Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýehowanyň we Isanyň ýagşylygyna minnetdar boluň
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 3. Minnetdar boluň

      Aýdaly, siz suwa düşmäge gitdiňiz. Suwuň çuňrak ýerine gidip, gark bolup başladyňyz, ýöne dostuňyz sizi halas etdi. Siz dostuňyzyň kömegini ýatdan çykararsyňyzmy? Elbetde, ýatdan çykarmarsyňyz. Siz dostuňyza minnetdar bolup, ýagşylygyny gaýtarmak üçin eliňizden gelenini edersiňiz.

      Ýehowa-da bizi halas edip, ebedi ýaşamaga mümkinçilik döretdi. 1 Ýahýa 4:8—10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Isanyň töleg gurbanyna näme üçin uly ýagşylyk diýse bolar?

      • Ýehowa bilen Isanyň eden ýagşylygy seni nämä höweslendirýär?

      Biz Ýehowa bilen Isa nädip minnetdar bolup bileris? 2 Korinfliler 5:15 we 1 Ýahýa 4:11; 5:3-nji aýatlary okaň. Her aýady okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

      • Biz nädip minnetdar bolup bileris?

  • Özüňi näme üçin Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmeli?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
    • 1. Adam näme üçin ömrüni Hudaýa bagyş edýär?

      Söýgi özüňi Hudaýa bagyş etmäge höweslendirýär (1 Ýahýa 4:10, 19). Mukaddes Kitapda: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý» diýilýär (Markus 12:30). Ýehowa Hudaýy söýýändigimizi diňe bir aýtman, durmuşymyzda hem görkezmeli. Meselem, oglan bilen gyz biri-birini ýürekden söýse, maşgala gurup, bütin ömrüne bile ýaşamaga taýyn bolýar. Şonuň ýaly biz hem Ýehowany ýürekden söýsek, ömrümizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürileris.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş