-
Azatlyk Hudaýy Ýehowa gulluk ediňGarawul diňi — 2018 | Aprel
-
-
Siz azatlygyňyzy Patyşalygyň bähbitleri üçin ulanarsyňyzmy ýa-da öz bähbidiňiz? (8—10-njy abzaslara serediň)
8, 9. a) Azatlygy ulanmak babatda Petrus resul nähili duýduryş berdi? b) Şu günler bize nämeler howp salyp biler?
8 Biz özümize berlen gymmatly azatlyga minnetdar bolup, ony hiç haçan nädogry ulanmaly däl. Petrus resul azatlygymyzy ten höweslerimiziň üstüni örtmek üçin ulanmazlygy duýdurdy (1 Petrus 2:16-ny okaň). Eýsem, bu duýduryş size çölde ysraýyllylar bilen bolan wakany ýatlatmaýarmy? Şeýle howp bize şu günler has-da köp abanýar. Şeýtan we onuň dünýäsi egin-eşigi, özüňe timar bermegi, iýip-içmegi, dynç almagy, göwün açmagy we başga-da köp zatlary has özüne çekiji edip görkezýär. Satyjylar harydyny geçirmek üçin köplenç meşhur adamlary ulanyp, mekirlik bilen gerekmejek zatlary wajyp ýaly edip görkezýärler. Bu zatlaryň toruna düşüp, azatlygymyzy nädogry ulanmak gaty aňsat!
-
-
Azatlyk Hudaýy Ýehowa gulluk ediňGarawul diňi — 2018 | Aprel
-
-
11. Ýehowa bizi näme maksat bilen azat etdi?
11 Petrus resul azatlygy nädogry ulanmak barada duýduryş berende, onuň sebäbini hem düşündirdi. Ol azatlygyňy «Hudaýyň gullary hökmünde ulanmagy» maslahat berdi. Şol sebäpli özümizi Hudaýa bagyş edendigimize görä ýaşar ýaly, Ýehowa Isanyň töleg gurbany arkaly bizi günäniň we ölümiň kanunyndan azat etdi.
12. Nuh we onuň maşgalasy bize nähili görelde galdyrdy?
12 Azatlygymyzy nädogry ulanmakdan we dünýäniň hödürleýän zatlaryndan gaça durmagyň iň gowy usuly — ruhy işlere yhlasly gatnaşmak (Gal. 5:16). Geliň, Nuh pygamber we onuň maşgalasynyň mysalyna seredeliň. Olar zalymlykdan we ahlaksyzlykdan doly dünýäde ýaşasalar-da, daş-töweregindäki adamlaryň täsirine düşmediler. Olara näme kömek etdikä? Olar bar ünsüni Ýehowanyň tabşyran ýumşuna, ýagny gämi gurmak, özleri we haýwanlar üçin iýmit ýygnamak hem-de adamlara Hudaýyň hökümi barada duýdurmak işine gönükdirdiler. Mukaddes Ýazgylarda: «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:22). Netijede näme boldy? Erbet adamlar ýok edilende, Nuh we onuň maşgalasy halas boldy (Ýew. 11:7).
13. Ýehowa Ogluna nähili tabşyryk berdi we Isa şägirtlerine näme tabşyrdy?
13 Ýehowa bize nähili tabşyryk berdi? Isanyň şägirtleri hökmünde biz Hudaýyň öňünde nähili borjumyzyň bardygyna gowy düşünýäris (Luka 4:18, 19-njy aýatlary okaň). Şu günler dünýäniň taňrysy köpleriň aň-düşünjesini küteltdi we olar diniň, ykdysadyýetiň gulçulygynda hem-de köpçüligiň pikirine eýerip ýaşaýarlar (2 Kor. 4:4). Bize Isanyň göreldesine eýermek, adamlara azatlyk Hudaýy Ýehowany tanamaga we oňa sežde etmäge kömek etmek hormaty ynanyldy (Mat. 28:19, 20). Elbetde, bu işe gatnaşmak aňsat däl; köp kynçylyklaram bolýar. Meselem, käbir ýurtlarda adamlar hoş habara gitdigiçe sowuk-sala garaýarlar, hatda käbirleri garşylyk görkezýärler. Şol sebäpli özümize şeýle sorag bermeli: «Patyşalyk işine köpräk gatnaşmak üçin, men azatlygymy nädip ulanyp bilerin?»
-