ÖWRENILÝÄN MAKALA 12
Haçan geplemeli?
«Dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» (Nes. 3:7).
124-NJI AÝDYM Hemişe wepaly bolalyň
MAZMUNYa
1. Nesihat 3:7-de näme maslahat berilýär?
BIZIŇ käbirimiz köp geplemegi gowy görýäris, käbirimiz bolsa dymmagy halaýarys. Şu makalanyň baş aýadynda geplemegiň öz wagtynyň, dymmagyň öz wagtynyň bardygy aýdylýar (Nesihat 3:7-ni okaň). Biz käbir dogan-uýalaryň köpräk geplemegini, käbiriniň bolsa azrak geplemegini isleýäris.
2. Haçan we nädip geplemelidigi hakda düzgün goýmaga kimiň haky bar?
2 Ýehowa geplemek ukybyny sowgat berdi (2 Mus. 4:10, 11; Ylh. 4:11). Hudaý öz Sözi arkaly beren sowgadyny dogry ulanmagy öwredýär. Şu makalada haçan gepläp, haçan dymmalydygyny bilmäge kömek edýän Mukaddes Kitapdaky wakalar hakda gürrüň ederis. Şeýle-de adamlara aýdýan sözümiziň Ýehowa nähili täsir edýändigini bileris. Ilki bilen, geliň, haçan geplemelidigi hakda bileliň.
HAÇAN GEPLEMELI?
3. Rimliler 10:14-e görä, biz haçan geplemeli?
3 Biz Ýehowa we onuň Patyşalygy hakda gürrüň bermäge hemişe taýyn bolmaly (Mat. 24:14; Rimliler 10:14-i okaň). Şonda Isa pygamberiň göreldesine eýereris. Ol Atasy barada hakykaty aýtmak üçin ýer ýüzüne geldi (Ýah. 18:37). Şeýle-de biz nähili äheňde aýdýandygymyza hem üns bermeli. Şol sebäpli Ýehowa barada «ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen» gürrüň bermeli; adamlaryň duýgusyny, ynanýan zatlaryny göz öňünde tutmaly (1 Pet. 3:15). Şonda diňe bir geplemek bilen çäklenmän, adamlara Alla hakda öwredip bileris, belki, ýüregine-de täsir ederis.
4. Nakyllar 9:9-a görä, dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?
4 Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara maslahat gerek bolanda dymmaly däl. Elbetde, dogan-uýalar oňaýsyz ýagdaýa düşmez ýaly, ýaşulular amatly wagty saýlamaly. Belki-de, olaryň ýanyndaky adamlaryň giderine garaşmaly bolarlar. Ýaşulular dogan-uýalaryň mertebesini peseltmän, hormat goýup geplemäge hemişe jan edýärler. Ýöne olar Mukaddes Kitap arkaly maslahat bermäge çekinmeýärler. Sebäbi şeýle maslahatlar dogan-uýalara paýhasly bolmaga kömek edýär (Nakyllar 9:9-y okaň). Näme üçin zerur wagty batyrgaýlyk bilen geplemeli? Geliň, biri-birinden tapawutlanýan iki waka hakda gürrüň edeliň. Wakalaryň birinde kakasy ogullaryna temmi bermelidi, beýlekisinde bolsa, bir aýal geljekki patyşanyň öňünde durmalydy.
5. Aly ruhany näme üçin ogullaryna çäre görmedi diýse bolar?
5 Baş ruhany Alynyň eý görýän iki ogly bardy. Emma onuň ogullary Ýehowany äsgermeýärdiler. Olar hormatly borjy ýerine ýetirýärdiler, ýagny çadyrda ruhany bolup gulluk edýärdiler. Ýöne olar ygtyýaryny öz bähbitleri üçin ulanyp, Ýehowa berilýän gurbanlyklary hiç zatça-da görmediler, göz-görtele ahlaksyzlyk etdiler (1 Şam. 2:12—17, 22). Musanyň kanunyna görä, Alynyň iki ogluna ölüm jezasy berilmelidi. Emma Aly ogullaryna geçirimlilik edip, ýöne bir käýedi-de, çadyrda gulluk etmeklerine rugsat berdi (5 Mus. 21:18—21). Ýehowa Aly ruhanynyň eden işine nähili garady? Ol: «Ogullaryňy näme üçin menden has gowy görýäň?» diýdi. Ýehowa Alynyň zalym ogullaryna ölüm jezasyny bermegi ýüregine düwdi (1 Şam. 2:29, 34).
6. Aly ruhany bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bileris?
6 Biz Aly ruhany bilen bolan wakadan wajyp sapak edinýäris. Eger dostumyz ýa-da dogan-garyndaşymyz Hudaýyň kanunyny bozsa, olara Ýehowanyň düzgünlerini ýatlatmaly. Soňra biz Ýehowanyň wekilleri bolan ýygnak ýaşulularyndan kömek sorandygyna göz ýetirmeli (Ýak. 5:14). Biz Aly ruhanynyň goýberen ýalňyşyndan sapak edinip, dostumyzy ýa-da dogan-garyndaşymyzy Ýehowadan has gowy görmek islemeýäris. Eger biz kimdir birine maslahat bermeli bolsak, batyrgaý bolmaly. Biziň tagallamyz hökman ýerine düşer. Geliň, indi Aly ruhany bilen ysraýyl halkyndan bolan Abygaýylyň arasyndaky tapawuda üns bereliň.
Abygaýyl haçan geplemelidigi barada gowy görelde galdyrdy (7, 8-nji abzaslara serediň)d
7. Abygaýyl näme üçin Dawudy garşylamaga gitdi?
7 Abygaýyl Nabal atly tüçjar baýyň aýalydy. Dawut ýigitleri bilen Sawul patyşadan gaçyp ýördi. Olar birnäçe wagtlap Nabalyň çopanlarynyň ýanynda bolýar we sürini garakçylardan goraýar. Nabal olara minnetdar boldumy? Ýok. Dawut Nabaldan biraz çörek we suw bermegi haýyş edende, baýyň gahary gelip, olara sögünýär (1 Şam. 25:5—8, 10—12, 14). Dawudyň gany gyzyp, Nabalyň öý-içerisindäki ähli erkek göbeklisini öldürmegi ýüregine düwýär (1 Şam. 25:13, 22). Indi gandöküşikligiň öňüni kim alarka? Şonda Abygaýyl dymmagyň wagty däldigine düşündi. Ol 400 sany aç, gahar-gazaba münen, eli ýaragly ýigitleri garşylamak üçin mertlik bilen ýola düşdi we Dawut bilen gepleşdi.
8. Abygaýyl bize nähili görelde galdyrdy?
8 Abygaýylyň hormat we mertlik bilen aýdan sözleri, Dawudy pikirinden dänmäge höweslendirdi. Bolan zatlara Abygaýyl günäkär bolmasa-da, Dawutdan ötünç sorady. Ol Ýehowa bil baglap, Dawudyň gowy adamdygyny we hemişe ýagşy işleri edýändigini aýtdy (1 Şam. 25:24, 26, 28, 33, 34). Biz hem kimdir biriniň ýalňyşýandygyny görenimizde, Abygaýyl ýaly batyrgaýlyk bilen geplemegi başarmaly (Zeb. 141:5). Biz hormat bilen geplemeli, ýöne şol bir wagtyň özünde batyrgaý hem bolmaly. Biz gerekli maslahaty mähir bilen aýdanymyzda, hak dostdugymyzy subut edýäris (Nak. 27:17).
9, 10. Ýaşulular dogan-uýalara maslahat berende nämäni unutmaly däl?
9 Ýygnak ýaşululary, esasanam, ýalňyş ädim ädýän dogan-uýalar bilen gepleşmek üçin batyrgaý bolmaly (Gal. 6:1). Ýaşulular pesgöwünlilik bilen bikämildigini boýun alyp, käte özleriniň hem maslahata mätäç bolýandygyna düşünýärler. Emma zerur wagty dogan-uýalara käýinç, temmi bermekden çekinmeli däl (2 Tim. 4:2; Tit. 1:9). Ýaşulular maslahat berende sabyrly bolup, geplemek ukybyny dogry ulanmaga jan edýärler. Olar dogan-uýalary ýürekden söýýärler, şol sebäpli kömek etmek isleýärler (Nak. 13:24). Ýöne olaryň esasy maksady: Ýehowa hormat goýmak, kada-kanunlaryny berjaý etmek we ýygnakdaky dogan-uýalary erbet täsirden goramak bolmaly (Res. 20:28).
10 Ýokardaky abzaslarda haçan geplemelidigi hakda gürrüň etdik. Ýöne dil ýarman, dymyp oturmaly wagtlary hem bolýar. Şeýle ýagdaýlarda nähili kynçylyga duşmagymyz mümkin?
HAÇAN DYMMALY?
11. Ýakup nähili mysal getirdi we onuň geplemek bilen nähili baglanyşygy bar?
11 Diliňi saklamak aňsat bolmaýar. Munuň kyndygyny düşündirmek üçin Mukaddes Kitaby ýazan Ýakup şeýle mysal getirýär: «Eger kim sözünde ýalňyşlyk goýbermese, ol kämildir, tutuş bedenine-de erk edip bilýändir. Eger atlara baş öwretmek üçin agyzzyryk salsak, olaryň tutuş göwresini-de jylawlap bilýändiris» (Ýak. 3:2, 3). Agyzzyryk atyň agzyna we kellesine salynýar. Çapyksuwar atyň jylawyny çekip, oňa baş öwredip bilýär. Eger çapyksuwar jylawyny çekmese, at öz erkine çapyp, hem eýesine, hem özüne zyýan ýetirýär. Edil şonuň ýaly biz hem dilimizi saklamasak, köp zyýan ýetirip bileris. Geliň, haýsy ýagdaýlarda dilimizi «jylawlap», dymmalydygy hakda gürrüň edeliň.
12. Biz haçan dilimizi «jylawlamaly» we dymmaly?
12 Siz syr saklaýan dogan-uýalara duşsaňyz näme edersiňiz? Aýdaly, wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan dogan ýa-da uýa bilen tanyşýarsyňyz. Şonda siz nädip wagyz edilýändigi barada jikme-jik sorarsyňyzmy? Elbetde, siziň niýetiňiz gowudyr. Şol ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary gowy görýänsiňiz we olaryň ýagdaýy hakda bilesiňiz gelýändir. Şeýle-de olaryň duş gelýän kynçylyklaryny ýekän-ýekän sanap, Hudaýa doga-dileg edesiňiz gelýändir. Emma biz dilimizi «jylawlap», geplemeli däldigine düşünmeli. Eger biz syr saklaýan dogany ýa-da uýany soraga tutup ýüregine düşsek, hem olary, hem şol ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary söýmeýändigimizi görkezeris. Sebäbi olar hakda maglumatlaryň ýaýramagy howply ýagdaýa salyp biler. Elbetde, biziň hiç birimiz wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýaşaýan dogan-uýalary kyn ýagdaýa salmak islemeýäris. Olaryň özleri-de nädip wagyz edilýändigi, ýygnak duşuşyklarynyň ýa-da beýleki ruhy çäreleriň nähili geçirilýändigi hakda jikme-jik gürrüň bermek islemeýärler.
13. Nakyllar 11:13-e görä, ýaşulular näme etmeli we näme üçin?
13 Ýaşulular syr saklamak meselesinde Nakyllar 11:13-däki (okaň) maslahata eýermeli. Esasanam, öýlenen ýaşululara syr saklamak has-da kyn bolup biler. Sebäbi är-aýal hemişe pikirlerini, duýgularyny, gaýgy-aladasyny gürrüň berip, biri-biri bilen ýakyn dost bolýarlar. Ýöne ýaşulular ýygnakdaky dogan-uýalaryň syryny aýalyna gürrüň bermeli däl. Eger ol gürrüň berse, dogan-uýalaryň ynamyndan gaçar we abraýdan düşer. Ýygnagyň aladasyny etmäge bellenen gözegçi doganlar «iki sözli» bolmaly däl (1 Tim. 3:8, çykgyt). Ol mekir ýa-da gybatçy bolmaly däl. Eger ýaşuly aýalyny söýýän bolsa, bilinmeli däl zatlary gürrüň berip, aýalynyň egnine agyr ýük atmaz.
14. Ýaşulynyň aýaly ärini abraýdan düşürmez ýaly näme edip biler?
14 Ärini abraýdan düşürmek islemeýän aýal bilmeli däl zatlary hakda gaýta-gaýta sorap durmaz. Şu maslahata eýerýän aýal diňe bir ärini goldaman, syryny aýdan dogan-uýalara-da hormat goýar. Esasanam, ol ýygnakda parahatlygyň we agzybirligiň bolmagyna goşandyny goşup, Ýehowany begendirer (Rim. 14:19).
AÝDÝAN SÖZLERIMIZ ÝEHOWA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?
15. Ýehowa Eýýubyň üç dostuna nähili garady we näme üçin?
15 Biz Eýýup kitabyndan nädip we haçan geplemelidigi hakda köp zatlary bileris. Eýýup pygamberiň başyna betbagtçylyk inenden soňra, onuň göwnüni göterip, maslahat bermek üçin dört adam geldi. Olar Eýýuba seredip, ençeme wagt dymyp oturdylar. Olaryň üçüsi, ýagny Alypaz, Bildat we Sapar Eýýuba teselli bermek üçin däl-de, onuň günä edendigini subut etmek üçin oýlanyp oturypdyrlar. Olaryň käbir sözleri dogry bolsa-da, Eýýup bilen Ýehowa barada köp nädogry we gödek zatlary aýtdylar. Olar Eýýuby günäkärläp, erbet adam hasapladylar (Eýp. 32:1—3). Ýehowa olara nähili jogap berdi? Hudaýyň olara gahary geldi we olary akmak hasaplap, şeýle tabşyryk berdi: olar Eýýubyň ýanyna baryp, özleri üçin dileg etmegini haýyş etmelidiler (Eýp. 42:7—9).
16. Alypazyň, Bildatyň we Saparyň goýberen ýalňyşlygyndan nähili sapak edinip bileris?
16 Alypazyň, Bildatyň we Saparyň goýberen ýalňyşlygyndan ençeme sapak edinip bileris. Birinjiden, dogan-uýalary ýazgarmaly däl (Mat. 7:1—5). Biz maslahat bermezden öň, olary ünsli diňlemeli. Şonda olaryň ýagdaýyna düşünip bileris (1 Pet. 3:8). Ikinjiden, mähirli gepleýändigimize we dogry zatlary aýdýandygymyza göz ýetirmeli (Efes. 4:25). Üçünjiden, Ýehowa biziň biri-birimize aýdýan sözlerimize üns berýär.
17. Biz Alyhuwyň göreldesine nädip eýerip bileris?
17 Eýýubyň ýanyna gelen dördünji adam bolsa, Ybraýymyň garyndaşy Alyhuwdy. Ol Eýýuby we beýleki üç adamy ünsli diňledi. Şonuň üçin ol mähir bilen birnäçe maslahat berip, Eýýubyň garaýşyny düzetmäge kömek etdi (Eýp. 33:1, 6, 17). Alyhuw özüni ýa başga birini däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak isleýärdi (Eýp. 32:21, 22; 37:23, 24). Alyhuwyň galdyran göreldesinden geplemegiň we dymmagyň öz wagtynyň bardygyny bilýäris (Ýak. 1:19). Şeýle-de maslahat berenimizde özümizi däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmalydygyny öwrenýäris.
18. Hudaýyň beren sowgadyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
18 Biz haçan we nädip geplemelidigi barada Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýersek, Hudaýyň beren sowgadyny, ýagny geplemek ukybyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Akyldar Süleýman patyşa Hudaýyň ylhamy bilen: «Ýerlikli aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir» diýdi (Nak. 25:11). Biz dogan-uýalary ünsli diňlesek we oýlanyp geplesek, kümüş gabyň içindäki altyn almalar ýaly, aýdýan sözlerimiz peýdaly hem ýakymly bolar. Şonda biz köp geplesek-de, az geplesek-de, sözlerimiz bilen dogan-uýalary ruhlandyrarys, Ýehowany şatlandyrarys (Nak. 23:15; Efes. 4:29). Şeýdip, biz Hudaýyň beren sowgadyna minnetdardygymyzy subut edýäris.
82-NJI AÝDYM «Yşygyňyz nur saçsyn»
a Mukaddes Kitapda haçan geplemeli we haçan dymmalydygy barada Hudaýyň kada-kanunlary ýazylan. Şeýle kada-kanunlary bilsek we olara eýersek, biziň aýdýan sözlerimiz Ýehowany begendirer.
b SURAT: Uýa paýhasly maslahat berýär.
c SURAT: Dogan arassaçylyk barada maslahat berýär.
d SURAT: Abygaýylyň zerur wagty Dawut bilen gepleşmegi gowy netije berdi.
e SURAT: Är-aýal wagyz işi gadagan edilen ýurtda nädip wagyz edýändiklerini jikme-jik gürrüň bermeýärler.
f SURAT: Ýaşuly ýygnagyň işleri hakdaky gürrüňi hiç kime eşitdirmeýär.