-
Siz «berk binýatly şähere» garaşýarsyňyzmy?Garawul diňi — 2020 | Awgust
-
-
Ybraýym pygamber Ýehowanyň beren wadalaryna iman edýändigini nädip görkezdi? (5-nji abzasa serediň)
5. Ybraýym pygamber Hudaýyň wada beren «şäherine» garaşýandygyny nädip görkezdi?
5 Ybraýym «şähere», ýagny Hudaýyň berkarar eden Patyşalygyna garaşýandygyny nädip görkezdi? Ybraýym pygamber hiç bir patyşalygyň raýaty bolmady. Ol çarwa bolup ýaşady, bir ýerde mesgen tutmady, hiç bir halka goşulmady we öz patyşalygyny gurjak bolmady. Gaýtam ol Ýehowa gulak asyp, onuň wadasynyň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Şeýdip, Ybraýym Ýehowa berk iman edýändigini subut etdi. Geliň, Ybraýym pygamberiň nähili kynçylyklara döz gelendigi we onuň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.
-
-
Siz «berk binýatly şähere» garaşýarsyňyzmy?Garawul diňi — 2020 | Awgust
-
-
7. Ybraýym Ýehowanyň gorajakdygyna näme üçin ýürekden ynanmalydy?
7 Ybraýym özüni we bütin maşgalasyny Ýehowanyň gorajakdygyna ýürekden ynanmalydy. Näme üçin? Sebäbi Ybraýym bilen Bibisara gowy şertli Ur şäherinden gaýtmalydylar we Kengana gelip, çadyrda ýaşamalydylar. Indi olary ne beýik diwarlar, ne-de çuň ýaplar gorar. Duşmanlar Ybraýymyň we dogan-garyndaşlarynyň üstüne islendik wagty çozup bilýärdi.
8. Ybraýym nähili kynçylyga duşýar?
8 Ybraýym pygamber Ýehowanyň her bir tabşyrygyny ýürekden ýerine ýetirýärdi. Emma bir güni Ýehowanyň iberen ýurdunda güýçli açlyk başlanýar. Açlyk gün-günden güýjeýärdi we Ybraýym maşgalasyny halas etmek üçin Müsüre gitmeli bolýar. Olar Müsüre baranlarynda, faraon Bibisara aşyk bolup, oňa öýlenmek isleýär. Ol Bibisarany Ybraýymyň çadyryndan öz köşgüne getirdýär. Göz öňüne getiriň, Ýehowanyň faraona jeza berip, Bibisarany goýberdýänçä, Ybraýyma garaşmak nähili kyn düşendir (1 Mus. 12:10—19).
9. Ybraýymyň maşgalasynda nähili kynçylyk döreýär?
9 Ybraýymyň maşgalasynda hem kynçylyk döreýär. Söwer ýary Bibisara önelgesizdi. Olar ençeme ýyllap şu derdi çekmeli boldular. Ahyrsoňy, Bibisara gyrnagy Hajary Ybraýyma aýallyga berip, çaga dogurtmak isleýär. Hajar ogly Ysmaýyla göwreli bolýar we bikesi Bibisarany äsgermän başlaýar. Bibisara gyrnagyna azar ýamanyny berýär welin, Hajar öýden gaçyp gidýär (1 Mus. 16:1—6).
10. Ybraýym pygamber haýsy ýagdaýlarda Ýehowa ýürekden bil baglaýar?
10 Aý aýlanyp, ýyl geçýär. Bibisara göwreli bolup, ogul dogurýar we Ybraýym onuň adyna Yshak dakýar. Ybraýym Ysmaýyly-da, Yshagy-da janyndan eziz görerdi. Emma Ysmaýyl Yshagy kemsidip başlaýar, şonda Ybraýym Ysmaýyl bilen ejesini öýünden kowmaly bolýar (1 Mus. 21:9—14). Günlerde bir gün Ýehowa Ybraýym pygambere Yshak ogluny gurban etmegi tabşyrýar (1 Mus. 22:1, 2; Ýew. 11:17—19). Ol Ysmaýyly öýünden kowanda-da, Yshagy gurban bermeli bolanda-da, Ýehowa ýürekden bil baglaýar. Sebäbi ol Ýehowanyň ogullary babatda beren wadasynyň ýerine ýetjekdigine şübhelenmeýär.
11. Ybraýym näme üçin Ýehowa sabyrly garaşmalydy?
11 Ýehowa wadalaryny ýerine ýetirýänçä, Ybraýym ençeme ýyllap sabyrly garaşmalydy. 70 ýaşlaryndan geçen pygamber maşgalasy bilen Ur şäherinden çykyp gaýdýar (1 Mus. 11:31—12:4). Ol 100 ýyla golaý Kengan topragynda çadyrlarda ýaşaýar we göçüp-gonup ýöreýär. Pygamber 175 ýaşap dünýäden ötdi (1 Mus. 25:7). Emma Ybraýym Ýehowanyň wada eden ýurduny öz nesline berendigini görmedi. Ol garaşan «şäherini», ýagny Hudaýyň berkarar eden Patyşalygyny görmedi. Ýöne Mukaddes Kitapda Ybraýym pygamberiň «durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötendigi» aýdylýar (1 Mus. 25:8). Onuň durmuşy gaýgy-aladadan, kynçylykdan doly bolsa-da, Ýehowa berk iman edýärdi we Oňa sabyrly garaşýardy. Pygamber näme üçin çydamly boldy? Sebäbi Ýehowa Ybraýymy bütin ömrüne gorady we dosty boldy (1 Mus. 15:1; Işa. 41:8; Ýak. 2:22, 23).
-