Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý
    Garawul diňi — 2008 | 15 dekabr
    • «Baş Ruhany»

      15. Isanyň Baş Ruhanylyk roly ondan öň baş ruhany bolup gulluk edenleriň ählisinden näme bilen tapawutlanýar?

      15 Geçmişde köp adamlar baş ruhany bolup gulluk etdiler, ýöne Isanyň Baş Ruhanylyk roly deňsiz-taýsyzdyr. Näme üçin? Pawlus muny şeýle düşündirýär: «Ol beýleki ruhanylar ýaly, her gün öňürti öz günäleri, soňra-da halkyň günäleri üçin gurban hödürlemäge mejbur däl. Çünki Ol Özüni hödürlemek bilen, muny bir gezekde bitirdi. Mukaddes Kanun ejiz adamlary baş ruhany edip belleýär, kanundan soň gelen ant sözi bolsa Hudaýyň hemişelik kämilleşdirilen Ogluny Baş Ruhany edip goýdy» (Ýew. 7:27, 28)b.

      16. Näme üçin Isanyň gurbany hakykatdan-da deňsiz-taýsyz?

      16 Isa kämil adamdy, ol Adam atanyň günäsiz ýagdaýyna doly laýyk gelýärdi (1 Kor. 15:45). Şol sebäpli Isa kämil, bütewi gurban getirip bilýän ýeke-täk ynsandy, çünki indi ýene-de gurban getirmek hökman däldi. Musanyň kanunynyň güýji barka, her gün gurban getirilmelidi. Emma bu gurbanlaryň ählisi we ruhanylaryň gullugy Isanyň gelejekde amala aşyrjak zatlarynyň diňe kölegesidi (Ýew. 8:5; 10:1). Şol sebäpli Isanyň Baş Ruhanylyk gullugynyň täsirligi we hemişeligi deňsiz-taýsyzdyr.

  • Hudaýyň niýetindäki Isanyň ajaýyp roluny gymmat saý
    Garawul diňi — 2008 | 15 dekabr
    • b Bir alymyň aýtmagyna görä, «bir gezekde» diýlip terjime edilen söz, Mukaddes Ýazgylardaky wajyp düşünjäni görkezýär we «Mesihiň çaklanylýan ölüminiň deňsiz-taýsyzdygyna hem-de bir gezek bolandygyna hiç hili şübhe döretmeýär».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş