«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
DEKABR 2—8
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | YLHAM 7—9
«Ýehowa sansyz-sajaksyz uly märekä bereket berýär»
it «Uly märeke»
Uly märeke
«Uly märeke» gutulyşa eýe bolup, ýer ýüzünde ýaşajak adamlary aňladýan bolsa, olar nädip Hudaýyň tagtynyň we Guzynyň öňünde durarlar? (Ylh 7:9). «Durarlar» diýen söz Mukaddes Kitapda käwagt bir ýa-da birnäçe adamyň kimdir biriniň razylygyny gazanandygyny görkezmek üçin ulanylýar (Zb 1:5; 5:5; Nak 22:29; Luk 1:19). Ylham 6-njy bapda ýer ýüzüniň patyşalarynyň, wezipeli adamlarynyň, goşun serkerdeleriniň, baýlarynyň, ygtyýarly adamlarynyň, ähli gul we azat adamlarynyň: «Bizi tagtda oturan Hudaýyň ýüzünden we Guzynyň gazabyndan gizläň. Sebäbi olaryň beýik gazap güni geldi, indi kim halas bolup biler?» diýjekdigi aýdylýar (Ylh 6:15—17; Luk 21:36-ny deňeşdiriň). Bu aýatlardan görnüşi ýaly, «uly märeke» şol gazap gününde halas boljak we Hudaýyň hem-de Guzynyň razylygyny gazanjak adamlary aňladýar.
it «Betbagtçylyk»
Betbagtçylyk
Iýerusalimiň ýykylanyna takmynan 30 ýyl geçende, Ýahýa resul her milletden, halkdan, dilden bolan adamlaryň «uly betbagtçylykdan geçendigi» barada görnüş görýär (Ylh 7:13, 14). Bu olaryň halas bolmagyny aňladýar. Şu sözleriň dogrudygyny Resullar kitabyndan bilip bolýar. Resullar 7:9, 10-njy aýatlarda: «Hudaý (Ýusuby) ähli bela-beterlerden gorady» diýilýär. Ýusubyň bela-beterlerden goralmagy, Hudaýyň oňa kynçylyklara çydamaga diňe bir güýç bermän, eýsem düşen kynçylyklarynda ony gorandygyny aňladýar.
it «Uly märeke»
Uly märeke
Olar kim? «Uly märekäniň» kimdigi Ylham kitabynyň 7-nji babynda we parallel aýatlarynda gowy beýan edilýär. Ylham 7:15—17-nji aýatlarda «Hudaýyň olaryň üstüne çadyryny dikjekdigi» we «ýaşaýyş suwunyň gözbaşyna eltip... gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürjekdigi» aýdylýar. Ylham 21:2—4-nji aýatlarda bolsa «Hudaýyň çadyry adamlaryň arasynda... Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer» diýilýär. Bu görnüşde aşak inip gelýän täze Iýerusalimde, ýagny gökde däl-de, ýerde ýaşajak adamlar göz öňünde tutulýar.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
re sah. 115, abz. 4
Hudaýyň Ysraýylyna möhür basylýar
Bu dört perişde dört sany perişdeler toparyny aňladýar. Olar hökümi ýerine ýetirmäge Ýehowanyň buýrugyna garaşýarlar. Olar şol bir wagtyň özünde demirgazykdan, günortadan, gündogardan hem-de günbatardan ýeli goýberenlerinde diýseň uly heläkçilik bolar. Şuňa meňzeş heläkçiligi Ýehowa Elamyň üstüne hem inderip, olaryň ählisini «milletleriň arasyna dargadyp» ýok edipdi (Ýermeýa 49:36—38). Şol gorkunç ýel Ýehowanyň ammon halkyny ýok etmek üçin ulanan apy-tupanyndan hem gaty güýçli bolar (Amos 1:13—15). Şeýtanyň guramalarynyň hiç biri Ýehowanyň gazap gününde durup bilmez. Şonda Ýehowa öz hökümdarlygyny ebedilik aklar (Zebur 83:15, 18; Işaýa 29:5, 6).
it «Abaddon»
Abaddon
Düýpsüz çuňlugyň perişdesi Abaddon kim?
Ylham 9:11-de Abaddon «düýpsüz çuňlugyň perişdesiniň» ady hökmünde agzalýar. Bu at grekçe Apollion, manysy bolsa «Heläk ediji» diýmegi aňladýar. XIX asyrda bu adyň imperator Wespasiona, Muhammet pygambere, hatda Napaleon Bonaparta degişlidigini subut etjek boldular. Şeýle-de oňa Şeýtanyň perişdesidir öýdýärdiler. Ýöne Ylham 20:1—3-nji aýatlarda elinde «düýpsüz çuňlugyň açary» bolan perişdäniň Şeýtandan däl-de, gökdäki Hudaýdan gelendigi hem-de onuň Şeýtany daňyp, düýpsüz çuňluga zyňandygy aýdylýar. Mukaddes Kitabyň başga bir terjimesinde bolsa Ylham 9:11 babatda şeýle diýilýär: «Abaddon Şeýtanyň däl-de, Hudaýyň perişdesi bolup, onuň hökümini ýerine ýetirýär».
Töwratda «awad·don» sözi «mazar we ölüm» diýen sözler bilen manydaş ulanylýar. Ylham 1:18-de Isa Mesihiň: «Men... baky we ebedi ýaşaryn. Ölümiň we mazaryň açarlary mendedir» diýen sözleri bar. Luka 8:31-de bolsa onuň düýpsüz çuňluga zyňmaga güýjüniň bardygy aýdylýar. Mundan Isanyň Şeýtany hem ýok etmäge ägirt uly güýjüniň bardygy görünýär. Ýewreýler 2:14-nji aýat bu sözleriň dogrudygyny subut edýär. Onda: «Ol hem ynsan bolup geldi. Sebäbi ol ölümi dadyp, ölümiň sebäpkäri Iblisi ýok etmelidi» diýilýär. Ylham 19:11—16-njy aýatlar Hudaýyň Isany «Hökümi ýerine ýetiriji» ýa-da «Heläk ediji» edip belländigini görkezýär (Seret: «APOLLION»).
w16.01 sah. 25, 26, abz. 12—16
«Özüň bilen gitmäge» rugsat et
Öň Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň sany azalýardy. Soňky ýyllarda bolsa olaryň sany gitdigiçe köpelýär. Biz muňa biynjalyklanmalymy? Ýok. Geliň, munuň esasy sebäplerine seredeliň.
«Ýehowa öz adamlaryny bilýändir» (2 Tim. 2:19). Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlary sanaýan doganlar olaryň hiç birini ýazgarmaly däl. Sebäbi olaryň käbiri özlerine mesh edilendir öýdüp, nyşanlardan ýalňyşyp dadýarlar. Käbirleri wagtyň geçmegi bilen, nyşanlardan datmagyny bes edýärler. Käbirleri bolsa psihiki taýdan kemçiligi bolandygy ýa-da göwnüçökgünlige düşendigi sebäpli Mesih bilen gökde höküm sürjekdigine ynanýarlar. Şol sebäpli häzir ýer ýüzünde galan mesh edilenleriň anyk sanyny bilip bolmaýar.
Isa mesh edilenleri göge ýygnamaga gelende, olar ýer ýüzünde bolar. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň şol döwür näme etjekdigi barada şeýle diýilýär: «Ol perişdelerini güýçli surnaý sesi bilen iberer. Olar ýeriň dört tarapyndan, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar» (Mat. 24:31). Mukaddes Ýazgylarda soňky günlerde ýerde mesh edilenleriň käbiriniň galjakdygy aýdylýar (Ylh. 12:17). Emma agyr muşakgat başlanda, ýerde galjak mesh edilenleriň sany barada hiç zat aýdylmaýar.
Ýehowa haçan mesh etmelidigini özi çözýär (Rim. 8:28—30). Isa direlenden soň, Ýehowa mesh edilenleri saýlap başlady. I asyrdaky mesihçileriň ählisiniň mesh edilen bolmagy ähtimal. Şol döwürden başlap soňky günlere çenli Isanyň yzyna eýerýänleriň köpüsi ýalan mesihçilerdi. Şol sebäpli Isa olary «haşal ota» meňzetdi. Hatda şol döwürlerde-de Ýehowa käbir wepaly adamlary mesh etmegini dowam etdi. Olar Isanyň mysalyndaky «bugdaýa» meňzedilip, «haşal otlar» bilen bile ösmelidi (Mat. 13:24—30). Ýehowa 144 müňleri soňky günler başlany bäri hem saýlamagyny dowam edýär. Olary Ýehowanyň özi saýlan bolsa, onuň dogry karara gelendigine doly ynanyp bileris (Iş. 45:9; Dan. 4:35; Rimliler 9:11, 16-njy aýatlary okaň). Biz Isanyň mysalyndaky az işlän işçiler bilen deň hak alan işçiler ýaly nägile bolmaly däl (Matta 20:8—15-nji aýatlary okaň).
Gökde ýaşamaga umyt edýänleriň hemmesi «wepaly we paýhasly hyzmatkäre» degişli däl (Mat. 24:45—47). I asyrdaky ýaly şu günlerem Ýehowa we Isa köpleri az adamlar arkaly ruhy taýdan naharlaýar. I asyrda Injili diňe käbir mesh edilenler ýazdy. Şonuň ýaly şu günlerem mesihçilere «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin» bary-ýogy birnäçe mesh edilenler bellenildi.
DEKABR 9—15
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | YLHAM 10—12
«Iki şaýat öldürilýär we direldilýär»
Okyjylaryň sowallary
Ylham 11-nji bapda agzalýan iki şaýat kim?
Ylham 11:3-de «1 260 günläp pygamberlik edýän» iki şaýat hakda aýdylýar. Soňra aýatda wagşy haýwan «olary ýeňer we öldürer» diýilýär. Ýöne «üç ýarym günden soň» olar direlip, görenleri haýran galdyrarlar (Ylh. 11:7, 11).
Iki şaýat kimi aňladýar? Aýatdaky jikme-jiklikler muňa düşünmäge kömek edýär. Birinjiden, olar iki zeýtun agajyny we iki şemdany aňladýar (Ylh. 11:4). Bu bize Zekerýanyň pygamberligindäki şemdany we zeýtun agaçlaryny ýatladýar. Şol zeýtun agaçlary «iki saýlanany», ýagny «ýer ýüzüniň Hojaýynynyň gapdalynda duran» Zerubabel häkimi we baş ruhany Ýuşany aňladýar (Zek. 4:1—3, 14). Ikinjiden, iki şaýadyň Musa bilen Ylýasyň görkezen gudratlaryna meňzeş gudratlary görkezjekdigi aýdylýar (Ylham 11:5, 6; 4 Musa 16:1—7, 28—35; 1 Patyşalar 17:1; 18:41—45-nji aýatlary deňeşdiriň).
Ýokarda getirilen aýatlaryň nähili baglanyşygy bar? Aýatlardan agyr synag döwründe Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk etjek adamlaryň boljakdygyny bilse bolýar. Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda gökde berkarar edilýänçä, saýlanan ýolbaşçy doganlar üç ýarym ýyllap «jul geýnip» wagyz etdiler. Şonda Ylham kitabynyň 11-nji babyndaky pygamberlik ýerine ýetdi.
«Jul geýnip» wagyz eden günleri gutaranda, saýlanan mesihçiler göçme manyda öldürildiler. Olar göçme manyda üç ýarym günläp, ýagny gysga wagtlyk tussaglykda boldular. Hudaýyň duşmanlarynyň gözünde olaryň işi öldürilipdi, şonuň üçin duşmanlar muňa gaty begendiler (Ylh. 11:8—10).
Emma pygamberlikde aýdylyşy ýaly, üç ýarym günden soň iki şaýat direldi. Diňe bir şol saýlanan mesihçiler däl-de, eýsem Isa Mesih arkaly Hudaýdan aýratyn tabşyryk alyp, wepaly galanlar hem tussaglykdan boşadyldy. Olar 1919-njy ýylda soňky günlerde Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan aladasyny eden «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» degişli saýlanan mesihçilerdi (Mat. 24:45—47; Ylh. 11:11, 12).
Ylham 11:1, 2-nji aýatlar ruhy ybadathananyň arassalanan wagtynda bolan wakalara salgylanýar. Melek 3-nji bapda ybadathananyň arassalanmagy babatda şuňa meňzeş pygamberlik aýdylýar (Mel. 3:1—4). Arassalaýyş döwri näçe wagta çekdikä? Bu 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli aralygy öz içine alýar. Arassalaýyş döwri Ylham kitabynyň 11-nji babynda aýdylýan göçme manydaky 1 260 güni (42 aý) we üç ýarym güni aňladýar.
Biz Ýehowanyň halkyny ýagşy işleri edip bilmegi üçin ruhy taýdan arassalandygyna diýseň minnetdar (Titus 2:14). Şeýle-de synag döwründe gulluk eden iki şaýadyň, ýagny wepaly galan saýlanan mesihçileriň galdyran göreldesini hem biz diýseň gymmat saýýarys.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Golýazma»
Golýazma
Göçme manysy. Mukaddes Kitapda golýazma göçme manyda birnäçe ýagdaýlara degişli ulanylýar. Hyzkyl bilen Zekerýa pygamber iki tarapyna ýazylan golýazmany görüpdi. Adatça, gadym döwürde bir tarapyna ýazylan golýazma köp ulanylýardy. Emma iki tarapyna ýazylan golýazmalar ondaky habaryň ýa hökümiň örän wajypdygyny aňladýardy (Hyz 2:9—3:3; Zek 5:1—4). Ýahýa resulyň gören görnüşinde tagtda oturan Hudaýyň sag elinde ýedi möhürli golýazma bardy, Hudaýyň Guzusy şolary açanda, ondaky ýazylan zatlar ýerine ýeter (Ylh 5:1, 12; 6:1, 12—14). Soňra görnüşde Ýahýanyň özüne bir golýazma berlip, ony iýmek tabşyrylýar. Ol agzynda süýji bolsa-da, içinde ajy bolýar. Golýazma möhürlenmändi, bu bolsa ondaky ýazylan zatlaryň düşnüklidigini görkezýär. Golýazmadaky habar Ýahýa üçin süýji bolsa-da, oňa tabşyrylyşy ýaly ajy zat hakda pygamberlik etmelidi (Ylh 10:1—11). Hyzkyl pygambere-de golýazma görkezilýär, onda agy aýdymy, dady-perýat we ahy-nala sözleri ýazylandy (Hyz 2:10).
it «Burgy»
Burgy
Ýahýa resulyň gören görnüşinde gökdäki aýal «burgusy tutup gygyrýardy». «Aýal ogul dogurdy... dünýä inen oglan ähli milletleri demir hasa bilen bakmalydy». Aždarha onuň çagasyny ýuwutmak üçin näçe jan etse-de, ony «dessine tagtda oturan Hudaýyň ýanyna äkitdiler» (Ylh 12:1, 2, 4—6). Çaganyň «Hudaýyň ýanyna äkidilmegi» Hudaýyň ony kabul edip, özüniňki hasaplaýandygyny görkezýärdi. Öňki wagtlar ýaňy doglan çagany kakasynyň ony özümiňki diýip yglan etmegi üçin ýanyna äkidilýärdi (Seret: «DOGULMAK»). Görşümiz ýaly, aýal Hudaýyň aýaly we Mesihiň hem onuň ruhy doganlarynyň ejesi, ýagny gökdäki Iýerusalimdir (Gal 4:26; Ýew 2:11, 12, 17).
Gökdäki aýal kämildi we ol göni manydaky agyrylar bilen çaga dogurmady. Bu agyrylar göçme manyda aýalyň dogurmaly wagtynyň ýakyndygyna düşünýändigini görkezýär (Ylh 12:2).
Doglan çaga kimi aňladýar? Ol ähli milletleri demir hasa bilen bakmalydy. Bu Zebur 2:6—9-njy aýatlarda aýdylýan Hudaýyň saýlan patyşasyny aňladýar. Ýöne Ýahýa bu görnüşi Mesihiň doglanyndan, ölüminden we direlişinden birnäçe ýyldan soň görýär. Şeýle-de bu görnüş Hudaýyň Patyşalygynyň döredilip, oňa Isa Mesihiň hökümdar boljakdygyny görkezýär. Sebäbi Isa ölümden direlip, «Hudaýyň sag tarapynda oturdy. Soňra ol duşmanlary aýagynyň astyna salynýança garaşdy» (Ýew 10:12, 13; Zb 110:1; Ylh 12:10).
DEKABR 16—22
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | YLHAM 13—16
«Gorkunç wagşy haýwanlardan gorkmaň»
Ýehowa «syrlary açýan» Hudaý
B. e. I asyrynyň soňunda direlen Isa Ýahýa resula birnäçe täsin görnüşler görkezýär (Ylh. 1:1). Şolaryň birinde Ýahýa uly deňziň kenarynda duran aždarha meňzedilýän Iblisi görýär (Ylham 13:1, 2-nji aýatlary okaň). Ýahýa görnen täsin wagşy haýwan şol deňizden çykyp, Iblisden uly ygtyýar alýar. Biraz soňra Ýahýa ýedi başly gyzyl janawary görýär. Ol Ylham 13:1-däki wagşy haýwanyň buty. Perişde Ýahýa şol gyzyl janawaryň ýedi başy ýedi patyşalar, ýagny hökümetlerdigini düşündirýär (Ylh. 13:14, 15; 17:3, 9, 10). Ýahýa Ylham kitabyny ýazýarka, şol patyşalaryň bäşisi indi höküm sürmeýärdi, biri höküm sürýärdi, «biri entek gelenokdy». Olar haýsy patyşalyklardy? Geliň, Ylham kitabynda agzalýan «janawaryň» her başy, ýagny kellesi barada gürrüň edeliň. Daniýeliň kitabyndan hem şol hökümetler barada, käte olar peýda bolmanka, birnäçe asyr öňünden köp zatlar aýdylypdyr.
re sah. 194, abz. 26
Iki wagşy haýwan bilen göreş
Bu nämäni aňladýar? Birinji wagşy haýwanyň aýratyn orny eýeleýän ýedinji kellesi Anglo-Amerikan dünýä şalygyny aňladýar. Görnüşde munuň aýratyn bir wagşy haýwan edip suratlandyrylmagy, onuň öz bilşine görä hereket edýändigini görkezýär. Iki şahly wagşy haýwan iki sany güýçli, garaşsyz we bile hereket edýän şalygy aňladýar. Onuň guzynyňky ýaly iki şahynyň bolmagy özüni ýalandan ýumşak, hiç kime zyýan ýetirmeýän ýaly alyp baryp, bütin dünýäni gowy tarapa üýtgetjek hökümdarlykdygyna ynandyrjak bolýar. Ýöne ol edil aždarha ýaly gepleýär, özüniň hökümdarlygyny goldamaýanlara garşy çykyp, azar baryny berip, hatda zalymlyk etmekden hem gaýtmaýar. Ol Hudaýyň Guzusynyň ýolbaşçylygyndaky Patyşalyga däl-de, beýik aždarha bolan Şeýtana tabyn bolmaga iterýär. Şeýle-de bu haýwan birinji wagşy haýwana sežde etmäge iterýän milletparazlygy öňe sürüp, ýigrenç hem bölünişik döredýär.
re sah. 195, abz. 30, 31
Iki wagşy haýwan bilen göreş
Dünýä taryhy bu şekiliň Beýik Britaniýanyň hem-de ABŞ-nyň goldawy bilen döredilen guramadygyny görkezýär. Oňa Milletler Ligasy diýilýärdi. Ýöne Ylham kitabynyň 17-nji babynda bellenilişi ýaly, gurama soň başga bir şekile, ýagny özbaşdak hereket edýän gyrmyzy reňkli diri wagşy haýwana öwrüler. Dürli halklardan ybarat bolan bu gurama adamzada parahatlygy hem howpsuzlygy diňe özüniň dikeltjekdigini hondanbärsi bolup yglan edýär. Aslynda, bu guramada hökümet ýolbaşçylary bir-birine gaharlanyp, kemsidýär. Ol öz şertleri bilen razylaşmadyk ýurda garşy çykyp, ýagdaýyny erbetleşdirerin diýip haýbat atýar. Milletler Ligasy özüniň aýdany boýunça hereket etmeýän hökümetleri öz hataryndan aýyrýardy. Uly betbagtçylygyň başynda wagşy haýwanyň şahlary, ýagny ýaragly güýçleri weýrançylyk getirer (Ylham 7:14; 17:8, 16).
II Jahan urşundan soň, wagşy haýwanyň şekili Birleşen milletler guramasyna öwrülip, halklary göni manyda öldürip başlady. Mysal üçin, 1950-nji ýylda BMG Demirgazyk Koreýa bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky urşa goşulýar. BMG-nyň we Günorta Koreýanyň goşuny Demirgazyk Koreýadan hem-de hytaýlylardan 1 million 420 müň adamy öldürdi. 1960—1964-nji ýyllar aralygynda bolsa BMG-nyň goşuny Kongoda (Kinsaşada) hereket edip başlaýar. Mundan başga-da, patyşalar, hatda dini ýolbaşçylar Pawel VI bilen Jon Pawel II diňe wagşy haýwanyň adamlar üçin parahatlygy dikeldip berjekdigini gaýta-gaýta yglan edýärdiler. Hökümdarlar oňa gulluk etmek islemeýän halklaryň öz-özlerini ýok etjekdiklerini aýtdylar. Başgaça aýdanyňda, olar şu şekile gulluk etmek islemeýänleri ölüme höküm eder ýaly elinde baryny edýärler (Kanun taglymaty 5:8, 9).
Ylham kitabyndan peýdaly pikirler—II bölüm
13:16, 17. Biz «satyn almak hem-de satmak» ýaly gündelik işlerinde bolýan kynçylyklara garamazdan, wagşy haýwana tabyn bolmarys. «Sag eliňe ýa maňlaýyňa tagma basdyrmaklyk» bu wagşy haýwana edýän işlerimize ýolbaşçylyk etmäge we aňymyza täsir etmegine ýol bermekdir.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Ylham kitabyndan peýdaly pikirler—II bölüm
16:13—16. «Murdar ruh» (ylhamly haram sözler, TD) jynlaryň wagzyny aňladýar. Jynlar ýeriň patyşalaryny Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käseden gorkman, gaýtam Ýehowa garşy çykmaga höweslendirýär (Mat. 24:42, 44).
«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»
Asudalyk döwri «Patyşalyk baradaky Hoş Habar» wagyz edilmez (Mat. 24:14). Mesihçiler Hudaýyň hökümlerini yglan ederler. Belki-de, ol Şeýtanyň zalym dünýäsiniň tizden hemişelik ýok ediljekdigi baradaky habardyr. Mukaddes Ýazgylarda bu habar dolynyň ýagmagyna meňzedilýär: «Ynsanlaryň üstüne gökden her damjasynyň agramy bir talanta golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar ol doly belasy sebäpli Hudaýa sögdüler. Çünki ol bela gaty aýylgançdy» (Ylh. 16:21).
DEKABR 23—29
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | YLHAM 17—19
«Hudaý ähli söweşleriň soňuna çykar»
Hudaý Armageddonda ähli söweşleriň soňuna çykar
Entek ygtyýar zalym adamlaryň elindekä, dogruçyllar parahatlykda hem howpsuzlykda ýaşap bilmez (Süleýmanyň tymsallary 29:2; Wagyz kitaby 8:9). Biz ýaramaz adamlaryň edýän zalym işleriniň öňüni alyp bilmeýäris. Şol sebäpli parahatlygy hem adalaty dikeltmek üçin, ilki bilen, zalymlary ýok etmeli. Süleýman patyşa-da: «Erbet dogry adam üçin... töleg bolar» diýip ýazdy (Süleýmanyň tymsallary 21:18).
Hudaý kazymyz bolany üçin biz erbet adamlara çykarylan hökümiň adyl boljakdygyny bilýäris. Ybram: «Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy — Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!» diýdi. Bu bolsa Ýehowanyň hemişe adalatly hereket edýändigine Ybraýymyň göz ýetirendigini görkezýär (Gelip çykyş 18:25). Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Ýehowa erbetleri ýok etmekden keýp almaýar; ýöne ol adamlaryň zalymlykda has erbetleşendigi üçin, olary ýok eder (Ezekiýel 18:32; 2 Petrus 3:9).
it «At»
At
Ýahýa resul görnüşde şan-şöhrata beslenen Isa Mesihiň we uly goşundan ybarat bolan perişdeleriň ak atlarda gelýändigini görýär. Görnüşiň bu bölegi Mesihiň Hudaýy hem Atasy Ýehowanyň ähli duşmanlary bilen adyl we dogruçyl söweş alyp barjakdygyny görkezýär (Ylh 19:11, 14). Görnüşleriň birinde agzalýan dürli atlylar Mesihiň patyşa hökmünde tagta çykansoň eden işlerini we şondan soň başlan betbagtçylyklary aňladýar (Ylh 6:2—8).
re sah. 286, abz. 24
Söweşiji Patyşa Armageddonda ýeňiş gazanýar
Deňizden çykan ýedi kelleli, on şahly wagşy haýwan Şeýtanyň golastyndaky syýasy guramany aňladýar. Agyr urgudan ýaňa ol hem-de ýanyndaky ýalan pygamber, ýagny ýedinji dünýä şalygy hereket edip bilmeýär (Ylham 13:1, 11—13; 16:13). Olar heniz dirikä ýa-da birleşip, Hudaýyň halkyna garşy aýaga galanda, ot kölüne zyňyldy. Bu kölde dogrudanam ot ýanýarmyka? Ýok, sebäbi wagşy haýwan bilen ýalan pygamber göni manyda ulanylmaýar. Ot köli hem göçme manyda ulanylyp, bütinleý ýok edilmegi aňladýar. Ol ýerden yza ýol ýok. Soň ol ýere ölüm bilen mazar, hatda Şeýtanyň özi hem taşlanar (Ylham 20:10, 14). Ýöne bu ýer günäli adamlaryň ebedi gynalýan dowzahy ýa-da dowzah ody däl. Sebäbi adamlary şeýdip gynamak Ýehowanyň pikirine-de gelmeýär (Ýermeýa 19:5; 32:35; 1 Ýahýa 4:8, 16).
re sah. 286, abz. 25
Söweşiji Patyşa Armageddonda ýeňiş gazanýar
Wagşy haýwany goldamadyk başga adamlar hem «atyň üstünde oturanyň agzyndan çykyp duran uzyn gylyçdan gyryldy». Sebäbi olar bu zalym dünýäden we işlerinden aýrylmak islemediler. Isa olary ölüme höküm eder. Ýöne olaryň ot kölüne zyňyljakdygy hakda hiç zat diýilmeýär. Onda olar direlermikä? Mukaddes Kitapda Kazymyz Ýehowanyň höküm eden adamlarynyň direljekdigi aýdylmaýar. Isa hem goýunlaryň tarapyna geçmedik her bir adamyň «Iblis we onuň jynlary üçin taýýarlanan ebedi otda ýanjakdygyny» aýtdy (Matta 25:33, 41, 46). Şol döwür «hudaýsyz adamlaryň höküm gününde ýok edilmeli wagtynyň» iň soňky tapgyry bolar (2 Petrus 3:7; Nahum 1:2, 7—9; Malaky 4:1).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
re sah. 247, 248, abz. 5, 6
Haýran galdyryjy syryň açylmagy
«Wagşy haýwan öň bardy». Hawa, bu wagşy haýwan 1920-nji ýylyň onunjy ýanwarynda Milletler Ligasy hökmünde hereket edip başlady we oňa dürli wagtda giren 63 ýurt degişlidi. Emma wagtyň geçmegi bilen Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa ondan çykdy. Sowet Soýuzy hem çykaryldy. 1939-njy ýylda Germaniýa II Jahan urşuny yglan etdi. Dünýäde parahatlygy saklap bilmändigi üçin, Milletler Ligasy hereket etmegini bes etdi. 1942-nji ýylda ol bütinleý ýitdi. Ýehowa hem gerekli wagtynda halkyna bu gurama baradaky görnüşiň manysyny açyp berdi. «Täze dünýä» diýen kongresde Neýtan Norr dogan pygamberlikde aýdylyşy ýaly, wagşy haýwanyň şu wagt ýokdugyny aýtdy. Ýöne ol: «Milletler Ligasy çuňlukda hemişelik galarmy?» diýen soragy berdi. Ylham 17:8-i okap, ol öz soragyna jogap berdi: «Emma ol tizden... çykar». Bu wakalardan Ýehowanyň pygamberlik sözüniň hökman ýerine ýetýändigine ýene bir gezek göz ýetirýäris!
Wagşy haýwan düýpsüz çuňlukdan çykýar
Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan hakykatdanam çuňlukdan çykdy. 1945-nji ýylyň 26-njy iýunynda San-Fransizkada (ABŞ) 50 ýurduň ses bermegi bilen Birleşen milletler guramasy döredildi. Guramanyň maksady halkara parahatlygy hem howpsuzlygy saklamakdy. Milletler Ligasy bilen BMG-nyň gaty köp meňzeşligi bar. Bir sözlükde şeýle diýilýär: «BMG köp ýagdaýlarda I Jahan urşundan soň döredilen ML-syny ýadyňa salýar. BMG-nyň döredilmegine gatnaşan ýurtlar ML-syny hem döredipdiler. ML ýaly BMG hem ýurtlaryň arasynda parahatlygy saklamaga ýardam etmek üçin döredilipdi. BMG-nyň baş edaralary ML-nyň baş edaralaryna diýseň meňzeş». Hawa, BMG gaýtadan aýaga galan gyrmyzy reňkli wagşy haýwany aňladýar. Häzir onuň hataryna 190-a golaý ýurt girip, öňki 63 ýurtdan ybarat bolan ML-nyň eden işinden has köp işleri edýär.
Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
Emma ýalan din öz-özünden ýok bolmaz. Hudaý patyşalaryň ýüregine ahlaksyz aýaly ýok etmek islegini guýýança, ahlaksyz aýal hökümdarlara öz islegini etdirmäge çalşar we güýç-kuwwatyny ýitirmez (Ylham 17:16, 17-nji aýatlary okaň). Tizden Ýehowa Şeýtanyň dünýäsiniň syýasy ýolbaşçylaryny — BMG-ny — ýalan dine topulmaga höweslendirer. Ahlaksyz aýal indi patyşalara täsir edip bilmez we baýlygyndan mahrum bolar. Beýle zat bolar diýip, bary-ýogy birnäçe on ýyl öňräk aýtmak kyndy. Häzir bolsa ahlaksyz aýal gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň arkasynda zordan ýapyşyp otyr. Şonda-da ol kem-kemden sypyrylyp düşmez. Ol birdenkä rehimsiz ýok ediler (Ylh. 18:7, 8, 15—19).
DEKABR 30—ÝANWAR 5
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | YLHAM 20—22
«Men ähli zady täzeleýärin»
re sah. 301, abz. 2
Täze gök we täze ýer
Ýahýanyň ýaşan döwründen ýüzlerçe ýyl öň Ýehowa Işaýa pygamber arkaly şeýle diýipdi: «Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez» (Işaýa 65:17; 66:22). Bu pygamberlik ilkinji gezek b. e. öň 537-nji ýylda wepaly ýehudylar 70 ýyldan soň Wawilon ýesirliginden boşap, Iýerusalime dolananda ýerine ýetdi. Olar dikeldip ýörkäler, täze jemgyýeti, ýagny «täze gökleriň» astyndaky «täze ýeri» — täze hökümeti döretdiler. Petrus resul pygamberlikde aýdylýan döwür hakda şeýle diýdi: «Biz Hudaýyň wadasyna görä täze göklere we täze ýere garaşýarys, olarda elmydama dogrulyk bolar» (2 Petrus 3:13). Ýahýa bolsa bu pygamberligiň Halypamyzyň günlerinde ýerine ýetjekdigini görýär. «Öňki gökler we öňki ýer», ýagny Şeýtanyň we jynlaryň ýolbaşçylygyndaky guramalar, hökümetler ýok ediler. Tolkun atyp duran «deňiz», ýagny zalym, pitneçi adamlar ýok ediler. Olaryň ýerine «täze gök we täze ýer», ýagny ýer ýüzünde Hudaýyň Patyşalygy astyndaky täze hökümet dörediler (Ylham 20:11-i deňeşdiriň).
«Men ähli zady täzeleýärin»
«Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer» (Ylham 21:4). Adamlaryň gözünden nähili ýaşlar süpüriler? Bu begençden ýaňa akýan gözýaşlaryň süpüriljekdigini aňlatmaýar. Hudaý kynçylyklar we horluklar sebäpli akýan ýaşlarymyzy süpürjekdigini wada berýär. Ýehowa şol gözýaşlary ýöne bir süpürmek bilen çäklenmez. Ol kynçylyklary we horluklary ýok etmek bilen, ajy gözýaşlarymyzy bütinleý aýrar.
Ölüm bolmaz (Ylham 21:4). Ölüm sebäpli dökülen ajy gözýaşlar nädip süpüriler? Ýehowa gulak asyjy adamlaryň ählisini direlder. Nädip? Ölüme sebäp bolan zady, ýagny Adam atadan geçen günäni bütinleý ýok eder (Rimliler 5:12). Ýehowa gulak asyjy adamlary Isanyň töleg gurbany esasynda kämillige ýetirer. Soňra soňky duşmanymyz ölüm «ýok ediler» (1 Korinfliler 15:26). Wepaly adamlar Hudaýyň niýetine görä ýer ýüzünde ebedilik kämil bolup ýaşarlar.
Agyry bolmaz (Ylham 21:4). Nähili agyrylar bolmaz? Millionlarça adamlar beden, duýgy hem pikir taýdan ejir çekýärler; günäniň hem bikämilligiň netijesinde döreýän agyrylaryň hiç biri bolmaz.
w03 1/8 sah. 12, abz. 14
Hakykat Hudaýy Ýehowa
Biz Ýehowanyň Sözi arkaly aýdýan zatlaryna ünsli bolmaly. Sebäbi ol öz adyna görä hereket edip, beren sözünde tapylýar. Hudaýa bil baglamaga bizde ençeme sebäpler bar. Biz Ýehowanyň «Hudaýy tanamaýanlara we Halypamyz Isa baradaky hoş habara gulak asmaýanlara» jeza berjekdigine ynamly bolup bileris (2 Selanikliler 1:8). Şeýle-de Ýehowa Sözünde dogrulygy agtarýan adamlary söýýändigini, imanda berk durýan adamlaryň ebedi ýaşaýşa ýetjekdigini, agyryny, agyny hatda ölümi hem ýok etjekdigini wada berýär. Ýehowa soňky sözlerine kepil geçmek üçin Ýahýa resula: «Bulary ýaz, sebäbi bu sözler ygtybarly we hakdyr» diýdi (Ylham 21:4, 5; Süleýmanyň tymsallary 15:9; Ýahýa 3:36).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Ýaşaýyş»
Ýaşaýyş
Ýehowa Adam ata görkezme berende, eger gulak assa, ölmejekdigini aýtdy (1Ms 2:17). Şonuň üçin soňky duşman ölüm ýok edilende, ölümiň sebäpkäri günä hem gulak asyjy adamlaryň üstünden höküm sürmez. Ebedi ýaşaýyşda adamlar asla ölmez (1Kr 15:26). Ylham kitabynda aýdylyşy ýaly, Mesihiň 1 000 ýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda ölüm doly ýok ediler. Şeýle-de Mesih bilen höküm sürjek patyşalar hem ruhanylar «direlip, onuň bilen 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürerler». «Ölenleriň galany bolsa 1 000 ýyl dolýança ýaşaýşy almaz». Ýöne ondan öň Şeýtan düýpsüz çuňlukdan boşadylyp, adamlary synamaga mümkinçilik berler. 1 000 ýylyň ahyrynda ýer ýüzünde adamlar Adam ata bilen How enäniň günä edendigi üçin ýitiren kämilligine ýeter. Olar hakykatdanam kämil ýaşaýşa gowşarlar. Şeýtan düýpsüz çuňlukdan gysga wagtlaýyn boşadylanda, synagdan geçen adamlar ebedi ýaşaýyşda hezil edip ýaşar (Ylh 20:4—10).
it «Ot köli»
Ot köli
Bu jümle diňe Ylham kitabynda gabat gelýär. Elbetde, bu göçme manydaky köli aňladýar. Mukaddes Kitapda «ot köli ikinji ölümi aňladýar» diýip düşündirilýär (Ylh 20:14; 21:8).
Bu kölüň göçme manydaky düşündirişi Ylham kitabynda getirilen salgylarda hasam aýdyň düşündirilýär. Onda «ölümiň... ot kölüne zyňyljakdygy» aýdylýar (Ylh 19:20; 20:14). Ölümi göni manyda ýakyp bolmaýar. Muňa garamazdan, göze görünmeýän ruhy şahsyýet Iblis köle zyňlar. Ruhy şahsyýet bolandygy üçin, oňa ot hiç hili täsir etmeýär (Ylh 20:10; 2Ms 3:2 we Ser 13:20-nji aýatlary deňeşdiriň).
«Ot köli ikinji ölümi aňladýar» we Ylham 20:14-de ölümiň hem mazaryň ot kölüne zyňlandygy aýdylýar. Şol sebäpli bu Adam atadan geçen ölümi (Rim 5:12); ýa-da mazary (gabyr) aňlatmaýar. Aslynda, ot köli göçme manyda ulanylýar. Sebäbi Mukaddes Kitabyň hiç ýerinde «ölüm bilen mazaryň özündäki ölüleri» berişi ýaly, ot kölüniň özündäki ölüleri berendigi aýdylmaýar (Ylh 20:13). Diýmek, Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykyp, toba etmeýänleriň hem «ýaşaýyş kitabyna ady ýazylman», ot kölüne zyňlar, ýagny ikinji ölüm bilen ebedilik ýok ediler (Ylh 20:15).