Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 41-nji sapak. Erkek bilen aýal el tutuşyp dur.

      41-NJI SAPAK

      Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada näme diýilýär?

      Köp adamlar jynsy gatnaşyk barada gürrüň etmäge utanýar. Mukaddes Kitapda jynsy gatnaşyk barada açyk aýdylsa-da, okan adam özüni oňaýsyz duýmaýar, gaýtam köp zatlary öwrenýär, sebäbi olary Ýaradyjymyz Ýehowa ýazdyrdy. Eger şol maslahatlara eýersek, Hudaýy begendireris, häzirden bagtly ýaşarys.

      1. Ýehowa jynsy gatnaşygy ýazgarýarmy?

      Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi. Hudaý olaryň diňe bir çaga dünýä indermän, biri-birine ysnyşyp, mähir bildirip ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda-da: «Ýaşlygyňda öýlenen aýalyň bilen şatlan» diýilýär (Nakyllar 5:18, 19). Ýehowa är-aýalyň biri-birine wepaly bolmagyny talap edýär. Ýanýoldaşyna ikilik edýän adamlary ýigrenýär (Ýewreýler 13:4-i oka).

      2. Ahlaksyzlyk näme?

      Mukaddes Kitapda: «Ahlaksyzlar... Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» diýilýär (1 Korinfliler 6:9, 10). Mukaddes Kitapda grekçe «porneýa» sözi ahlaksyzlyk diýip terjime edilýär. «Porneýa» sözi 1) maşgala gurmadyk adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygya, 2) bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy hem-de 3) haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmegi aňladýar. Eger «ahlaksyzlykdan uzakda dursak», Ýehowany begendireris, kynçylyga uçramarys (1 Selanikliler 4:3).

      SÖHBETDEŞLIK

      Ahlaksyzlykdan gaça durmagy öwreniň. Şeýle-de ahlak taýdan arassa bolmagyň peýdalydygyny biliň.

      Ýusup Potifaryň aýalyndan gaçyp barýar. Potifaryň aýaly Ýusubyň eşigini tutup dur.

      3. Ahlaksyzlygy ýigreniň

      Hudaýy söýýän Ýusup atly ýaş ýigide bir aýal ahlaksyzlyk etmegi teklip edýär, ol çürt-kesik ýok diýýär. 1 Musa 39:1—12-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýusup näme üçin gaçyp gitdi? (9-njy aýada serediň).

      • Ýusubyň gaçyp gitmegi dogrumy? Näme üçin?

      Ýaşlar nädip Ýusupdan ahlaksyzlygy ýigrenmegi öwrenip biler? WIDEONY görüň.

      WIDEO: «Ahlaksyzlykdan gaç» (5:06)

      Ýehowa biziňem ahlaksyzlygy ýigrenmegimizi isleýär. 1 Korinfliler 6:18-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Haýsy ýagdaýlarda ahlaksyzlygyň duzagyna düşüp bileris?

      • Şeýle ýagdaýlarda nädip berk durup bilersiň?

      4. Synaga garşy durup bilersiňiz

      Ahlak taýdan arassa bolmak haýsy ýagdaýlarda kyn bolup biler? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Mukaddes Kitabyň kömegi bilen ahlak taýdan arassa boluň» (3:02)

      • Dogan käbir pikirleriň we hereketleriň biwepalyga eltip biljekdigine düşünende näme etdi?

      Käte Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän adamlara-da erbet zatlaryň pikirini etmezlik aňsat däl. Ahlaksyz zatlar hakda pikirlenip ýörmez ýaly näme etmeli? Filipililer 4:8-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Biz näme hakda pikirlenmeli?

      • Her gün Mukaddes Kitaby okamak, Ýehowanyň tabşyran işlerini etmek günä etmezlige nädip kömek edýär?

      5. Ýehowanyň kada-kanunlary bagtly edýär

      Ýehowa nämäniň bagtly edýändigini gowy bilýär. Ýehowa bize ahlak taýdan arassa bolmagy öwredýär we peýdasyny düşündirýär. Nakyllar 7:7—27-nji aýatlary okap ýa-da WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Akmak bolmaň» (9:31)

      • Haýsy ädimler ýaş ýigidi ahlaksyzlyga eltdi? (Nakyllar 7:8, 9-njy aýatlara serediň).

      • Nakyllar 7:23, 26-njy aýatlara görä, ahlaksyzlyk eden adam eden işiniň ajy miwesini dadýar. Ahlaksyzlyk etmesek nähili ýagdaýa düşmeris?

      • Ahlak taýdan arassa bolsak, biz nädip häzirden bagtly bolup bileris?

      Mukaddes Kitapda bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk ýazgarylýar. Käbir adamlar munuň bilen ylalaşman Hudaýy rehimsiz hasaplaýar. Ýöne Ýehowa adamlary söýýär, ebedi bagtly ýaşamagyny isleýär. Şonuň üçin biz Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermeli. 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Hudaý diňe bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy ýazgarýarmy? Başga nämeleri ýazgarýar?

      Hudaýy begendirmek üçin ählimiz häsiýetlerimizi, garaýyşlarymyzy üýtgetmeli. Munuň nähili peýdasy bar? Zebur 19:8, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowanyň ahlak kada-kanunlaryny dogry hasaplaýarsyňmy? Näme üçin?

      Suratlar: 1) Ýaş gyz gijeki klubda halaşýan ýigidiniň ýanynda gynanyp otyr, dostlary hem çilim çekip, spirtli içgileri içýärler. 2) Şol gyz Ýygnak jaýynda uýalar bilen begenip gürleşýär.

      Ýehowa köp adamlara ahlak taýdan arassa ýaşamagy öwretdi. Ol saňa-da kömek eder.

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Özi isleýän bolsa, jynsy gatnaşyk etmegiň nämesi erbet?!»

      • Sen näme diýerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi.

      Gaýtalamak

      • Näme zatlar ahlaksyzlyk hasaplanýar?

      • Ahlaksyzlygyň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli?

      • Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamagyň nähili peýdasy bar?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Hudaý är-aýalyň näme üçin nikadan geçmegini isleýär?

      «Mukaddes Kitapda nikadan geçmän ýaşaşmak barada näme diýilýär?» (Internet makala)

      Mukaddes Kitapda bir jynsdaky adamlaryň jynsy gatnaşygy ýazgarylsa-da, şeýle adamlary näme üçin ýigrenmeli däldigini bileliň.

      «Gomoseksualizm. Bu günämi?» (Internet makala)

      Hudaýyň ahlak kadalary bizi goraýar.

      «Oral (agyz arkaly) jynsy gatnaşyk etmek dogrumy?» (Internet makala)

      «Olar meni ýigrenmeýärdi» diýen makaladan bir adamyň durmuşynyň nädip üýtgändigini biliň.

      «Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär» («Garawul diňi» 1 aprel, 2011)

      a Şeýle-de oral (agyz), anal (täret deşigi) jynsy gatnaşygyny, ýanýoldaşy bolmadyk adamyň uýat ýerini sypalamagy öz içine alýar.

  • Mukaddes Kitapda maşgala guranlar we gurmadyklar barada näme diýilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 42-nji sapak. Durmuşa çykmadyk uýa bilen är-aýal kafede gülşüp-degşip otyrlar.

      42-NJI SAPAK

      Mukaddes Kitapda maşgala guranlar we gurmadyklar barada näme diýilýär?

      Köp adamlar bagtly bolmak üçin hökman maşgala gurmaly diýip pikir edýär. Gynansak-da, häzir maşgala guranlaryň köpüsi bagtly däl. Maşgala gurmadyklaryň arasynda bolsa bagtly adamlaram bar. Ýehowa maşgala guranlaryň hem, gurmadyklaryň hem bagtly bolup biljekdigini aýdýar.

      1. Maşgala gurmazlygyň nähili gowy taraplary bar?

      Mukaddes Kitapda: «Maşgala gurýan adam hem gowy edýändir, ýöne maşgala gurmaýan has gowy edýändir» diýilýär (1 Korinfliler 7:32, 33, 38-nji aýatlary oka). Maşgala gurmadyk adamlarda nähili mümkinçilikler bar? Olaryň ýanýoldaşy bolmansoň, köp zatlary etmäge wagty bolýar, aladasy az bolýar. Olar hatda kömek gerek ýere göçüp, Hudaý barada wagyz edip bilýär. Esasy zat bolsa, Ýehowa bilen has ýakyndan dostlaşmaga wagty köp bolýar.

      2. Nikaňy resmileşdirmegiň näme peýdasy bar?

      Maşgala gurmagyň hem gowy taraplary bar. Mukaddes Kitapda «ýeke bolanyňdan, iki bolanyň ýagşydyr» diýilýär (Nesihat 4:9). Esasanam, är-aýalyň ikisem Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşasa, hasam gowy bolýar. Är-aýal nikasyny resmileşdirende bir-birini söýjekdigini, hormat goýjakdygyny we gadyryny biljekdigini söz berýär. Olar nikadan geçmediklere garanyňda rahat ýaşaýarlar. Şeýle maşgalalarda çagalaram arkaýyn ulalýar.

      3. Ýehowa maşgalanyň nähili bolmagyny isleýär?

      Ilkinji maşgalany döredende Ýehowa: «Erkek adam ene-atasyny goýup, aýaly bilen biriger» diýdi (1 Musa 2:24). Ýehowa är-aýalyň biri-birini söýmegini, ömürlik bile ýaşamagyny isleýär. Ol diňe biwepalyk edilende aýrylyşmaga rugsat berýär. Ýanýoldaşy ikilik edende aýrylyşmalymy ýa-da aýrylyşmaly däldigini her kimiň özi çözýära (Matta 19:9). Ýehowa gullukçylaryndan bir aýalynyň ýa-da bir äriniň bolmagyny talap edýär (1 Timoteos 3:2).

      SÖHBETDEŞLIK

      Maşgala gursak-da, gurmasak-da bagtly bolmagy we Ýehowany begendirmegi öwreneliň.

      4. Ýekeligiň gadyryny biliň

      Isa käbir adamlaryň gökdäki Patyşalyk üçin maşgala gurmaýandygyny aýtdy (Matta 19:11, 12). Matta 4:23-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Isa öýlenmänsoň nämeleri edip bildi?

      Maşgala gurmadyk mesihçiler hem Isa ýaly köp işleri edip şatlyk tapyp bilýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Maşgala gurmadyklar» (3:11)

      • Maşgala gurmadyk mesihçileriň nähili mümkinçilikleri bar?

      Bilýäňizmi?

      Mukaddes Kitapda näçe ýaşyňda maşgala gurmalydygy aýdylmaýar, ýöne «ýaşlyk höwesleriň geçýänçä» garaşmak maslahat berilýär. Ýaş wagtyň höwesleriň güýçli bolýar, dogry karara gelmek kyn bolup biler (1 Korinfliler 7:36).

      5. Ýanýoldaş saýlanyňda howlukma

      Ýanýoldaş saýlamak wajyp kararlaryň biri. Matta 19:4—6, 9-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Mesihçi näme üçin maşgala gurmaga howlukmaly däl?

      Mukaddes Kitapda ýanýoldaş saýlanyňda nämä üns bermelidigi öwredilýär. Esasanam, Ýehowany söýýän adam bilen maşgala gurmalydygy aýdylýarb. 1 Korinfliler 7:39 we 2 Korinfliler 6:14-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Näme üçin diňe Ýehowa gulluk edýän adam bilen maşgala gurmaly?

      • Eger Hudaýy söýmeýän adam bilen maşgala gursak, Ýehowa nähili bolar?

      Bir boýuntyryga salnan öküz bilen eşek kösenýär.

      Öküz bilen eşegi bir boýuntyryga salsaň, ikisine-de agram düşer. Ýehowanyň gullukçysy hem iman etmeýän adam bilen maşgala gursa, köp kynçylyklar dörär.

      6. Maşgala ojagy mukaddesdir

      Geçmişde ysraýyllar bahana gözläp aýaly bilen aýrylyşýardylar. Melek 2:13, 14, 16-njy aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Mukaddes Kitaba esaslanman aýrylyşýanlary Ýehowa näme üçin ýigrenýär?

      Aýal äriniň öýden gidýändigine gynanýar, gyzy hem aglap ejesini gujaklaýar.

      Är ýa-da aýal biwepalyk edip aýrylyşsa, bigünä ýanýoldaşynyň we çagalarynyň ýüregine ýara salýar.

      WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      WIDEO: «Nika — Ömürlikdir» (4:30)

      • Ýanýoldaşyň Ýehowa gulluk etmeýän bolsa, maşgalaňy agzybir saklamak üçin näme edip bilersiň?

      7. Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýeriň

      Käbir adamlar Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin köpräk jan etmeli bolýarc. Ýehowa şeýle adamlara kömek edýär. WIDEONY görüň.

      WIDEO: «Ýehowanyň nika baradaky tabşyryklaryna eýeriň» (4:14)

      Ýewreýler 13:4-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak kynmy? Näme üçin?

      Ýehowa mesihçilerden maşgala gursa-da, aýrylyşsa-da, kanun taýdan resmileşdirmegi talap edýär. Titus 3:1-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Sen nikaňy kanun taýdan resmileşdirdiňmi?

      ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Nika gyýdyrdyk, ZAGS-dan geçmek nämä gerek?!»

      • Sen näme diýerdiň?

      ESASY PIKIRLER

      Ýehowanyň kömegi bilen maşgala gursaň-da, gurmasaň-da bagtly bolup bolýar. Munuň üçin Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly.

      Gaýtalamak

      • Maşgala gurmadyk adamlarda nähili mümkinçilikler bar?

      • Näme üçin Ýehowany söýýän adam bilen maşgala gurmaly?

      • Ýehowa diňe haýsy ýagdaýda aýrylyşmaga rugsat berýär?

      Maksat goýuň

      KÖPRÄK BILIŇ

      Näme üçin diňe «Halypamyzyň şägirdi» bilen maşgala gurmaly?

      «Okyjylaryň sowallary» («Garawul diňi» 1 iýul, 2004)

      Duşuşmak we maşgala gurmak barada dogry karara gelmäge kömek edýän wideony görüň.

      «Maşgala durmuşyna taýýarlyk» (11:53)

      Bir dogan ýitiren zadyndan has köp zat alandygyny gürrüň berýär.

      «Hakykata geler diýip umyt edýärdim» (1:56)

      Aýrylyşmazdan ýa-da aýry ýaşamazdan öň nämeler hakda oýlanmaly?

      «Hudaýyň döreden nikasyna hormat goýuň» («Garawul diňi» dekabr, 2018)

      a Biwepalyk etmedik ýanýoldaşy bilen aýry ýaşamak babatda 4-nji goşmaça maglumatda düşündirilýär.

      b Käbir medeniýetde çagalaryna ene-atalar ýanýoldaş saýlaýar. Şeýle ýagdaýda ene-atalar oglanyň ýa gyzyň baýlygyna we at-abraýyna gyzmaly däl. Olar Ýehowany ýürekden söýýän giýew ýa gelin saýlamaly.

      c Eger sen biri bilen ýaşaşýan bolsaň, nikadan geçmelidigini ýa-da arany kesmelidigini özüň çözýärsiň.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş