-
Perişdeler barada näme bilýärsiň?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
2. Şeýtan we jynlar kimler?
Perişdeleriň käbiri Ýehowa dönüklik etdiler. Ilkinji dönük perişdä «Iblis we Şeýtan» diýilýär. Ol «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýar» (Ylham 12:9). Şeýtan hemmeleriň üstünden agalyk etmek isledi, şonuň üçin Adam ata bilen How enäni azdyrdy. Şondan soň käbir perişdeleri hem öz tarapyna geçirdi. Şol perişdelere jynlar diýilýär. Ýehowa olary gökden ýer ýüzüne kowdy, tizden bolsa olary ýok eder (Ylham 12:9, 12-nji aýatlary oka).
3. Şeýtan we jynlar nädip aldaýar?
Şeýtan we jynlar adamlary dürli usul bilen aldaýar. Meselem, köp adamlar jadygöýlik bilen gyzyklanýarlar, palçylara, tebiplere, dogalaýanlara ýa-da dogadan açýanlara ýüz tutýarlar, täleýine garadýarlar. Şeýle-de käbirleri ölüler bilen gepleşip bolýandygyna ynanyp, ölüleri çagyrýan adamlara ýüz tutýarlar. Ýöne Ýehowa: «Jadygöýlere we bilgiçlere ýüz tutmaň» diýýär (3 Musa 19:31). Şeýtan bilen jyn-arwahlar Hudaýyň duşmany, olar bize zyýan ýetirjek bolýar. Şonuň üçinem Ýehowa bizi olardan goramak isleýär.
-
-
Perişdeler barada näme bilýärsiň?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
6. Şeýtan bilen jynlardan gorkmaň
Şeýtan jynlaryň hökümdary. Emma Hudaýa wepaly perişdelere Mikaýyl diýen baş perişde ýolbaşçylyk edýär. Mikaýyl Isanyň başga bir ady. Ylham 12:7—9-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Mikaýyl bilen perişdeleri güýçlümi ýa-da Şeýtan bilen jynlary?
Isanyň şägirtleri Şeýtan bilen jynlardan gorkmalymy?
Sen Şeýtany we jyn-arwahlaryny ýeňip bilersiň. Ýakup 4:7-ni okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Sen Şeýtandan we jynlardan nädip goranyp bilersiň?
-
-
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
2. 1914-nji ýyldan bäri dünýäde nämeler bolýar?
Şägirtleri Isadan: «Seniň gelendigiňi we dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?» diýip soradylar (Matta 24:3). Isa gökde patyşa bolansoň, dünýäde uruşlaryň, açlygyň, ýertitremeleriň, betbagtçylyklaryň boljakdygyny aýtdy (Matta 24:7-ni oka). Şeýle-de «soňky günlerde» adamlaryň häsiýetleriniň erbetleşmegi bilen, durmuş hem has kynlaşýar (2 Timoteos 3:1—5). Şol zatlar 1914-nji ýyldan bäri has köp bolýar.
3. Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlandan bäri erbetlik näme üçin hasam köpeldi?
Isa gökde patyşa bolan badyna, Şeýtan we onuň jynlary bilen söweşdi. Şonda Isa Şeýtany ýeňdi. Şeýtan «perişdeleri bilen ýere zyňyldy» (Ylham 12:9, 10, 12). Şeýtan hem özüniň ýok ediljegini bilip, gahar-gazaba mündi. Ol adamlaryň başyna betbagtçylyk inderip, ejir baryny çekdirýär. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär, ýöne Hudaýyň Patyşalygy şol kynçylyklaryň baryny aýrar.
-
-
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
5. 1914-nji ýyldan bäri dünýäniň ýagdaýy erbetleşýär
Isa patyşa bolansoň, ýer ýüzünde ýagdaýyň erbetleşjekdigini aýtdy. Luka 21:9—11-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Ýer ýüzünde nähili betbagtçylyklar bolýar?
Pawlus resul soňky günlerde adamlaryň erbetleşjekdigini aýtdy. 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.
Adamlarda şu aýatlarda agzalan haýsy häsiýetleri görýärsiň?
-