-
Ynsabyňyza görä hereket ediňGarawul diňi — 2007 | 15 oktýabr
-
-
Ynsabyňyza görä hereket ediň
«Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir» (TITUS 1:15).
1. Pawlus Giritdäki ýygnagyň işine nädip gatnaşdy?
PAWLUS resul üç sapar missioner syýahatynda bolandan soň tussag edildi. Ol Rimde iki ýyl türmede oturdy. Pawlus tussaglykdan boşandan soňra näme etdi? Ol Titus bilen Girit adasyna barýar. Pawlus Titusa: «Yza galan işleri düzeltmegiň, saňa buýruşym ýaly, her şäherde ýaşulular bellemegiň üçin... men seni Giritde goýup gaýtdym» diýýär (Titus 1:5). Titus bu ýumşy ýerine ýetirende, her hili ynsaply adamlara duş gelýär.
2. Titus Girit adasynda nähili kynçylyga duş gelýär?
2 Pawlus Titusa ýazan hatynda ýygnakdaky ýaşulular üçin talaplary sanap geçdi we ol ýerde «pitneçi, ýaňra we aldawçy köp adamlaryň bardygyny» aýtdy. Olar «öwredilmesiz zatlary öwredip, öýleri bütinleý ýykýardy». Titus «olara... käýemelidi» (Titus 1:10—14; 1 Timoteos 4:7). Pawlus aň düşünjeleri, ynsaplary «çirksiz» diýmek bilen, arassa eşigiň reňk bilen hapalanyşy ýaly olaryň hapalanandygyny görkezýär (Titus 1:15). Şol adamlaryň käbiri ýehudy bolany üçin «sünnetlenmegi» goldaýardylar. Şu günki ýygnaklarda şeýle garaýyşly adamalaryň täsiri bolmasa-da, biz Pawlusyň Titusa ynsap barada beren maslahatyndan köp zatlary öwreneris.
Ynsaby çirklenen adamlar
3. Pawlus Titusa ynsap barada näme ýazdy?
3 Pawlusyň ynsap barada aýdanlaryna üns bereliň. «Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir. Olar Hudaýy tanaýandyklaryny sözläp, edýän işleri bilen Ony inkär edýär». Şol günler olaryň käbiri «imanda sagdyn bolmaklary üçin» özgerişler etmelidiler (Titus 1:13, 14, 15, 16). Olaryň ynsaby nädogry terbiýelenendigi sebäpli, tämizligi hapalykdan tapawutlandyryp bilmeýärdiler.
4, 5. Mesihçileriň käbirinde nähili kemçilik bardy we bu olara nähili täsir edýär?
4 Mundan on ýyldan gowrak öň, Ýolbaşçylyk maslahaty mesihçilere sünnetlenmegiň hökman däldigi hakynda karara geldi we bu barada ýygnaklara duýduryldy (Resullaryň işleri 15:1, 2, 19—29). Emma Giritdäki käbir mesihçiler «sünnetlenmegi» goldaýardylar. Olar «öwredilmesiz zatlary öwredip», Ýolbaşçylyk maslahatyna garşy çykýardylar (Titus 1:10, 11). Olar nädogry garaýyşda bolup, iýmit we tämizlik baradaky däpleri, şeýle-de Isanyň günlerindäki ýehudylar ýaly kanundaky zatlaryň üstüne öz düzgünlerini goşup, ýehudy ertekilerini hem-de adamlaryň buýruklaryny goldan bolmaly (Markus 7:2, 3, 5, 15; 1 Timoteos 4:3).
5 Şeýle pikir olaryň garýşyna hem ynsabyna erbet täsir edýär. Pawlus resul: «Ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir» diýdi. Olaryň ynsaby şeýle gowşaýar welin, nähili hereket etmelidigine dogry görkezme berip bilmeýär. Emma şahsy meselede mesihçileriň gelýän karary beýlekileriňkiden tapawutlansa, olary höküm edýärler. Käbir giritliler tämiz zady hapa hasaplaýarlar (Rimliler 14:17; Koloseliler 2:16). Olar Hudaýy tanaýarys diýseler-de, edýän işleri bilen ony inkär edýärler (Titus 1:16).
«Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir»
6. Pawlus resul iki hili adamlar barada näme ýazdy?
6 Biz Pawlus resulyň Titusa ýazan hatyndan nähili peýda alyp bileris? «Tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir. Ýöne ýüregi çirkliler, iman getirmedikler üçin hiç zat tämiz däldir, olaryň aň-düşünjeleri, ynsaplary-da çirklenendir» diýilen sözleriň tapawutlygyna üns bereliň (Titus 1:15). Pawlus resul ahlak taýdan arassa mesihçiler üçin ähli zat tämiz we ähli zady etmäge rugsat berilýär diýmedi. Pawlus resul beýleki hatynda ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik we şunuň ýaly zatlar bilen meşgulanýanlaryň «Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny» anyk aýdypdy (Galatýalylar 5:19—21). Diýmek, Pawlus resul iki hili adamlar, ýagny ahlak we ruhy taýdan arassa hem-de arassa däl adamlar barada aýdýar.
-
-
Ynsabyňyza görä hereket ediňGarawul diňi — 2007 | 15 oktýabr
-
-
Dürli ynsap — dürli karar
9. Eger «bar zat tämiz» bolsa, onda ynsabyň näme ähmiýeti bar?
9 Pawlus «tämiz ýürekliler üçin bar zat tämizdir» diýeninde nämäni göz öňünde tutdy? Ol pikirini we ynsabyny Hudaýyň Sözündäki kadalara laýyk getiren mesihçileri göz öňünde tutdy. Şol mesihçiler köp zatlary Hudaýyň göni ýazgarmaýandygyny bilip, käbir meselede imandaşlaryň dürli pikirde bolup biljekdigine düşünýärler. Olar Hudaýyň ýazgarmaýan zatlaryny «arassa» hasaplap tankytlamaýarlar. Mukaddes Ýazgylarda göni görkezme berilmese, durmuşyň ähli meselelerinde hemmeleriň olaryňky ýaly pikirde bolmagyna garaşmaýarlar. Geliň, bu barada käbir mysallara seredeliň.
-