Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • «Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň»
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
    • «ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄN DOGANLARY» NÄME ÜÇIN UNUTMALY DÄL?

      9 «Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak assak» we ynansak özümize peýdaly. Pawlus resul muny şeýle düşündirdi: «Olar gije-gündiz aladaňyzy edýärler, sebäbi munuň üçin Hudaýyň öňünde hasabat bererler. Olara borjuny ahy-nala bilen däl-de, şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek ediň, ýogsam size zyýan ýeter» (Ýew. 13:17). Dogrudanam, ýolbaşçylyk edýän doganlaryň görkezmesine gulak asyp, tabyn bolmak örän wajyp, sebäbi olar Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmäge kömek edýärler.

      10 1 Korinfliler 16:14-de Pawlus resul: «Ähli işleri söýgi bilen ediň» diýdi. Söýgi häsiýeti Hudaýyň halkynyň peýdasy üçin karara gelmäge kömek edýär. 1 Korinfliler 13:4—8-nji aýatlarda söýgi häsiýeti şeýle düşündirilýär: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi göriplik etmeýär, öwünmeýär, tekepbirlik etmeýär, gödeklik etmeýär, öz peýdasyna çapmaýar, çalt gaharlanmaýar, ýalňyşlaryň hasabyny ýöretmeýär. Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata begenýär. Söýgi ähli zada döz gelýär, ähli zada ynanýar, ähli zada umyt edýär, ähli zada çydaýar. Söýgi hiç haçan gutarmaz. Emma pygamberlik edýänleriň we dürli dilde gepleýänleriň ukyby ýitip gider, bilim bolsa ýok bolar». Ýehowanyň halkyna ýolbaşçylyk edýän doganlaram bizi söýüp, aladamyzy edýändigi üçin paýhasly kararlara gelýärler. Şonuň üçin özümizi howpsuz we rahat duýýarys. Olaryň gelýän kararlaryndan Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigini hem görýäris.

      Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmäge kömek edýän doganlara tabyn bolmak örän wajyp

      11 I asyrdaky ýaly häzirem Ýehowa öz halkyna bikämil adamlar arkaly ýolbaşçylyk edýär. Geçmişde-de Ýehowa islegini amala aşyrmak üçin bikämil adamlary ulanýardy. Mysal üçin, Nuh pygamber gämi gurdy we şol döwürde boljak heläkçilik barada wagyz etdi (1 Mus. 6:13, 14, 22; 2 Pet. 2:5). Musa pygambere Ýehowanyň halkyny Müsürden alyp çykmak tabşyryldy (2 Mus. 3:10). Mukaddes Kitaby hem Hudaýyň ylhamy bilen bikämil adamlar ýazdy (2 Tim. 3:16; 2 Pet. 1:21). Ýehowanyň şu günlerem wagyz hem-de şägirt taýýarlamak işine bikämil adamlar arkaly ýolbaşçylyk etmegi Hudaýyň guramasyna ynamymyzy gaçyrmaýar. Gaýtam, guramada ägirt uly işleriň diňe Ýehowanyň kömegi bilen edilýändigini görüp, imanymyz has-da berkeýär. Wepaly hyzmatkär agyr synaglara duş gelse-de, hemişe Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýerýär. Ýehowanyň ýerdäki guramasyna bol bereket berýändigini öz gözümiz bilen görýäris. Şol sebäpli Ýehowanyň guramasyna janymyz-tenimiz bilen tabyn bolup, oňa doly ynanýarys.

  • «Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň»
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
    • 14 Biz guramanyň gelýän kararlaryna doly eýerip hem oňa ynanýandygymyzy görkezýäris. Munuň üçin biz jogapkär doganlaryň, meselem, etrap gözegçileriniň we ýygnak ýaşulularynyň görkezmesine pesgöwünlilik bilen eýerýäris. Olar hem biziň «aramyzda ýolbaşçylyk edýän doganlaryň» hataryna girýär. Şol sebäpli biz olara gulak asmaly we tabyn bolmaly (Ýew. 13:7, 17). Gelnen kararlaryň käbirine doly düşünmesek-de, olara gulak assak, özümize peýdaly bolar. Ýehowa-da Sözüne we guramasyna gulak asýandygymyz üçin ýalkar. Görkezmelere gulak asyp, Halypamyz Isa Mesihe tabyn bolýandygymyzy hem görkezýäris.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş