-
Synaglara şatlyk bilen döz geliň!Garawul diňi — 2021 | Fewral
-
-
2 Käbirleri: «Heý-de, ursalar şatlanyp bolarmy?» diýmekleri mümkin. Ýöne Hudaýyň Sözünde biziň şatlanyp biljekdigimiz aýdylýar. Ýakup kitabynda kyn ýagdaýlarda ruhdan düşmän, şatlanmalydygy barada aýdylýar (Ýak. 1:2, 12). Isa pygamber hem «yzarlanlarynda... bagtlysyňyz» diýdi (Matta 5:11-i okaň). Kynçylyklara garamazdan şatlanar ýaly näme etmeli? Biz Ýakubyň I asyrdaky mesihçilere ýazan hatyndan köp zatlary öwrenip bileris. Geliň, ilki olaryň duş gelen kynçylyklary hakda bileliň.
I ASYRDAKY MESIHÇILER NÄHILI SYNAGLARA DÖZ GELDILER?
3. Ýakup Isanyň pygamberdigine iman eden döwri Iýerusalimde nämeler boldy?
3 Ýakup Isa pygamberiň süýtdeş doganydy. Iýerusalimde mesihçiler yzarlanyp başlanda, ol Isanyň pygamberdigine iman edipdi (Res. 1:14; 5:17, 18). Iýerusalimde ýaşaýan mesihçiler Stefanusyň öldürilendigini eşidip, Ýahuda, Samariýa, Kipre we Antakyýa gaçyp gitdiler (Res. 7:58—8:1; 11:19). Dogrudan-da, I asyrdaky mesihçileriň göreni görgi boldy. Ýöne olar nirä barsalar-da, hoş habary yhlasly wagyz edýärdiler. Şeýlelikde, Rim imperiýasynyň ähli ýerlerinde ýygnaklar döredi (1 Pet. 1:1). Ýöne kynçylyklar olaryň üstüne gara bulut kimin abanýardy.
4. I asyrdaky mesihçiler nähili kynçylyklara döz gelmeli boldular?
4 I asyrdaky mesihçiler ençeme kynçylyklara döz gelmeli bolýarlar. Meselem, b. e. 50-nji ýylynda imperator Klawdiý ähli ýehudylara Rimden çykmagy buýurýar. Şonda Isanyň şägirdi bolan ýehudylar hem Rimdäki öýüni taşlap gaýtmaly bolýar (Res. 18:1—3). B. e. 61-nji ýyllarynda Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda mesihçileriň halkyň öňünde masgaralanýandygyny, türmä basylýandygyny we emläginiň talanylýandygyny aýdypdy (Ýew. 10:32—34). Şeýle-de olaryň käbiri garypdy, keselden ejir çekýärdi (Rim. 15:26; Flp. 2:25—27).
-
-
Synaglara şatlyk bilen döz geliň!Garawul diňi — 2021 | Fewral
-
-
Ähli tarapy ýapyk çyranyň ýalnyny ýagyş ýa-da şemal söndürip bilmeýär. Şonuň ýaly Ýehowanyň berýän şatlygyny hem hiç bir kynçylyk söndürip bilmez (6-njy abzasa serediň)
6. Luka 6:22, 23-nji aýatlara görä, biz näme üçin kyn ýagdaýlarda-da şatlanýarys?
6 Köp adamlar: «Janym tut ýaly sag bolsa, baý bolsam, maşgalam agzybir bolsa, men dünýäde iň bagtly we şadyýan adam bolaryn» diýýärler. Ýöne Ýakup hakyky şatlygyň adamyň ýagdaýyna bagly däldigini aýdýar. Şatlyk Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesidir (Gal. 5:22). Mesihçiler nähili kynçylyklara duşsalar-da, Hudaýy razy edýärler we Isa pygamberiň göreldesine eýerip, ýürekden şatlanýarlar (Luka 6:22, 23-nji aýatlary okaň; Kol. 1:10, 11). Dogan-uýalaryň ýüregindäki şatlygy çyranyň ýalnyna meňzetse bolýar. Gadymy döwürde aýnaly çyralar ulanylypdyr. Çyranyň ähli tarapy ýapyk bolandygy üçin, ýagyş ýa-da şemal ýalny söndürip bilmändir. Şonuň ýaly keselçilik, pulsuzlyk, dogan-garyndaşlarymyzyň garşy çykmagy we üstümizden gülmegi ýüregimizdäki şatlygy söndürip bilmez. Biz näçe köp kynçylyga döz gelsek, ýüregimizdäki şatlyk şonça-da lowlap ýanar. Sebäbi kynçylyklarda biziň imanymyz has-da berkeýär we Isanyň hakyky şägirdidigimizi subut edýäris (Mat. 10:22; 24:9; Ýah. 15:20). Ýakup şeýle diýýär: «Dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň» (Ýak. 1:2).
-