«Sen diňe şatlanarsyň»
«Ýehowa baýram et... şonda sen diňe şatlanarsyň» (KANUNYŇ GAÝTALANYŞY 16:15).
1. a) Şeýtan nähili jedelli meseleleri orta atdy? b) Adam ata bilen How ene pitne turzanda Ýehowa nämäni öňünden aýtdy?
ŞEÝTAN Adam ata bilen Howa enäni Ýaradyjynyň garşysyna gidirip, iki wajyp jedelli meseläni orta atdy. Birinjiden, ol Ýehowa dogry we adalatly höküm sürmeýär diýdi. Ikinjiden, adamlar diňe öz bähbidi üçin Hudaýa gulluk edýär diýdi. Bu jedelli meseleler Eýýup pygamberiň döwründe has hem aýan boldy (Barlyk 3:1—6; Eýýup 1:9, 10; 2:4, 5). Emma Ýehowa ýagdaýy düzetmek üçin derrew hereket edip başlady. Ýehowa Adam ata bilen Howa enäni heniz Erem bagyndan kowmanka, meseläni nädip çözjekdigini öňünden aýtdy. Ol «nesliň» geljekdigini, soňra onuň topugynyň, Şeýtanyň bolsa başynyň tokmaklanjakdygyny aýtdy (Barlyk 3:15).
2. Ýehowa Barlyk 3:15-däki pygamberligi nädip kem-kemden düşündirdi?
2 Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa bu pygamberligiň doly ýerine ýetjekdigini başga welilikler arkaly kem-kemden düşündirdi. Meselem, Hudaý şol «nesliň» Ybraýymyň neslinden geljekdigini aýtdy (Barlyk 22:15—18). Ybraýymyň agtygy Ýakup on iki taýpaly Ysraýylyň atasy boldy. B. e. öň 1513-nji ýylda şol taýpalar halk bolanda, Ýehowa olara kanunlar ýygyndysy bilen birlikde ýylda geçirilmeli baýramçylyklary hem berdi. Pawlus resul şol baýramçylyklar «geljekki oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir» diýdi (Koloseliler 2:16, 17; Ýewreýler 10:1). Baýramçylyklar Ýehowanyň Nesil baradaky niýetiniň nädip ýerine ýetjekdigini görkezýärdi. Olary bellemek Ysraýyl halky üçin uly şatlykdy. Bu baýramçylyklara gysgaça seretsek, Ýehowanyň beren wadalaryna ynamymyz berkär.
Nesil gelýär
3. Wada edilen Nesil kim we onuň topugy nädip tokmaklandy?
3 Ýehowanyň aýdan ilkinji pygamberligi takmynan 4 000 ýyldan soň, wada edilen Nesliň gelmegi bilen berjaý boldy. Ol Nesil Isady (Galatýalylar 3:16). Kämil adam Isa tä ölýänçä aýypsyzlygyny saklap, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Şeýle-de Isa günäsiz bolany üçin onuň gurban eden janynyň bahasy örän gymmatdy. Şeýdip, Isa Adam ata bilen How enäniň wepaly neslini günäden we ölümden azat etdi. Isanyň pürsde öldürilmegi bilen wada edilen Nesliň «topugy tokmaklanyldy» (Ýewreýler 9:11—14).
4. Isanyň gurbanynyň nusgasy näme?
4 B. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda Isa öldürildia. 14-nji nisan ysraýyllylar üçin şatlykly gündi, sebäbi olar şol güni Pasha baýramyny belleýärdiler. Olar her ýyl Pasha güni maşgalasy bilen şikessiz guzynyň etini iýýärdiler. Şeýlelikde, bu baýramçylyk b. e. öň 1513-nji ýylyň 14-nji nisanynda ysraýylly nowbaharlarynyň halas edilmeginde, müsürli nowbaharlarynyň perişde arkaly öldürilmeginde guzynyň ganynyň ähmiýetlidigini Ysraýyl halkynyň ýadyna salýardy (Çykyş 12:1—14). Pasha guzusy Isanyň nusgasydy, ol barada Pawlus resul: «Pashalyk guzymyz Mesih-de gurban edilendir» diýdi (1 Korintoslylar 5:7). Pasha guzusynyň gany ýaly Isanyň gany-da köp adamlary halas eder (Ýahýa 3:16, 36).
Ölenleriň ilkinji miweleri
5, 6. a) Isa haçan direldi we onuň direlişi nädip Kanunda nusga hökmünde görkezildi? b) Isanyň direlmegi bilen Barlyk 3:15-däki pygamberlik nädip ýerine ýetmelidi?
5 Isa kämil ynsan ýaşaýşynyň bahasyny Atasyna gowşurmak üçin üç günden soň direldi (Ýewreýler 9:24). Onuň direlişi ýene bir baýramçylygyň nusgasydy. 15-nji nisanda Hamyrmaýasyz çörek baýramy başlanýardy. 16-njy nisanda bolsa ysraýyllylar arpanyň ilkinji hasylyndan — arpa Ysraýylda birinji ýetişýän ösümlikdi — bir dessäni ruhana berýärdiler, ol ony Ýehowanyň öňüne getirýärdi (Lewililer 23:6—14). B. e. 33-nji ýylynyň 16-njy nisanynda Ýehowanyň «dogruçyl we çyn güwäsini» hemişelik öldürjek bolan Şeýtanyň maksady başa barmady! Ýehowa hut şol güni Isany ruh boýunça direltdi (Ylham 3:14; 1 Petrus 3:18).
6 Isa «ölüleriň ilkinji miwesi bolup ölümden direldi» (1 Korintoslylar 15:20). Ondan öňki direlen adamlar soň ýene-de öldi, emma Isa ölmedi. Ol göge galdy, Ýehowanyň sag tarapynda oturyp, onuň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy bolmaga garaşdy (Zebur 110:1; Resullaryň işleri 2:32, 33; Ýewreýler 10:12, 13). Häzir bolsa Isa Patyşa, indi ol ganym duşmany bolan Şeýtanyň başyny hemişelik tokmaklap, onuň neslini-de ýok edip biler (Ylham 11:15, 18; 20:1—3, 10).
Ybraýymyň beýleki nesilleri
7. Hepdelik baýramy näme?
7 Erem bagyndaky wada edilen Nesil Isady we ol arkaly Ýehowa «iblisiň işlerini ýogaldar» (1 Ýahýa 3:8). Emma Ýehowa Ybraýyma «nesil» berjekdigini wada edende, onuň bir adamdan köp boljakdygyny aýtdy. Nesil «gökleriň ýyldyzlary ýaly, deňiz kenaryndaky çäge ýaly gaty köp» bolmalydy (Barlyk 22:17). «Nesliň» beýleki agzalarynyň döremegi ýene bir şatlykly baýramçylygyň nusgasydy. 16-njy nisandan elli günden soň, ysraýyllylar Hepdelik baýramy belleýärdiler. Kanunda şeýle diýildi: «Ýedinji hepdeden soň elli gün hasapla we täze galladan Ýehowa çörek sowgadyny getir; öýüňizden Ýehowa nobahar hökmünde ýefanyň ondan iki bölegini alyp, bugdaý unundan ajadylan iki çörek sowgat ediň»b (Lewililer 23:16, 17, 20).
8. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni nähili belli waka boldy?
8 Isa ýerde ýaşan mahaly Hepdelik baýramyna Pentikost baýramy diýýärdiler (grekçeden «ellinji» diýmegi aňladýar). Direlen baş ruhany Isa Mesih b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Iýerusalimde 120 şägirtden ybarat bolan kiçi topara mukaddes ruhy dökdi. Şeýlelikde, olar Hudaýyň mesh edilen ogullary we Isa Mesihiň doganlary boldular (Rimliler 8:15—17). Olar täze halk «Hudaýyň Ysraýyly» boldular (Galatýalylar 6:16). Ahyry bu kiçi toparyň sany 144 000 bolmalydy (Ylham 7:1—4).
9, 10. Pentikost baýramy nädip mesh edilen mesihçileriň nusgasydy?
9 Her Pentikost güni Ýehowa sowgat berilýän ajadylan iki çörek mesh edilen mesihçileriň nusgasydy. Ajadylan çöregiň maýasy mesh edilen mesihçileriň miras alan günäsini görkezýärdi. Muňa garamazdan, olar Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowa ýakynlaşyp bilýärler (Rimliler 5:1, 2). Näme üçin iki çörekdi? Hudaýyň mesh edilen ogullarynyň iki topardan, ýagny ýehudylardan we ýehudy dällerdendigini görkezýän bolmaly (Galatýalylar 3:26—29; Efesliler 2:13—18).
10 Pentikost güni hödürlenýän iki çörek bugdaýyň ilkinji hasylyndan getirilýärdi. Şoňa görä-de, mukaddes ruhdan doglan mesihçilere «Onuň mahluklarynyň ilkinji miwesi» diýilýär (Ýakup 1:18). Olaryň günäleri Isanyň döken gany arkaly birinji bagyşlanylýar, şonuň üçin olara gökde ömürlik ýaşamaga mümkinçilik berlip, Isa bilen onuň Patyşalygynda höküm sürerler (1 Korintoslylar 15:53; Filipililer 3:20, 21; Ylham 20:6). Olar tizden «[milletleri] demir taýagy bilen bakar» we Hudaýyň «şeýtany [olaryň] aýaklarynyň astynda mynjyratjakdygyny» görerler (Ylham 2:26, 27; Rimliler 16:20). Ýahýa resul şeýle diýdi: «Bular özlerini aýallar bilen hapalamadyklardyr, çünki bular päkdir. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýändir. Gutulanlaryň ilkinji miwesi hökmünde Hudaýa we Guza ynsanlar arasyndan satyn alnanlar bulardyr» (Ylham 14:4).
Azatlyk güni
11, 12. a) Günä tämizlenilýän gün näme edilýärdi? b) Öküz bilen geçilerden edilýän gurbanlaryň ysraýyllylar üçin näme ähmiýeti bardy?
11 Ysraýyllylaryň afinim (soňra Tişri diýip atlandyryldy)c aýynyň 10-unda belleýän baýramy Isanyň töleg gurbanynyň nähili peýda berjekdiginiň nusgasydy. Şol gün bütin halk Günäden Tämizlenilýän baýramy bellemek üçin ýygnanýardy we günäleri bagyşlanar ýaly gurban berilýärdi (Lewililer 16:29, 30).
12 Günäden tämizlenilýän güni baş ruhany ýaş öküzi öldürip, ganyny Iň Mukaddes Jaýdaky äht sandygyň öňünde ýedi günläp sepýärdi. Göçme manyda bu gan Ýehowa gurban berilýärdi. Bu gurban baş ruhany we «onuň öýi», ýagny ruhanylaryň we lewileriň günäsi üçin berilýärdi. Soňra baş ruhany iki geçini gurban getirýärdi. Olaryň biri «halkyň günäleri» üçin gurban berilýärdi. Onuň gany Iň Mukaddes Jaýdaky äht sandygyň öňünde sepilýärdi. Soňra baş ruhany ikinji geçiniň kellesine elini goýup, Ysraýyl ogullarynyň günäleri boýun alynýardy. Soňra ol geçini çöle goýberýärdi we göçme manyda ol halkyň günälerini alyp gidýärdi (Lewililer 16:3—16, 21, 22).
13. Günä tämizlenilýän günüň wakalary Isanyň Mesihiň roluny nädip görkezýärdi?
13 Bu gurbanlar Baş Ruhany Isanyň günäleri bagyşlamak üçin ulanjak ynsan ganynyň bahasynyň nusgasydy. Birinjiden, onuň gymmatly gany arkaly «ruhy öý» bolan 144 000 mesh edilen mesihçiler Ýehowanyň öňünde dogruçyl we sap hasaplanylýar (1 Petrus 2:5; 1 Korintoslylar 6:11). Öküz gurbany mesh edilen mesihçileriň nusgasydy. Şeýdip, olara gökde ölümsiz ýaşaýşa ýol açyldy. Ikinjiden, Mesihiň gymmatly gany oňa iman edýän millionlarça başga adamlar üçin ulanylar, geçi gurbany bolsa onuň nusgasydy. Olar Adam ata bilen How enäniň ýitiren ebedi ýaşaýşyny alarlar (Zebur 37:10, 11). Çöle goýberilen geçiniň ysraýyllylaryň günälerini göçme manyda alyp gidişi ýaly, Isanyň gany arkaly adamlaryň günäleri bagyşlanar (Işaýa 53:4, 5).
Ýehowada şatlanmak
14, 15. Ysraýyllylar Çatma baýramyny nädip belleýärdiler we bu olara nämäni ýatladýardy?
14 Ysraýyllylar Günä tämizlenilýän günden soň, ýewreý kalendary boýunça iň şatlykly baýramlaryň biri bolan Çatma baýramyny belleýärdiler (Lewililer 23:34—43). Baýramçylygy Afanim aýynyň 15-inden 21-ine çenli belleýärdiler, 22-sinde bolsa halk dabaraly ýagdaýda ýygnanyşyp baýramçylygy tamamlaýardylar. Bu baýramçylykda hasyl ýygymynyň tamamlanyşyny belleýärdiler we Hudaýyň eçen bol bereketi üçin minnetdarlyk bildirýärdiler. Şol sebäpli Ýehowa şeýle tabşyrdy: «Seniň Hudaýyň Ýehowa, ähli öndüren önümiňe we elleriň bütin işine bereket berer, şonda diňe şatlanarsyň» (Kanunyň gaýtalanyşy 16:15). Nähili şatlykly wagt bolandyr!
15 Ysraýyllylar baýramçylygyň ýedi gününi-de çatmada ýaşap geçirýärdiler. Bu olara çölde çatmada ýaşan wagtlaryny ýatladýardy. Baýramçylyk olara Ýehowanyň atalyk aladasy barada oýlanmaga uly mümkinçilik döredýärdi (Kanunyň gaýtalanyşy 8:15, 16). Ysraýyllylaryň ählisi, baýy-da, garyby-da birmeňzeş çatmada ýaşap, baýramçylykda olaryň deň hasaplanylýandygy ýatladylýardy (Nehemýa 8:14—16).
16. Çatma baýramy nämäniň nusgasydy?
16 Çatma baýramy şatlykly hasyl baýramy hasaplanylýardy we Isa Mesihe iman edýän adamlaryň şatlykly ýygymynyň nusgasydy. Bu ýygym b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň 120 şägirdi mesh edilende başlandy we olar «mukaddes ruhanylygyň» agzasy boldular. Ysraýyllylaryň çatmada ýedi gün ýaşaýşy ýaly, mesh edilenler hem bu hudaýsyz dünýäniň «mysapyrlary [wagtlaýyn ýaşaýjylary, TD]». Olar gökdäki Atasynyň ýanynda ýaşamaga umyt edýärler (1 Petrus 2:5, 11). Şu «soňky günlerde» mesh edilen mesihçileriň ýygymy tamamlandy, çünki 144 000 soňky agzalary ýygnanýar (2 Timoteos 3:1).
17, 18. a) Isanyň töleg gurbanyndan mesh edilenlerden başgalar hem bereket aljagyny näme görkezýär? b) Şu günki ýygymdan kim peýda alýar we bu ýygym haçan iň uly şatlykly derejesine ýeter?
17 Baýramçylygyň üýtgeşik ýeri 70 sany öküz gurban berilýärdi (Sanlar 29:12—34). 7-ini 10-a köpeltsek 70 bolýar, bu sanlar Mukaddes Ýazgylarda gögüň we ýeriň dolulygyny aňladýar. Diýmek, Nuhdan dörän 70 sany ynsan maşgalasynyň iman edýän nesilleri Isanyň töleg gurbanyndan peýda alarlar (Barlyk 10:1—29). Şonuň üçin şu günler ähli halkdan Isa iman edýän adamlar ýygnanýar we olaryň ýer ýüzünde jennetde ebedi ýaşamaga umydy bar.
18 Şu günki alnyp barylýan ýygym barada Ýahýa resul görnüş gördi. Ilki bilen, ol 144 000 mesh edilenleriň soňky möhürlenenlerini gördi. Soňra ol «hiç kimiň sanap bilmejek bir uly märekesiniň» Ýehowanyň we Isanyň öňünde duranyny gördi, olaryň «ellerinde bolsa hurma agajynyň pürleri bardy». Olar «agyr muşakgatdan çykyp» täze dünýä geçýärler. Olar hem bu zalym dünýäniň wagtlaýyn ýaşaýjylary we sabyrsyzlyk bilen «Guzynyň olary otlatjak, ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine eltjek» wagta garaşýarlar. Şonda «Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer» (Ylham 7:1—10, 14—17). Uly märeke bilen direljek adamlar Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda iman edip, ebedi ýaşaýşa ýetende, ýygymyň nusgasy bolan Çatma baýramy iň uly derejesine ýeter (Ylham 20:5).
19. Ysraýyl baýramçylyklaryny öwrenmegiň bize näme peýdasy bar?
19 Eger gadymy ýehudy baýramçylyklarynyň manysy barada oýlansak, biz hem «diňe şatlanarys». Ýehowanyň Erem bagynda aýdan pygamberliginiň nädip ýerine ýetmelidigini kem-kemden düşündirýändigini bilmek begendirýär we onuň ädimme-ädim ýerine ýetişini görmek örän tolgundyrýar. Biz häzir Nesliň gelendigini we onuň topugynyň tokmaklanandygyny bilýäris. Häzir ol gökde Patyşa. Onsoňam, 144 000 mesh edilenleriň köpüsi wepalylygyny tä ölýänçe bireýýäm subut etdiler. Olaryň galanlaryna näme bolar? Pygamberlik haçan doly ýerine ýeter? Muňa indiki makalada serederis.
a Nisan aýy häzirki gün senesi boýunça Nowruz ýa-da Gurbansoltan aýyna gabat gelýär.
b Bu sowgat getirilende ruhany iki sany ajadylan çöregi eline alyp, ýokaryk galdyryp, iki ýana galgadýardy. Bu Ýehowa sowgat hödürlemegi aňladýardy. Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden «Ýazgylara düşünmek» (Insight on the Scriptures, II tom, 528-nji sah. iňlisçe) atly kitabyna serediň.
c Afanim, ýagny Tişri aýy häzirki kalendar boýunça Ruhnama-Garaşsyzlyk aýyna gabat gelýär.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Pasha guzusy nämäniň nusgasydy?
• Pentikost baýramy haýsy ýygymyň nusgasydy?
• Günä tämizlenilýän günüň haýsy pygamberlik nusgalary Isanyň gurbanynyň peýdasyny görkezýärdi?
• Nädip Çatma baýramy mesihçileriň ýygymynyň nusgasydy?
Waka:
Nämäniň nusgasydy:
Pasha
Hamyrmaýasyz çörek baýramy (Nisan aýynyň 15—21-ne çenli)
Nisan 14
Nisan 15
Nisan 16
◀
50 gün
Pasha guzusy öldürilýär
Sabat güni
Arpa sowgady
Isa janyny gurban etdi
Isa direldi
▸
Hepdelik baýramy (Pentikost)
Siwan 6
Iki çörek sowgady
Isa mesh edilen doganlaryny Ýehowa hödürledi
Günäden tämizlenilýän gün
Tişri 10
Öküz we iki geçi gurban edilýär
Isa kämil janyny ähli adamlar üçin gurban etdi
Çatma baýramy (hasyl ýygymy, çadyr)
Tişri 15—21
Ysraýyllylar çatmada şatlanyp ýaşap, hasyl ýygymyny belläp, 70 öküz gurban berýärdiler
Mesh edilenleriň we «uly märekäniň» ýygymy