-
Ylham kitabynda Hudaýyň duşmanlary hakda nähili pygamberlik aýdylýar?Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Maý
-
-
WAGŞY HAÝWANLAR NÄMÄNI AŇLADÝAR?
ÝEDI KELLELI WAGŞY HAÝWAN
Ol deňizden çykyp gelýär, onuň ýedi kellesi, on şahy we on täji bar (Ylh. 13:1—4). Ol adamzat taryhyndaky ähli patyşalyklary aňladýar. Onuň ýedi kellesi Hudaýyň halkynyň üstünden agalyk eden ýa-da olary yzarlan ýedi patyşalygy aňladýar (6—8-nji abzaslar).
6. Ylham 13:1—4-nji aýatlarda aýdylýan ýedi kelleli wagşy haýwan nämäni aňladýar?
6 Ýedi kelleli wagşy haýwan nämäni aňladýar? (Ylham 13:1—4-nji aýatlary okaň). Muňa düşünmäge Danyýar kitaby kömek edýär. Danyýar kitabynyň 7-nji babynda dört sany wagşy haýwan hakda gürrüň edilýär. Olaryň birinjisi ýolbarsa, ikinjisi aýa, üçünjisi alajabarsa meňzeýär, dördünjisiniň bolsa on şahy bar. Şu dört wagşy haýwanyň alamatlary Ylham kitabyndaky bir wagşy haýwanda jemlenýär, ýagny ol alajabarsa meňzeýär, aýaklary aýynyňky, agzy bolsa ýolbarsyňky ýaly; onuň on şahy bar. Şeýle-de oňa «ähli taýpalaryň, halklaryň, dilleriň we milletleriň üstünden höküm sürmäge ygtyýar hem berilýär» (Ylh. 13:7). Diýmek, Ylham kitabyndaky wagşy haýwan bir patyşalygy däl-de, adamzat taryhyndaky ähli patyşalyklary aňladýarb (Nes. 8:9).
-
-
Ylham kitabynda Hudaýyň duşmanlary hakda nähili pygamberlik aýdylýar?Garawul diňi (Ýygnak üçin) — 2022 | Maý
-
-
b Ýedi kelleli wagşy haýwanyň on şahy bardy. Mukaddes Kitapda onluk san dolulygy aňladýar. Diýmek, on şahly, ýedi kelleli wagşy haýwan adamzat taryhyndaky ähli patyşalyklary aňladýar.
-