-
Markusyň «hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger»Garawul diňi — 2010 | 15 mart
-
-
B. e. 65-nji ýylynda Pawlus ikinji gezek Rimde tussaglykdaka, Timoteosy Efesosdan ýanyna çagyranda: «Markusy alyp gaýt» diýýär (2 Tim. 4:11). Diýmek, şol wagtlar Markus Efesosda ekeni. Eýsem, ol Pawlusyň çakylygyny kabul etmän, Timoteos bilen Rime giden däldir diýse bolarmy? Şol döwürde syýahat etmek kyn bolsa-da, Markus höwes bilen Pawlusyň ýanyna gidýär.
-
-
Markusyň «hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger»Garawul diňi — 2010 | 15 mart
-
-
«Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger»
Görşümiz ýaly, Markus Hoş habaryny Rimde ýazýar, emma onuň şähere gelmeginiň başga-da sebäbi bardy. Pawlusyň Timoteosa: «Markusy alyp gaýt» diýeni ýadyňyzdadyr. Pawlus Markusy näme üçin çagyrýar? Ol: «Hyzmatymy ýerine ýetirmekde maňa kömegi deger» diýdi (2 Tim. 4:11).
Bu aýat Markus barada köp zady aýan edýär. Injiliň hiç bir aýadynda onuň resul, ýolbaşçy ýa pygamber bolandygy barada aýdylmaýar. Ol gullukçydy, ýagny başgalara hyzmat edýärdi. Pawlusyň kyn günlerinde, ýagny ölüminiň öň ýanynda, oňa hut Markus ýaly hyzmatçy-da gerekdi.
-