçin asla «eglişik etmek» islemeýärler. Olar Hudaýa «dil ýetirýän» we «dönük» adamlar hökmünde tanalýarlar, sebäbi adamlara-da, Hudaýa-da kemsidiji sözleri aýdýarlar. Pawlus adamlaryň abraýyny dökmek üçin olar hakda erbet zatlary ýaýradýan «töhmetçileriň»b boljakdygyny-da belläp geçdi.
-
-
Ýehowa gulluk edýän we etmeýän adamlaryň arasyndaky tapawuda üns beriňGarawul diňi — 2018 | Ýanwar
-
-
b «Töhmetçi» ýa-da «myjabatçy» diýen grek sözi Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan diabalos sözünden gelip çykyp, Hudaýa zalymlyk bilen töhmet atan Şeýtanyň tituly hökmünde ulanylýar.
-