Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/8 sah. 27—31
  • Parahatlygy saklamak üçin tagalla ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Parahatlygy saklamak üçin tagalla ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Büdränimizde»
  • Birnäçe adamyň arasynda agzalalyk dörände
  • Ýaşulular nädip kömek edip biler?
  • Biz Hudaý bilen parahatlygy saklamaly
  • Hudaý parahatlygy saklaýanlary ýalkaýar
  • Parahatlyk. Ony nädip ösdürip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Söýgi — düşünişmezligiň açary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/8 sah. 27—31

Parahatlygy saklamak üçin tagalla ediň

«Parahatlyk... ugrunda dyrjaşalyň» (RIM. 14:19).

1, 2. Näme üçin Ýehowanyň Güwäçileriniň arasynda parahatlyk bar?

ŞU GÜNLER bütin dünýäde adamlaryň arasynda parahatlyk ýok. Hatda bir ýurtda ýaşaýan we bir dilde gepleýän adamlaryň arasynda-da köplenç agzybirlik bolmaýar. Olaryň arasynda dini, syýasy, pul we bilim sebäpli bölünişik bolýar. Emma bütin dünýäde «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan» 7 milliondan gowrak Ýehowanyň Güwäçileriniň arasynda parahatçylyk bar (Ylh. 7:9).

2 Biziň aramyzda parahatçylygyň bardygynyň esasy sebäbi «Hudaý bilen ýaraşygymyz bar». Çünki biz janyny gurban eden Hudaýyň ogluna iman edýäris (Rim. 5:1; Efes. 1:8). Şeýle-de Ýehowa wepaly gullukçylaryna mukaddes ruhuny berýär, parahatlyk bolsa bu ruhyň miwesidir (Gal. 5:22). Onsoňam biz «dünýäden däldigimiz» üçin parahat we agzybir ýaşaýarys (Ýahýa 15:19). Şonuň üçin biz syýasy işlere we uruşlara goşulmaýarys. Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ýehowanyň halky «gylyçlaryndan azallar ýasady» (Iş. 2:4).

3. Biz parahat ýaşamak üçin näme etmeli we bu makalada nämä serederis?

3 Biz aýra-aýra ýerlerden bolsak-da, däp-dessurlarymyz, pikirlerimiz tapawutlansa-da, ýygnakda «biri-birimizi söýýäris» (Ýahýa 15:17). Parahat ýaşamak — diňe bir doganlarymyza ýamanlyk etmezligi aňlatmaýar. Biz «hemmelere, ylaýta-da imanlylar içerisine ýagşylyk etmeli» (Gal. 6:10). Ýehowa we dogan-uýalarymyz bilen parahat ýaşamak örän wajypdyr. Biz parahatçylygy saklamaly. Hatda ýygnakda düşünişmezlik dörände, nädip parahatlygy saklap bolýandygyna biz häzir serederis.

«Büdränimizde»

4. Biriniň göwnüne degen bolsak, ýaraşmak üçin näme edip bileris?

4 Ýakup şägirt: «Hemmämiz köp büdreýäris. Kim gepinde büdremese, kämil adamdyr» diýdi (Ýakup 3:2). Şol sebäpli käte ýynakda iki adamyň bir zatda ylalaşmazlygy ýa-da düşünişmezligi mümkin. Ýygnakda parahatlygy saklamak üçin, düşünişmezlik dörände, ony çözmeli. Mysal üçin, kimdir biriniň göwnüne degen bolsak, näme etmelidigimiz barada Isanyň aýdan sözlerinden bileliň (Matta 5:23, 24-nji aýatlary okaň).

5. Biri göwnümize degende, parahatlygy saklamak üçin näme edip bileris?

5 Biri göwnümize degende, näme etmeli? Onuň özi ýanymyza gelip, ötünç sorar öýtmelimi? 1 Korintoslylar 13:5-de söýgi «içinde hylt saklaýan däldir» diýilýär. Biri göwnümize degende, ony bagyşlap, öýke-kinämizi unutsak, parahat ýaşamagy isleýändigimizi görkezýäris (Koloseliler 3:13-i okaň). Düşünişmezlik ula ýazmanka, ony çözsek gowy bolar. Bu doganlarymyz bilen agzybir bolmaga kömek eder. Dogry hereket edenimizde, özümizi rahat duýarys. Bir tymsalda ýazygy geçmek gelişiklidir diýilýär (Sül. tym. 19:11, TD).

6. Biri göwnümize degende, bagyşlamak kyn bolsa näme etmeli?

6 Eger biri göwnümize degende, bagyşlamak kyn bolsa, näme etmeli? Bu barada başgalara gürrüň bermek akylsyzlyk bolardy. Şeýle gybat etmeklik ýygnygyň parahatlygyny bozar. Düşünişmezligi çözer ýaly näme edip bileris? Matta 18:15-de: «Doganyň saňa garşy günä etse, bar-da, ikiçäk gürleşip, tagsyryny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr» diýilýär. Matta 18:15—17-nji aýatlarda agyr günä barada aýdylsa-da, 15-nji aýatdaky prinsipe başga ýagdaýlarda-da eýerip bileris. Biri bilen düşünişmezlik dörände, ikiçäk gürleşmek has gowy bolar. Doganymyz bilen gürleşenimizde mähirli bolmaly we ýaraşmak üçin tagalla etmelia.

7. Biz näme üçin agzalalygy derrew çözmeli?

7 Pawlus resul: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» diýdi (Efes. 4:26, 27). Isa bolsa: «Dawagäriň bilen entek ýoldakaň derrew ýaraş» diýdi (Mat. 5:25). Parahat ýaşamak üçin dörän agzalalygy derrew çözmeli. Biz muny etmesek, tenimizdäki wagtynda bejerilmedik ýaranyň iriňleýşi ýaly, agzalalyk ula ýazar. Tekepbirlik, göripçilik we pula bolan söýgi doganlarymyz bilen agzalalygy çözmäge bize päsgel bermeli däl (Ýakup 4:1—6).

Birnäçe adamyň arasynda agzalalyk dörände

8, 9. a) Rimdäki mesihçiler näme barada dawalaşýardy? b) Pawlus resul Rimdäki mesihçilere nähili maslahat berdi?

8 Käte ýygnakda birnäçe adamyň arasynda azgalalyk döremegi mümkin. Rimdäki mesihçileriň arasynda şeýle agzalalyk bolupdy. Ol ýerde ýewreý we ýewreý däl mesihçiler jedelleşipdi. Käbir mesihçileriň ynsaby gowşakdy. Mukaddes Ýazgylarda erbet hasaplanmaýan zatlary-da, olaryň iýmäge ynsaby çatmaýardy. Käbir mesihçileriň bolsa ynsaby güýçlüdi. Olar öz ynsabyny ejiz ynsaplylaryňkydan has gowudyr öýdýärdi. Ejiz ynsaplylar güýçli ynsaplylary ýazgarýardy. Olar köplenç şahsy meseleler hakynda jedelleşýärdi. Pawlus resul ýygnakdaky mesihçilere näme diýdi? (Rim. 14:1—6).

9 Güýçli ynsaply mesihçiler Musanyň Kanunyny berjaý etmeli däldigine düşünýärdi. Ejiz ynsaply mesihçiler bolsa, Kanunda gadagan edilýän zatlary iýmek günädir öýdýärdi. Pawlus güýçli we ejiz ynsaplylara-da maslahat berdi. Ol güýçli ynsaplylaryň özüni beýlekilerden gowy hasaplamaly däldigini aýtdy (Rim. 14:2, 10). Olaryň şeýle pikiri we hereketi ejiz ynsaplylary Ýehowadan daşlaşdyrmagy mümkindi. Pawlus resul şeýle diýdi: «Damak üçin Hudaýyň işini bozma... et iýmezlik, şerap içmezlik hem-de doganyň büdremegine... sebäp bolýan zady etmezlik ýagşydyr» (Rim. 14:14, 15, 20, 21). Pawlus resul ejiz ynsaplylara başgaça pikir edýänleri ýazgarmaň diýdi (Rim. 14:13). Ol şeýle diýdi: «Men... siziň hemmäňize diýýärin, özüňiz barada gereginden artyk oýlanmaň» (Rim. 12:3). Şondan soň Pawlus resul iki hili ynsaply mesihçilere: «Parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň» diýdi (Rim. 14:19).

10. Rimdäki mesihçiler ýaly şu günler hem agzalalylygy nädip çözmeli?

10 Biz rimdäki mesihçileriň Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, pikirini üýtgedendigine ynanýarys. Şu günler dogan-uýalar bilen düşünişmezlik bolanda, Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna görä, söýgi bilen çözmeli. Häzir hem ýygnakda doganlaryň arasynda agzalalyk dörände, «araňyzda parahatlyk bolar» ýaly, rimdäki mesihçileriň göreldesine eýerip, pikiriňi üýtgetmeli (Mar. 9:50).

Ýaşulular nädip kömek edip biler?

11. Iki mesihçiniň arasynda agzalalyk dörände, olaryň biri ýaşula aýtmakçy bolanda, ýaşuly näme etmeli?

11 Mesihçi maşgalasyndan biri ýa-da başga bir mesihçi bilen agzalalyk dörese, bu barada ýaşuly bilen gürleşmekçi bolsa, ýaşuly näme etmeli? Süleýmanyň tymsallary 21:13-de: «Kim garybyň perýadyna gulak asmasa, ol hem perýat eder welin, jogap bolmaz» diýilýär. Ýaşuly kömek soraýany diňlemese, onda onuň «gulak asmadygy» bolar. Emma başga bir tymsalda şeýle diýilýär: «Dawasyny ilkinji aýdan hakly görünýändir; ýöne soňra goňşusy gelip, ony synar» (Sül. tym. 18:17). Ýaşuly mähirli diňlemeli, ýöne mesele barada giňişleýin bilmän, karara gelmekden ägä bolmaly. Ýaşuly mesihçini diňlänsoň, bu mesele barada agzalalyk dörän dogan ýa uýa bilen gepleşdiňmi diýip sorasa gowy bolar. Şeýle-de ýaşuly dogan-uýalar bilen agzybir bolmak babatda Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýänini oňa düşündirer.

12. Agzalalyk barada eşidip, derrew bir karara gelmegiň howpludygyny haýsy üç mysal görkezýär?

12 Agzalylyk bolanda, diňe bir tarapy diňläp, derrew netije çykarmak örän howply. Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda üç mysal bar. Birinjisi, Potifar bilen bolan waka. Onuň aýaly Ýusup zorlajak boldy diýip, oňa töhmet atdy. Potifar oňa ynanýar we gany depesine urup, Ýusuby zyndana salýar (Gel. çyk. 39:19, 20). Ikinjisi, Dawudyň mysaly. Mefibosediň Siba atly hyzmatkäri Dawuda Mefiboset onuň duşmanlaryna kömek edýär diýip aldady. Dawut Siba ynanyp, oýlanman: «Ine, Mefibosediň ähli zady seniňki» diýdi (2 Sam. 16:4; 19:25—27). Üçünjisi, Artahşaştanyň mysaly. Ýewreýleriň duşmanlary Artahşaşta patyşa ýewreýler oňa garşy pitne turuzmak üçin, Iýerusalimi täzeden dikeldýär diýdi. Patyşa bu töhmete ynanyp, ýewreýlere işi togtatmagy buýruk berdi. Şol sebäpli ýewreýler Hudaýyň ybadathanasyny gurmagy bes etdiler (Ezra 4:11—13, 23, 24). Mesihçi ýaşulular Pawlus resulyň Timoteosa aýdyşy ýaly, bir karara gelmezden öň, ýagdaýy ähli taraplaýyn derňese, paýhasly bolar (1 Timoteos 5:21-i okaň).

13, 14. a) Iki adamyň arasynda dörän agzalalyga seredenimizde, nämäni unutmaly däl? b) Ýaşululara dogry karara gelmäge näme kömek eder?

13 Injilde: «Kim bir zady bilýändirin öýdýän bolsa, onda ol entek bilmelisi ýaly bilýän däldir» diýilýär (1 Kor. 8:2). Biz iki adamyň arasynda dörän agzalalyk barada ähli zady bilýändirin öýtmegimiz mümkin. Emma biz ähli zady bilmeýändigimizi unutmaly däl. Onsoňam, iki adamyň arasynda bolan ähli zady bilip bolmaýar. Ýaşulular bir mesele barada karar çykaranda, töhmete we myş-myşa ynanyp, aldanmaz ýaly seresap bolmaly. Şeýle-de olar adama diňe bir baý bolany üçin ynanmaly däl. Hudaýyň saýlan kazysy Isa «görşüne görä höküm etmeýär Ol, eşidişine görä karar çykarmaýar» (Iş. 11:3, 4). Isa Hudaýyň ruhunuň görkezmesine eýerýär. Mesihçi ýaşulular hem Hudaýyň ruhunuň görkezmesine eýermeli.

14 Ýaşulular bir mesele barada karar çykarmazdan öň, doga edip, Ýehowanyň ruhuny dilemeli. Olar Mukaddes Ýazgylara we «sadyk hem akylly» hyzmatkäriň edebiýatlaryna salgylanyp, Hudaýyň ruhuna eýermeli (Mat. 24:45).

Biz Hudaý bilen parahatlygy saklamaly

15. Mesihçi agyr günä barada bilse, ýaşululara haçan aýtmaly?

15 Mukaddes Ýazgylarda bize adamlar bilen agzybir bolmak ündelýär. Şeýle-de onda: «Gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji» diýilýär (Ýakup 3:17). Mukaddes Ýazgylarda ilki bilen, sap bolmalydygy aýdylýar. Sap ýa-da arassa bolmak, nämäniň dogry, nämäniň nädogrydygyny Hudaýyň berýän görkezmesine esaslanyp, oňa ýaranyp ýaşamagy aňladýar. Eger mesihçi dogan ýa uýanyň agyr günä edendigini bilse, ol oňa ýaşulularyň öňünde eden günäsini boýun almalydygyny aýtmaly (1 Kor. 6:9, 10; Ýakup 5:14—16). Ol günäsini boýun almasa, bu barada bilýän mesihçiniň özi ýaşululara aýtmaly. Mesihçi günä eden bilen parahatlygy bozmajak bolup, hiç zat aýtmasa, ol hem günä edýär (Lewiler 5:1-i okaň)b.

16. Ýehuwyň Ýoram patyşa garşy eden hereketinden biz näme öwrenýäris?

16 Ýehuw agyr günä eden adam bilen parahatlygy saklamagy däl-de, dogry hereket etmegiň örän wajypdygyny görkezdi. Hudaý Ýehuwy Ahap patyşanyň maşgalasyny jezalandyrmaga iberdi. Ahabyň ogly Ýoram patyşa we Izebel erbet adamlardy. Ýoram Ýehunyň arabada gelýänini görüp: «Eýgilikmi, Ýehuw?» diýip... sorady. Ýehuw bolsa: «Ejeň Izebel zynahorlyk hem jadygöýlik edip ýörkä, eýgilik neýlesin?» diýdi (2 Pat. 9:22). Soňra Ýehuw Ýoramyň ýüregine gylyç sançýar. Agyr günä eden adam toba etmese, ýaşulular hem Ýehuw ýaly hereket etmeli. Ýaşulular toba etmeýän günäkärler bilen ýöne bir parahatlygy saklajak bolup, olara ýygnagyň agzasy bolup galmaga rugsat bermeýär. Ýaşulular ýygnagyň Hudaý bilen gowy gatnaşygy bolar ýaly, toba etmeýän adamlary ýygnak gatnaşygyndan kesýärler.

17. Ähli mesihçiler agzybir bolmak üçin näme etmeli?

17 Köplenç aramyzda agzalalyk agyr günä sebäpli bolmaýar. Şonuň üçin ýalňyşan dogana söýgimizi bildirip, günäsini geçsek gowy bolardy. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Günäni basyrýan söýgini ösdürýändir; bir zady diline çolaýan bolsa ýakyn dostlary biri-birinden aýyrýandyr» (Sül. tym. 17:9). Biz Mukaddes Ýazgylardaky sözlere eýersek, ýygnakdaky doganlar bilen agzybir bolup, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolarys (Mat. 6:14, 15).

Hudaý parahatlygy saklaýanlary ýalkaýar

18, 19. Agzybir bolmak üçin edýän tagallamyzy Ýehowa nädip ýalkaýar?

18 Biz parahatlygy saklamak üçin tagalla etsek, Ýehowa ýalkaýar. Biz Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolup, ýygnagyň hem agzybirligine goşandymyzy goşýarys. Şeýle-de ýygnakda parahatlygy saklasak, «parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz edýän» adamlarymyz bilen hem parahat bolmagy öwreneris (Efes. 6:15). Biz «hemmelere mylakatly» bolup, ýamanlyga döz gelsek, «sabyrly» bolarys (2 Tim. 2:24).

19 Parahatlygy saklamak üçin tagalla etmek bilen biz gelejege taýýarlyk görýäris. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Ýehowa dogry hem egri adamlary direlder (Res. iş. 24:15). Diýmek, bu Ýehowanyň millionlarça dürli milletli, häsiýetli adamlary direltjekdigini aňladýar. Olar ýeriň ähli künjeginden, adamzat taryhynyň başlangyjyndan bäri dürli döwürde ýaşan adamlar bolar (Luka 11:50, 51). Direlen adamlara parahatlygy söýmegi öwretmek biziň üçin uly hormat bolar. Şu günler parahatlygy saklamagy öwrensek, gelejekde uly kömegi deger!

a Mukaddes Ýazgylarda töhmet we ýalan sözlemek ýaly agyr günä barada köpräk maglumat berilýär. 1999-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 17—22-nji sahypalara serediň.

b Lewiler 5:1. Kimdir biri bolan işi görüp ýa-da bilibem, bolan işe şaýatlyk etmegi soralanda, ondan boýun gaçyrsa, ol öz jezasyny çekmelidir.

Siz näme öwrendiňiz?

• Biz biriniň göwnüne degsek, ýaraşmak üçin näme etmeli?

• Biri biziň göwnümize degse, ýaraşmak üçin näme ederis?

• Iki adamyň arasynda agzalalyk dörände, nämäni unutmaly däl?

• Agyr günä eden adam bilen parahatlygy saklamagyň deregine, näme üçin dogry hereket etmek has wajyp?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş