Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Awgust sah. 1—6
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • AWGUST 5—11
  • AWGUST 12—18
  • AWGUST 19—25
  • AWGUST 26—SENTÝABR 1
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Awgust sah. 1—6

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

AWGUST 5—11

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 TIMOTEOS 1—4

«Hudaý bize gorkaklyk ruhuny bermedi»

w09 15/5 sah. 15, abz. 9

Ýaşlar, üstünligiňiz aýan bolsun

9 Pawlus Timoteosa kömek bermek üçin: «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç, söýgi, nebsiňe buýurma (sagdyn düşünje, TD) ruhuny berendir» diýip ýatlatdy (2 Tim. 1:7). Sagdyn düşünje paýhasly oýlanmagy we kyn ýagdaýlarda öz pikiriňe görä däl-de, ähli taraplaýyn seretmegi aňladýar. Ruhy taýdan berk bolmadyk käbir ýaş mesihçiler gorkudan hem kynçylyklardan gaçmak üçin, köp wagtyny telewizora seredip we uklap geçirýär, neşe çekip, spirtli içgileri içip, wagtyny hemişe dostlary bilen şadyýan geçirýär, ahlaksyz işleri edýär. Mesihçilere «Hudaýsyzlygy, dünýewi höwesleri ret edip... häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli, dogry we Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak» maslahat berilýär (Titus 2:12).

w03 1/3 sah. 9, abz. 7

«Dözümli we mert boluň!»

7 Pawlus resul Timoteosa: «Hudaý bize gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç... berdi. Halypamyz hakda gürrüň etmäge... utanma» diýip ýazdy (2 Timoteos 1:7, 8; Markus 8:38). Şu sözleri okanymyzda, özümize şeýle soraglary berip bileris: Men dini ynançlarym sebäpli utanýarynmy ýa-da batyrgaýlyk bilen wagyz edýärin? Işgärlerime ýa-da klasdaşlaryma Ýehowanyň Şaýadydygymy aýtdymmy ýa-da muny gizleýärinmi? Başgalardan tapawutlanmaga utanýarynmy ýa-da Ýehowanyň gullukçysydygyma buýsanýaryn? Eger kimdir biri hoş habary wagyz etmäge ýa-da il arasynda giňden ýaýramadyk ynançlary sebäpli utanýan bolsa, oňa Ýehowanyň Ýeşuwa: «Dözümli we mert bol!» diýen sözlerini ýatlat. Bir zady unutmaň: işdeşlerimiz ýa-da klasdaşlarymyzyň biz hakda näme pikir edýändigi wajyp däl-de, Ýehowa bilen Isa Mesihiň bize bolan garaýşy has wajyp (Galatýalylar 1:10).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w17.07 sah. 10, abz. 13

Hakyky baýlygy agtaryň

13 Timoteosyň hem imany berkdi. Ol «Mesih Isanyň gaýduwsyz esgeri» bolmaga çagyrylandan soň, Pawlus oňa: «Esger bolup gulluk edýän adam söwda-satyk işlerine baş goşýan däldir. Ol esgerlige kabul eden adamyň göwnünden turjak bolýandyr» diýdi (2 Tim. 2:3, 4). Şu günlerem Isanyň şägirtleri we şol sanda uzak wagtly gullugy ýerine ýetirýän wagyzçylar Pawlusyň maslahatyna eýermek üçin elinde baryny edýärler. Olar dünýäniň hödürleýän zatlaryndan el çekýärler, sebäbi Ýazgylarda: «Bergili karz bereniň hyzmatkäridir» diýilýär (Sül. tym. 22:7). Eger biz bar wagtymyzy we güýjümizi dünýäniň söwda-satyk işlerine sarp etsek, Şeýtan begener. Biz nädogry karara gelsek, ençeme ýyl bergide ýaşap, karz bereniň guly bolarys. Hökümetiň hasabyna karzyna jaý almak, ýokary okuw jaýynda tölegli okamak, gymmatbaha ulagy kredite almak, hatda uludan toý tutmak ýaly zatlar hem bergä batyrar. Biz durmuşymyzy sadalaşdyryp, bergi etmekden we artykmaç çykdajy etmekden gaça dursak, söwda-satyk işleriň däl-de, Hudaýyň guludygymyzy görkezeris (1 Tim. 6:10).

w14 15/7 sah. 14, abz. 10

Ýehowanyň halky ýamanlykdan gaça durýar

10 Şu günler Ýehowanyň halky ýygnakda imandan dänenlere köp duş gelmeýärler. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk taglymatlar ýüze çykanda, biz olardan çürt-kesik ýüz öwürmeli. Şeýle taglymatlary öňe sürýän adamlar bilen Internet ýa-da başga usul arkaly öz düşünjäňi subut etmeklik akylsyzlyk bolardy. Hatda biz olara kömek etmek niýeti bilen-de gürrüňdeş bolsak, Mukaddes Ýazgylaryň ýokarda agzalan öwüt-ündewine garşy çykdygymyz bolar. Ýehowanyň halky imandan dänenleriň taglymatyny doly inkär edip, olardan gaça durýarlar.

w14 15/7 sah. 13, abz. 3—7

Ýehowanyň halky ýamanlykdan gaça durýar

3 Geliň, Pawlus resulyň 2 Timoteos 2:19-da ýazan sözlerine seredeliň. Bu aýatda «Hudaýyň berk binasynyň durandygy» we onda iki sany möhürlenen sözleriň ýazylandygy aýdylýar. 1. «Reb Özüniňkileri tanaýandyr» diýen sözler Sanlar 16:5-den alnan bolmaly (1-nji makala serediň). 2. «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýen sözler barada bolsa, alymlar uzak wagtlap gyzyklanypdyrlar. Näme üçin?

4 Sebäbi bu sözleri Pawlus resul başga ýerden alan bolmaly. Ýöne olar Töwratda duş gelmeýär. Onda Pawlus nämä salgylanyp: «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýip ýazdyka? Geçen makaladan görşümiz ýaly, Pawlus resul Sanlar kitabynyň 16-njy babyna salgylanyp, Koranyň turzan pitnesini agzaýar. Ikinji möhürlenen sözleriň şol pitne bilen baglanyşygy barmy?

5 Mukaddes Ýazgylarda Koranyň Musa we Haruna garşy turzan pitnesine Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyramyň hem goşulandygy hakda aýdylýar (San. 16:1—5). Olar Musa göz-görtele garşy çykyp, Hudaýyň oňa beren ygtyýaryny inkär etdiler. Olar Ýehowanyň halkynyň arasynda ýaşaýandyklary üçin, Hudaýa wepaly adamlara ruhy taýdan zyýan ýetirýärdiler. Ýehowa wepaly gullukçylaryny pitneçilerden aýyl-saýyl etmegiň wagty gelende, aýdyň tabşyryk berdi.

6 Biz şeýle sözleri okaýarys: «Reb Musa: „Jemagata ýetir, goý, Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan daşrak çekilsinler“ diýdi. Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler. Onsoň Musa halka ýüzlenip: „Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz“ diýdi. Jemagat Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan uzaga çekildi» (San. 16:23—27). Ýehowa pitneçileriň ählisine ölüm jezasyny berdi. Emma wepaly gullukçylaryny, ýagny ýamanlykdan uzak duranlary halas etdi.

7 Elbetde, Ýehowa ýürekleri görýär. Ol wepaly gullukçylaryny tanaýar. Muňa garamazdan, olar erbet adamlardan aýrylmak üçin aýgytly hereket etmelidiler. Şol sebäpli Pawlus: «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýip ýazanda, Sanlar 16:5, 23—27-nji aýatlardaky sözlere salgylanan bolmaly. Hawa, Pawlusyň «Reb özüniňkileri tanaýandyr» diýen sözleri şeýle netijä gelmäge kömek edýär (2 Tim. 2:19).

AWGUST 12—18

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | TITUS 1—FILIMUN

«Ýygnak ýaşululary nädip bellenilýär?»

w14 15/11 sah. 28, 29

Okyjylaryň sowallary

Mukaddes Ýazgylarda olaryň nädip bellenendigi jikme-jik aýdylmasa-da, käbir görkezmeler berilýär. Pawlus bilen Barnabas ilkinji missioner gullugyndan öýlerine gaýdyp gelýärkäler, «her ýygnakda olara ýolbaşçylar saýlap, orazaly doga edip, olary iman eden Reblerine tabşyrdylar» (Res. iş. 14:23). Birnäçe ýyldan soň, Pawlus resul ýygnaklara bile aýlanan ýoldaşy Titusa şeýle ýazdy: «Yza galan işleri düzetmegiň, saňa buýruşym ýaly, her şäherde ýaşulular bellemegiň üçin, ine, şu sebäpden men seni Giritde goýup gaýtdym» (Titus 1:5). Pawlus resul bilen köp ýygnaklara aýlanan Timoteosa hem şeýle ygtyýar berlipdi (1 Tim. 5:22). Görşümiz ýaly, doganlary Iýerusalimdäki resullar we ýaşulular däl-de, aýlanýan gözegçiler belleýärdi.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Ýazgylardaky bu wakalary göz öňünde tutup, doganlary ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy edip bellemekde düzediş girizdi. 2014-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap doganlar şu tertip boýunça bellenilýär: Her bir aýlanýan gözegçi etrabynda teklip edilýän dogan baradaky hata ünsli seredýär. Ol ýygnaklary ideg edende, bu dogan bilen ýakyndan tanyşmak üçin, mümkin bolsa, wagza çykýar. Soňra ol ýygnagyň ýaşulular maslahaty bilen teklip edilýän dogan barada hata seredip, gürrüňdeş bolýar. Diýmek, aýlanýan gözegçiniň etrabyndaky doganlary ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy edip bellemek jogapkärçiligi bar. Şeýdip, jogapkär doganlar I asyrdaky ýaly bellenýär.

Doganlaryň jogapkärli borja bellenmegine kimler gatnaşýar? Bilşimiz ýaly, «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» öýdäki hyzmatkärleri ruhy iýmit bilen üpjün etmek jogapkärçiligi bar (Mat. 24:45—47). Munuň üçin olar mukaddes ruh arkaly Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirýärler. Şeýdip, olar bütin dünýädäki ýygnaklaryň guramaçylykly bolmagy üçin, Mukaddes Ýazgylara esaslanan peýdaly görkezmeleri berýärler. Şeýle-de sadyk hyzmatkär ähli etrap gözegçilerini we filial komitetiniň agzalaryny belleýär. Filiallar hem berlen görkezmelere nädip gowy eýerip boljakdygy babatda maslahat berýärler. Ýaşulular maslahaty ýygnakda jogapkärli borç almaga teklip edýän doganlarynyň Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna laýyk gelýändigine gowy göz ýetirmäge borçludyr. Etrap gözegçileriniň wajyp jogapkärçiligi bar. Olar ýaşulular tarapyndan teklip edilýän dogan barada hata ünsli seredip we doga edip, onuň talaba laýyk gelýändigine göz ýetirenden soň bellemeli.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w89 15/5 sah. 31, abz. 5

Okyjylaryň sowallary

Aslynda, Pawlus kritlilere garşy aýdylan erbet sözleri goldamaýardy we hiç kimi ala tutmaýardy. Pawlus Kritde Hudaýyň razylygyny gazanan we onuň mukaddes ruhy arkaly mesh edilen göreldeli mesihçileriň bardygyny bilýärdi (Resullaryň işleri 2:5, 11, 33). Ol ýerde täze ýygnak döretmek üçin wepaly mesihçiler ýeterlikdi. Şol mesihçiler bikämil bolsa-da, olar ýalançy ýa-da açgöz adamlar däldi; ýogsam olar Hudaýyň berekedini alyp bilmezdi (Filipililer 3:18, 19; Ylham 21:8). Şu günler hemme halklarda bolşy ýaly, gadymy Kritde hem ahlak kadalarynyň pese gaçandygyna gynanýan we hoş habara gowy seslenýän dogruçyl adamlar bardy (Ezekiýel 9:4; Resullaryň işleri 13:48-i deňeşdiriň).

w08 15/10 sah. 31, abz. 4

Titusa, Filimuna we Ýewreýlere ýazylan hatlardan peýdaly pikirler

15, 16. Näme üçin Pawlus Filimundan Onesimi azat etmegi haýyş etmedi? Pawlus Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek we (Halypamyz) Isa Mesih hakda öwretmek ýumşuny wepaly ýerine ýetirmek isleýärdi. Şonuň üçin gul baradaky sosial meselelere goşulmak islemeýärdi (Res. iş. 28:31).

AWGUST 19—25

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝEWREÝLER 1—3

«Dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigreniň»

w14 15/2 sah. 5, abz. 8

Şöhratly Patyşa Isa Mesihi garşylaň!

8 Isa 1914-nji ýylda gökde Patyşa boldy. Onuň «patyşalygynyň hasasy dogrulyk hasasydyr». Bu onuň adalatly we dogruçyl höküm sürjekdigini görkezýär. Isa Patyşa bolmaga hakly, sebäbi onuň tagty — Hudaýdyr, ýagny ony Ýehowa belledi. Isanyň tagty «ebedi hem mydamlykdyr». Biz Hudaýyň bellän Patyşasynyň ýolbaşçylygynda wagyz edýändigimize begenmeýärismi?!

w14 15/2 sah. 4, 5, abz. 7

Şöhratly Patyşa Isa Mesihi garşylaň!

7 Zebur 45:6, 7-nji aýatlary okaň. Isa dogrulygy çuňňur söýýändigi we Atasynyň halamaýan zatlaryny ýigrenýändigi üçin, Ýehowa ony Patyşa edip belledi. Isa «şatlyk ýagy bilen» mesh edilen ýoldaşlaryndan, ýagny Dawudyň neslinden bolan ýehudy patyşalaryndan has köp mesh edildi. Haýsy manyda? Birinjiden, Isany Ýehowanyň hut Özi mesh etdi. Ikinjiden, Ýehowa ony hem Patyşa, hem Baş ruhany edip belledi (Zeb. 2:2; Ýew. 5:5,6). Şeýle-de Isa ýag bilen däl-de, mukaddes ruh bilen mesh edildi we ol ýer ýüzünde däl-de, gökde höküm sürer.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Şekil»

Şekil

Isa Atasynyň şöhratyny hemişe kämil derejede görkezýärdimi?

Soňra ýer ýüzünde ynsan bolup doglan Hudaýyň ýeke-täk ogly Isa Atasynyň keşbidi (2Kr 4:4). Hudaý bu ýeke-täk Ogluna: «Indi Öz keşbimizde... ynsan ýaradaly» diýdi. Bu sözlerden görnüşi ýaly, Ogluň ýaradylany bäri, gökdäki Atasy, ýagny Ýaradyjymyz bilen meňzeşligi bardy (Gelç 1:26; Ýah 1:1—3; Kol 1:15, 16). Ol ýer ýüzünde kämil ynsan bolup ýaşanda, Atasynyň häsiýetlerini we onuň şahsyýetini ynsanyň başarnyklaryna laýyk kämil derejede görkezýärdi. Şol sebäpli ol: «Meni gören Atany-da görendir» diýip bildi (Ýah 14:9; 5:17, 19, 30, 36; 8:28, 38, 42). Emma Isa gökde ýaşamak üçin ruhy şahsyýet hökmünde direlende we gökdäki Atasy Ýehowa Hudaýdan «gökde we ýerde ähli ygtyýary» alanda, Oňa hasam meňzedi (1Pe 3:18; Mat 28:18). Hudaý Isany «juda beýgeldeni» bäri, ol Atasynyň şöhratyny ýere gelmänkä, gökde görkezeninden hem has köp aýdyň görkezýär (Flp 2:9; Ýew 2:9). Hawa, häzir Isa «(Hudaýyň) keşbini» kämil derejede görkezýär (Ýew 1:2—4).

it «Gök»

Gök

Zebur 102:25, 26-njy aýatdaky sözler Ýehowa Hudaýa degişli. Emma Pawlus resul bu aýatlary Isa Mesihe hem degişli edip ulandy. Sebäbi Hudaý älem-jahany ýeke-täk Ogly arkaly ýaratdy. Pawlus resul Ogluň ýaşaýşynyň ýaradylan zatlardan gaty tapawutlanýandygyny belläp geçýär. Pawlusyň aýtmagyna görä, Hudaý islese, ýaradylan zatlary «don kimin düýrläp», bir gyra taşlap bilýär, emma Ogul ebedi ýaşar (Ýew 1:1, 2, 8, 10—12; 1Pe 2:3-i deňeşdiriň).

AWGUST 26—SENTÝABR 1

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝEWREÝLER 4—6

«Hudaýyň dynçlyk ýerine girmek üçin eliňizde baryny ediň»

w11 15/7 sah. 24, 25, abz. 3—5

Hudaýyň dynçlygy näme?

3 Isanyň we birinji asyrdaky mesihçileriň döwründe ýedinji günüň dowam edendiginiň iki subutnamasy bar. Biz birinji subutnamany Isanyň duşmanlaryna aýdan sözlerinden bilýäris. Isa sabat güni adamlary sagaldany üçin, olaryň gahary gelýär. Olaryň pikiriçe, sabat güni sagaltmak günä, çünki Musanyň kanuny boýunça sabat güni işlenilmeýärdi. Isa olara: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör, Men hem işleýärin» diýdi (Ýahýa 5:16, 17). Onuň aýdan sözleri näme aňladýar? Bu «Men Atam bilen şol bir işi edýärin. Atam müňlerçe ýyl sabat güni zähmet çekdi we häzirem işleýär, şol sebäpli men hem sabat güni işleýärin» diýmegi aňladýar. Isanyň sözlerinden görnüşi ýaly, şol wagtam ýedinji gün, ýagny Hudaýyň ýerdäki ýaradyş işlerinden dynç alýan güni dowam edýärdi. Emma Ýehowa adamlar we ýer babatdaky niýetini amala aşyrmak üçin henizem işleýärdi.

4 Isanyň we birinji asyrdaky mesihçileriň döwründe ýedinji günüň dowam edendiginiň ikinji subutnamasy hem bar. Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda Hudaýyň dynçlygy barada aýtdy. Şol hatynyň 4-nji babynda Gelip çykyş 2:2-däki sözleri gaýtalamazdan öň, Pawlus: «Biz iman getirenler bu dynçlyga gireris» diýdi (Ýew. 4:3, 4, 6, 9). Diýmek, Pawlusyň döwründe-de ýedinji gün dowam edýärdi. Ýedinji gün haçan gutarar?

5 Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, Ýehowanyň ýedinji güni aýratyn maksat üçin saýlandygyny ýatlalyň. Gelip çykyş 2:3-de şeýle diýilýär: «Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde mukaddes etdi». Ýehowa şol güni ýer babatdaky niýetini tamamlamak üçin mukaddes etdi. Ol gulak asýan adamlaryň hemmesiniň ýer ýüzünde ýaşamagyny we ondaky ähli zatlaryň aladasyny etmegini isleýär (Gel. çyk. 1:28). Ýehowa Hudaý we «Sabat gününiň Rebbi» Isa Mesih Hudaýyň ýer babatdaky niýetini amala aşyrmak üçin «henize çenli işläp ýör» (Mat. 12:8). Diýmek, Hudaý niýetini amala aşyrýança, dynç güni dowam eder. Ol Isa Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda tamamlanar.

w11 15/7 sah. 25, abz. 6

Hudaýyň dynçlygy näme?

6 Hudaý Adam ata bilen How enä ýer babatdaky niýetini anyk düşündiripdi, emma olar oňa garşy çykdy. Adam ata bilen How eneden soň başga-da millionlarça adamlar hem Hudaýa gulak asmadylar. Hatda Hudaýyň halky ysraýyllylar hem öwran-öwran oňa garşy pitne turuzdylar. Pawlus döwürdeş mesihçilerine şol ysraýyllylar ýaly pitneçilikden ägä bolmagyny duýdurdy. Ol şeýle ýazdy: «Hiç kim olaryň pitnesinden görelde alyp ýykylmaz ýaly, ol dynçlyga girmek üçin gaýrat edeliň» (Ýew. 4:11). Pawlusyň sözlerinden görnüşi ýaly, pitneçi, ýagny gulak asmaýan adamlar Ýehowanyň dynçlygyna girmez. Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Eger biz hem Hudaýyň niýetine garşy gitsek, onda onuň dynçlygyna girip bilerismi? Bu soragyň jogabyny bilmek biziň üçin örän wajyp. Biz şu makalada muňa giňişleýin serederis. Ilki bilen, ysraýyllylaryň erbet mysalyna seredip, olaryň näme üçin Hudaýyň dynçlygyna girmändigini bileliň.

w11 15/7 sah. 28, abz. 16, 17

Hudaýyň dynçlygy näme?

16 Şu günler mesihçileriň hiç biri halas bolmak üçin Musanyň Kanunyny berjaý etmelidir öýtmeýär. Bu Pawlus resulyň efeslilere: «Siz iman arkaly merhemet bilen gutuldyňyz. Bu siziň öz tagallaňyz däl, Hudaýyň sylagydyr... oňat işlere-de bagly däldir» diýen sözlerinden aýdyň görünýär (Efes. 2:8, 9). Şeýlelikde, häzirki mesihçiler Hudaýyň dynçlygyna nädip girip biler? Ýadyňda bolsa, Hudaý dynçlyk gününi ýer ýüzi we gulak asýan adamlar babatda niýetini amala aşyrmak üçin saýlapdy. Ýehowa niýetini we bizden näme talap edýändigini guramasy arkaly aýdýar. Eger biz Ýehowa gulak asyp, onuň guramasy bilen işleşsek, Hudaýyň dynçlygyna gireris.

17 Emma sadyk hem akylly hyzmatkäre gulak asmasak ýa-da diňe özümiziň wajyp hasaplaýan zadymyzy etsek, onda Ýehowanyň niýetine garşy gitdigimiz bolar. Eger Ýehowanyň niýetine garşy gitsek, onuň dosty bolup bilmeris. Indiki makalada Hudaýa gulak asýandygymyzy görkezýän käbir ýagdaýlara serederis. Şol ýagdaýlarda gelýän kararlarymyz Hudaýyň dynçlygyna girjekdigimizi ýa-da girmejekdigimizi görkezýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w16.09 sah. 13

Okyjylaryň sowallary

Ýewreýler 4:12-de: «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir» diýilýär. Bu aýatdaky «Hudaýyň sözi» nämäni aňladýar?

▪ Konteksti göz öňünde tutsak, Pawlus resul Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň habary ýa-da niýeti barada aýdýar.

Biziň edebiýatlarymyzda köplenç Ýewreýler 4:12-däki sözler ulanylanda, Mukaddes Ýazgylaryň adama durmuşyny özgertmäge kömek edýändigi görkezilýär we bu örän ýerlikli. Emma Ýewreýler 4:12-däki sözleriň has giň manysy hem bar. Pawlus ýewreý mesihçilerini Ýewreý ýazgylarynda aýdylýan Hudaýyň niýetine görä ýaşamaga höweslendirýär. Munuň üçin Pawlus Müsürden çykan ysraýyllylary mysal getirýär. Olaryň «süýt we bal akýan baý toprakly ýurda» girmäge ajaýyp mümkinçiligi bardy. Ysraýyllylar ol ýerde hakykatdanam parahat ýaşap bilerdiler (Müs. çyk. 3:8; Kan. tag. 12:9, 10).

Şol döwürde Hudaýyň niýeti şundan ybaratdy. Emma wagtyň geçmegi bilen ysraýyllylaryň ýüregi gatap, imanyny ýitirdiler we köpüsi bu mümkinçiligini elden gidirdiler (San. 14:30; Ýeş. 14:6—10). Pawlus «Hudaýyň dynçlyk ýerine girmäge heniz hem mümkinçiligiň bardygyny» aýdýar (Ýew. 3:16—19; 4:1). Görşümiz ýaly, bu «wada» Hudaýyň niýetiniň bir bölegi hasaplanýardy. Ýewreý mesihçileri ýaly biz hem, Hudaýyň niýeti hakda okap, şoňa görä ýaşap bileris. Pawlus bu wadanyň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyny görkezmek üçin, Gelip çykyş 2:2-däki we Zebur 95:11-däki sözleri getirýär.

Hudaýyň dynçlyk ýerine girmäge heniz hem mümkinçiligiň bardygy» baradaky wada bizi-de gyzyklandyrmaly. Sebäbi biz Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan Hudaýyň dynçlyk ýerine girmegiň mümkindigine ynanýarys we oňa girmek üçin gerekli ädimleri ädýäris. Munuň üçin biz Musanyň kanunyny berjaý etjek ýa-da Ýehowanyň niýetine degişli bolmadyk zatlary edip, onuň razylygyny gazanjak bolmaýarys. Gaýtam, iman edip, Hudaýyň açýan niýetine görä ýaşamak üçin jan edýäris. Mundan başga-da ýokarda aýdylyşy ýaly, bütin dünýäde müňlerçe adamlar Mukaddes Ýazgylary okap, Hudaýyň niýetine görä ýaşamagy öwrenýärler. Olaryň aglabasy ýaşaýşyny özgertdiler, imanyny ösdürip, mesihçi boldular. Olar «Hudaýyň sözüniň diri hem täsirlidigini» subut etdiler. Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Hudaýyň niýeti biziň durmuşymyza täsir etdi we mundan beýläk hem täsir eder.

it «Umyt»

Umyt

Bu umyt gökde ebedi ýaşamak we çüýremezlik ruhuny almaga mümkinçiligi bolan «göge çagyrylan mukaddeslere» degişli (Ýew 3:1). Ol berk hem doly ynama mynasyp zada esaslanýar. Bu umyt iki zat, ýagny ýalan sözlemeýän Hudaýyň ant içip beren wadasy we Mesih bilen birlikde gökde çüýremezlik ruhuny almaga bolan umyt bilen tassyklanýar. Şonuň üçin hem bu umyt hakda şeýle diýilýär: «Bu umyt biziň ýaşaýşymyz üçin gämini saklaýan labyr kimindir. Ol bizi tutynyň aňyrsyna girmäge ynamly edýär we berkidýär. Oňa biziň üçin ilkinji bolup giren Isadyr. Ol Melkisedek ýaly ebedi baş ruhany bolandyr» (Ýew 6:17—20).

lv sah. 198, 199, abz. 7, 8

Özüňizi iň mukaddes imanyňyz arkaly berkidiň

7 Käbir adamlar Ýehowanyň kanunlary boýunça ömürboýy ýaşamak kyndyr öýdüp biynjalyklanýarlar. Olar Hudaýyň kanunyna görä ýaşap bilmerin diýip gorkýarlar. Eger sen hem şeýle pikir edýän bolsaň, şu sözler barada oýlanyp gör: «Men Ýehowa, seniň Hudaýyň, saňa peýdaly zatlary öwredýän, seni ýöremeli ýoluňdan alyp barýan Hudaýdyryn. Eger sen meniň tabşyryklaryma ünsli bolsadyň! Onda seniň parahatlygyň derýa kimin, dogrulygyň bolsa deňiz tolkunlary kimin bolardy» (Işaýa 48:17, 18, TD). Bu sözleriň nähili teselli berýändigi barada oýlanyp görüpmidiň?

8 Ýehowa bu sözler arkaly bize gulak asmagyň peýdasyny ýatladýar. Eger gulak assak, ol iki zady wada edýär. Birinjiden, biziň parahatlygymyz asuda, bol, tükeniksiz derýa ýaly bolar. Ikinjiden, dogrulygymyz bolsa deňiz tolkunlary kimin bolar. Deňziň kenarynda durup, tolkunlaryň yzly-yzyna urşuna syn edeniňde, olaryň hemişelikdigine düşünýärsiň. Sen tolkunlaryň kenara elmydama urlup durjagyny bilýärsiň. Ýehowa seniň dogrulygyň, ýagny dogry hereket etmek islegiň hem şeýle bolar diýýär. Oňa wepaly bolsaň, ol seni elmydama goldar! (Zebur 55:22-ni okaň). Şu tolgundyryjy wadalar Ýehowa we onuň dogry talaplaryna bolan imanyňy berkitmeýärmi?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş