Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Mukaddes Kitabyň näme peýdasy bar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 1-nji sapak. Mukaddes Kitap

      1-NJI SAPAK

      Mukaddes Kitabyň näme peýdasy bar?

      Häzir kynçylyk çekmeýän, gelejegini alada etmeýän adam ýok bolsa gerek! Köp adamlara maşgalasyny eklemek kyn. Köpler bolsa hakyky bagty gözleýärler. Belki, sen hem şeýle zatlary alada edýänsiň. Seni biynjalyk edýän zatlar Mukaddes Kitapda düşündirilýär hem-de peýdaly maslahatlar bar. Şol maslahatlar saňa uly kömek eder.

      1. Mukaddes Kitapda haýsy soraglara jogap berilýär?

      Mukaddes Kitapda şeýle wajyp soraglara jogap berilýär: ýaşaýyş nädip döredi? Adamlar näme üçin ýaradyldy? Bigünä adamlar näme üçin kynçylyk çekýär? Adam ölensoň, oňa näme bolýar? Ähli halklar parahat ýaşamak islese-de, näme üçin uruş köp? Gelejekde ýer ýüzi nähili bolar? Millionlarça adamlar şol soraglara jogap tapdylar. Sen hem Mukaddes Kitapdan öz soraglaryňa jogap tapyp bilersiň.

      2. Mukaddes Kitap durmuşda nädip kömek edýär?

      Mukaddes Kitapda gowy maslahatlar berilýär. Mysal üçin, sen maşgalany bagtly etmegi, kynçylyklary çözmegi hem-de höwes bilen zähmet çekmegi öwrenersiň. Mukaddes Kitapdan başga-da köp zatlary bilersiň. Şonda «mukaddes kitaplaryň ählisiniň... peýdalydygyna» göz ýetirersiň (2 Timoteos 3:16).

      Şu kitap saňa Mukaddes Kitaby has gowy öwrenmäge kömek eder. Şonuň üçin her sapakda berlen aýatlary okap, öwrenen zatlaryň bilen baglanyşygyna düşünjek bol.

      SÖHBETDEŞLIK

      Mukaddes Kitabyň adamlara kömek edişini bileris, gyzykly edip okamagy öwreneris we mugallym bilen öwrenmegiň peýdasyna serederis.

      3. Mukaddes Kitap ýol görkezýär

      Mukaddes Kitap çyra ýaly, ýörejek ýolumyzy görkezýär. Ol bize dogry kararlara gelmäge we gelejegi bilmäge kömek edýär.

      Zebur 119:105-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Şu sözleri ýazan adam Mukaddes Kitaby näme üçin gowy görýärdi?

      • Sen Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyň?

      Eli çyraly adam kölüň ýakasyndan ýöräp barýar.

      4. Mukaddes Kitapda wajyp soraglara jogap berilýär

      Bir aýal Mukaddes Kitapdan öz soraglaryna jogap tapdy. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Hiç haçan umydyňyzy ýitirmäň!» (1:48)

      • Şol aýaly nähili soraglar biynjalyk edýärdi?

      • Mukaddes Kitapdan okuw geçmek nähili peýda berdi?

      Mukaddes Kitap wajyp soraglaryň jogabyny gözlemäge höweslendirýär. Matta 7:7-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Mukaddes Kitapdan haýsy soraglaryňa jogap tapasyň gelýär?

      5. Mukaddes Kitaby gyzykly edip okap bilersiň

      Köp adamlar Mukaddes Kitaby gyzykly edip okaýarlar we köp zady öwrenýärler. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Mukaddes Kitaby okamak» (2:05)

      • Ýaşlar kitap okamaga nähili garaýarlar?

      • Olar Mukaddes Kitaby näme üçin höwes bilen okaýarlar?

      Mukaddes Kitaby okasaň, ýüregiň giňär we gelejege umydyň bolar. Rimliler 15:4-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Göwünlik berýän sözler hem-de wadalar hakda köpräk bilesiň gelýärmi?

      6. Mugallym Mukaddes Kitaba düşünmäge kömek eder

      Köp adamlar Mukaddes Kitaby diňe özbaşdak okaman, gaýtam mugallym bilen öwrenmegiň peýdalydygyna göz ýetirdiler. Resullar 8:26—31-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Mukaddes Kitaba düşünmek üçin näme etmeli? (30, 31-nji aýatlara serediň).

      Suratlar: 1) Filipus efiopiýaly adama Mukaddes Kitaby düşündirýär. 2) Ýehowanyň Şaýady iki çagaly aýal bilen Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik edýär.

      Efiopiýaly adama Mukaddes Kitaba düşünmek üçin kömek gerekdi. Şu günler hem köp adamlar Mukaddes Kitaby mugallym bilen öwrenmegiň peýdalydygyna düşündiler.

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Mukaddes Kitaby okamagyň peýdasy ýok».

      • Sen näme diýerdiň? Näme üçin?

      ESASY PIKIRLER

      Mukaddes Kitapda peýdaly maslahatlar bar, wajyp soraglara jogap berilýär, adamlara göwünlik hem umyt berilýär.

      Gaýtalamak

      • Mukaddes Kitapda nähili maslahatlar berilýär?

      • Mukaddes Kitapda haýsy soraglara jogap berilýär?

      • Mukaddes Kitapdan näme barada bilesiň gelýär?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Mukaddes Kitapdaky maslahatlar şu günler hem peýdaly.

      «Mukaddes Kitabyň maslahatlary hemişe peýdaly» («Garawul diňi» No. 1, 2018)

      Mukaddes Kitap çagalykdan utanjaň bolan adama kömek edýär.

      «Men indi bagtly» (2:53)

      Mukaddes Kitapdaky maslahatlar maşgalada-da peýdaly.

      «Maşgalany bagtly edýän 12 maslahat» («Oýanyň!» No. 2, 2018)

      Köpler dünýäniň hökümdarynyň kimdigini bilmeýär. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?

      «Mukaddes Kitaby öwrenmegiň näme peýdasy bar?» (3:14)

  • Mukaddes Kitap — Allanyň kitaby
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 1. Mukaddes Kitabyň Alladan gelendigini nireden bilýäris?

      Mukaddes Kitaby 40-a golaý adam takmynan 1 600 ýylyň dowamynda ýazdy. Ony b. e. öň 1513-nji ýyldan b. e. 98-nji ýylyna çenli dürli döwürde ýaşan adamlar ýazdy. Olaryň arasynda çopanlar, balykçylar, patyşalar bardy. Emma ondaky wakalar we pikirler özara baglanyşýar, sebäbi ony Hudaý ýazdyrdy (1 Selanikliler 2:13-i oka). Mukaddes Kitaby ýazan adamlar öz pikirlerini ýazmadylar. Olar «Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen pygamberlik etdiler»a (2 Petrus 1:21). Olar mukaddes ruhuň kömegi bilen, Hudaýyň pikirlerini ýazdylar (2 Timoteos 3:16).

  • Mukaddes Kitap — Allanyň kitaby
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 4. Mukaddes Kitabyň awtory

      WIDEONY görüň. Soňra 2 Timoteos 3:16-ny okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Mukaddes Kitaby kim ýazdyrdy?» (2:48)

      • Mukaddes Kitaby adamlar ýazsa-da, näme üçin oňa Hudaýyň Sözi diýilýär?

      • Hudaýyň öz pikirlerini adamlara ýazdyryp bilýändigine ynanýarmyň?

      Başlyk kätibine hat ýazdyrýar. Ol hem öz sözüni däl-de, başlygynyň aýdanlaryny ýazýar.

      Haty kätip ýazsa-da, ol başlygyň sözlerini ýazýar. Şonuň ýaly, Mukaddes Kitaby adamlar ýazsa-da, olar Hudaýyň habaryny ýazypdyrlar.

  • Mukaddes Kitap — Allanyň kitaby
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş