«Gaýyş kitaplary getir»
PAWLUS RESUL ýokardaky sözler bilen missioner ýoldaşy Timoteosdan düýrlenen hamdan ýa-da deriden ýasalan käbir kitaplary getirmegi haýyş etdi. Bu nähili kitaplarka? Pawlusyň beýle diýmegine näme sebäp bolduka? Biz onuň haýyşyndan näme öwrenip bileris?
Pawlus resul şol sözlerini b. e. I asyrynyň ortalarynda ýazypdy. Şol döwürde Ýewreý Ýazgylarynyň 39 kitaby 22 ýa-da 24 kitaba bölünýärdi we olaryň köpüsi aýry-aýry kitaplar görnüşindedi. Professor Alan Millardyň aýtmagyna görä, şol kitaplar gymmat bolsa-da, «ortaça baý adamlar üçin elýeterlidi». Käbir adamlar kitaplaryň hiç bolman-da birini edinip bilýärdi. Meselem, hebeşli wezir «arabasynyň üstünde Işaýa pygamberi okap otyrdy». Ol hebeşleriň melikesi Kandakynyň ýanynda uly wezipe eýeleýärdi we onuň bütin hazynasyny dolandyrýardy. Diýmek, onuň Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryny edinmäge ýagdaýy bolandyr (Res. iş. 8:27, 28).
Pawlus resul Timoteosdan: «Geleňde Troasda Karpyň ýanynda goýup gaýdan donumy, kitaplary, ylaýta-da, gaýyş kitaplary getir» diýip haýyş etdi (2 Tim. 4:13). Bu Pawlusda birnäçe kitaplarynyň bolandygyny görkezýär. Pawlus Hudaýyň Sözüni ähli kitaplaryndan örän wajyp saýýardy. Bu aýatdaky «gaýyş» diýen söz babatda A. T. Robertson atly bir professor: «Hamdan ýasalan bu Köne Ähtiň kitaplary gamyşdan ýasalan kitaplardan has gymmatlydy» diýdi. Pawlus ýaşlygyndan Musanyň kanunyny öwreden we ähli adamlaryň hormatyny gazanan «Gamaliýeliň terbiýesini» alypdy. Şol sebäpli, Pawlus resulda hem Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplary bardy (Res. iş. 5:34; 22:3).
Mesihçiler kitaplary ulandylar
Emma köp adamlarda Mukaddes Ýazgylaryň kitaplary bolmandyr. Şol günler mesihçileriň köpüsi Mukaddes Ýazgylary nähili okap we diňläp bilerdi? Bu soragyň jogabyny Pawlus resulyň Timoteosa ýazan öňki hatyndan bilýäris. Ol: «Men barýançam, Mukaddes Ýazgylary ýygnaga okamak, öwüt-ündew etmek, öwretmek bilen meşgul bol» diýip ýazdy (1 Tim. 4:13). Musa pygamberiň döwründen bäri, Hudaýyň halkynda adat bolşy ýaly, Hudaýyň Sözi mesihçiler ýygnagynda hem jemagatyň öňünde okalýardy (Res. iş. 13:15; 15:21; 2 Kor. 3:15).
Mukaddes Ýazgylary ýok mesihçiler diňlär ýaly, ýygnak ýaşulusy hökmünde Timoteos ony sesli okamaga tagalla etdi. Elbetde, Hudaýyň Sözi ýygnakda okalanda, hemmeler ünsli diňleýärdi. Ata-eneler we çagalar ýygnakda okalan zatlar barada öýünde pikir alyşýardy.
Şol kitaplar uzyndy. Meselem, Duz deňziň golaýynda tapylan Işaýa kitabynyň golýazmasy 7,3 metr uzynlykdady. Kitabyň iki tarapy taýaga berkidilýärdi we aýawly saklanar ýaly daşlyk geýdirilýärdi ýa-da küýzä salynýardy. Kitaplar agyr bolany üçin mesihçileriň köpüsi olary wagza äkitmeýärdi. Hatda Pawlusda Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplary bolsa-da, missioner syýahatyna gidende, olary ýany bilen almandyr. Megerem, ol käbir kitaplary Troasly dosty Karpa goýan bolmaly.
Biz Pawlusdan näme öwrenip bileris?
Rimde ikinji sapar tussag edilen Pawlus resul gaýyş kitaplary getir diýip haýyş etmezden öň: «Men oňat söweş alyp bardym, ýaryşy bitirdim... Mundan beýläk, dogrulyk täji meniň üçin taýýar durandyr» diýip ýazýar (2 Tim. 4:7, 8). Ol bu sözleri imperator Neronyň yzarlaýan döwründe, takmynan b. e 65-nji ýylynda ýazypdy. Şol wagt türmäniň şertleri örän agyrdy. Ol tizden öldüriljegine düşünýärdi (2 Tim. 1:16; 4:6). Şol sebäpli, Pawlus kitaplarynyň özünde bolmagyny isleýär. Ol oňat söweş alyp barandygyny bilse-de, Hudaýyň Sözüni öwrenip, imanyny berkitmek isleýärdi.
Timoteos Pawlusyň hatyny alanda Efesde bolan bolmaly (1 Tim. 1:3). Ol Efesden Troasyň üsti bilen Rime barmak üçin takmynan 1 600 kilometr ýol geçmelidi. Şol hatynda Pawlus Timoteosa: «Gyşdan öň geljek bolup gaýrat et» diýýär (2 Tim. 4:21). Injilde Timoteosyň Rime Pawlusyň aýdan wagtynda barandygy hakynda hiç zat aýdylmaýar.
Pawlusyň «kitaplary ylaýta-da, gaýyş kitaplary getir» diýen haýyşyndan näme öwrenip bileris? Ol durmuşynyň iň agyr pursatlary hem Hudaýyň Sözüni küýseýärdi. Şol sebäpli, onuň hemişe ruhy taýdan oýa hem yhlasly bolup, köp adamlary ruhlandyryp bilendigine göz ýetirdiňmi?
Şu günler her birimizde Mukaddes Ýazgylaryň tutuşlygyna bardygy uly bereket! Käbir mesihçilerde Hudaýyň Sözüniň hatda dürli terjimeleri-de bar. Biz hem Pawlus resul ýaly Mukaddes Ýazgylara has çuňňur düşünmäge çalyşmaly. Pawlusyň Timoteosa ýazan ikinji haty, onuň ylham bilen ýazan 14 hatynyň iň soňkusydy. Ol haýyşyny hatynyň soňunda aýdýar. Hawa, Pawlusyň Timoteosa: «Kitaplary, ylaýta-da, gaýyş kitaplary getir» diýen sözleri soňky haýyşydy.
Sen hem Pawlus ýaly oňat söweş alyp barmagy ýüregiňe düwdüňmi? Sen ruhy taýdan oýa bolup, Ýehowa näçe islese, şonça-da wagyz işine gatnaşmaga taýýarmyň? Pawlus resulyň beren nesihatyna eýerseň gowy bolmazmy? Mukaddes Ýazgylary erjellik bilen yzygiderli öwrenip, «özüňe hem taglymata dykgat et». Sebäbi gadymy kitaplara garanyňda, häzir Hudaýyň Sözi her bir adama elýeterli we ony ulanmak has amatly (1 Tim. 4:16).