Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi — 2013 | 15 noýabr
    • 4. Bu makalada nämä serederis?

      4 Mesihçi ýaşulular goýunlaryň aladasyny nädip etmeli? Hudaýyň Sözünde ýygnak agzalarynyň «ýolbaşçylaryň sözüne gulak asmalydygy» barada aýdylýar. Ýygnak ýaşulularyna bolsa, «özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly» bolmakdan gaça durmak maslahat berilýär (Ýew. 13:17; 1 Petrus 5:2, 3-nji aýatlary okaň). Bellenen ýaşulular nädip sürä agalyk etmän ýolbaşçylyk edip bilerler? Başgaça aýdanyňda, olar Hudaýyň gözegçilere beren çäginden çykman, goýunlaryň aladasyny nädip edip bilerler?

  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi — 2013 | 15 noýabr
    • 9. Isa resullaryna nähili garaýşy düzetmegi maslahat berdi?

      9 Isanyň ruhy çopançylyk babatdaky garaýşy Ýakup hem-de Ýahýa resulyň garaýşyndan tapawutlanýardy. Bu iki resul Patyşalykda görnükli orun eýelemek isleýärdiler. Emma Isa olaryň garaýşyny düzetmek üçin şeýle diýdi: «Siz bilýärsiňiz, milletleriň başlyklary olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär. Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun» (Mat. 20:25, 26). Resullar imandaşlarynyň üstünden ýa-da öz «aralarynda» «agalyk» etmekden gaça durmalydylar.

      10. Isa ýaşulularyň süriniň aladasyny nädip etmegini isleýär we bu babatda Pawlus nähili görelde galdyrdy?

      10 Isa sürä özüniň alada edişi ýaly, mesihçi ýaşulularyň hem şeýle gözegçilik etmegini isleýär. Olar özlerini imandaşlarynyň hojaýyny däl-de, hyzmatkäri ýaly alyp barmaly. Pawlus resul kiçigöwünli adamdy. Ol Efesosdaky ýygnagyň ýaşulularyna şeýle diýdi: «Meniň Aziýa gelen ilkinji günümden bäri hemişe siziň ýanyňyzda bolanymy özüňiz bilýänsiňiz. Men bütin pes göwünlilikde... Rebbe gulluk etdim». Pawlus ýygnak ýaşulularynyň imandaşlaryna ýürekden we kiçigöwünlilik bilen kömek etmegini isleýärdi. Ol şeýle diýdi: «Men şeýle işläp, ejizleri goldamalydygyny... ähli zatda size görkezdim» (Res. iş. 20:18, 19, 35). Korintosdaky mesihçilere bolsa, Pawlus: «Siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürmeýäris» diýdi. Gaýtam, ol dogan-uýalaryň şatlygyna şatlyk goşmak üçin kiçigöwünlilik bilen zähmet çekdi (2 Kor. 1:24). Pawlus şu günki ýygnak ýaşulularyna kiçigöwünli bolmakda we ýadawsyz zähmet çekmekde gowy görelde galdyrdy.

  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi — 2013 | 15 noýabr
    • «SÜRÄ GÖRELDE BOLUŇ»

      13, 14. Ýaşuly haýsy ýagdaýlarda sürä görelde bolmaly?

      13 Petrus resul ýygnagyň ýaşulularyna «özlerine tabşyrylanlara agalyk» etmäň diýenden soňra, «sürä görelde boluň» diýip maslahat berdi (1 Pet. 5:3). Ýaşuly sürä nädip görelde bolup biler? Geliň, «gözegçi bolmaga jan çekýän» doganyň ösdürmeli iki häsiýetine seredeliň. Ol «sagdyn düşünjeli» we «öz öýüni oňat dolandyrýan» bolmaly. Eger ýaşuly maşgalaly bolsa, onda ol öýünde göreldeli bolmaly, sebäbi «kim öz öýüni dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nähili eder?» (1 Tim. 3:1, 2, 4, 5). Gözegçi bolmaga jan çekýän dogan sagdyn düşünjeli bolmaly, ýagny Hudaýyň prinsiplerine gowy düşünmeli we olary öz durmuşynda nädip ulanmalydygyny bilmeli. Ol paýhasly bolmaly we howlukmaç karara gelmeli däl. Wagyzçylar ýaşulularda şeýle häsiýetleri görende, olara bolan ynamy artar.

      14 Şeýle-de gözegçiler wagyz gullugyna ýolbaşçylyk edip, imandaşlaryna gowy görelde görkezýärler. Bu babatda Isa olara gowy görelde galdyrdy. Isa Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi örän wajyp hasaplaýardy. Ol şägirtlerine bu işi nädip ýerine ýetirmelidigini görkezdi (Mar. 1:38; Luka 8:1). Şu günler halas ediji işe yhlasly gatnaşýan ýaşulular bilen eginme-egin wagyz etmek we olardan mugallymçylyk tärlerini öwrenmek, wagyzçylary diýseň ruhlandyrýar! Yhlasly gözegçiler jogapkärçiliginiň köpdügine garamazdan, wagyz etmäge wagtyny we güýjüni köpräk sarp etseler, dogan-uýalary ruhlandyrarlar. Şeýle-de olar ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, oňa gatnaşsalar, Patyşalyk zallarynyň arassaçylyk işlerine we başga-da zatlara kömek etseler, doganlara gowy görelde görkezip bilerler (Efes. 5:15, 16; Ýewreýler 13:7-ni okaň).

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş