Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ylham 13-nji bapda agzalýan ýedi kelleli wagşy haýwan nämäni aňladýar?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
      • Mukaddes Kitapda wagşy haýwana berlen 666 diýen sanyň ýa-da adyň «ynsan sanydygy» aýdylýar (Ylham 13:17, 18). Bu jümle Ylham kitabynyň 13-nji babynda agzalýan wagşy haýwanyň ruh ýa-da jyn däl-de, ynsandygyny görkezýär.

  • 666-lyk san nämäni aňladýar?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
    • Ýedi kelleli we on şahly wagşy haýwan; onuň sany, ýagny ady 666

      666-lyk san nämäni aňladýar?

      Mukaddes Kitabyň jogaby

      Mukaddes Kitabyň iň soňky kitabynda aýdylmagyna görä, 666-lyk san deňizden çykyp gelýän ýedi kelleli, on şahly bir wagşy haýwanyň belgisini ýa-da adyny görkezýär (Ylham 13:1, 17, 18). Bu wagşy haýwan «her taýpadan, halkdan, dilden we milletden bolan adamlaryň üstünden höküm sürýän» dünýädäki syýasy guramalary aňladýar (Ylham 13:7). 666 diýen ady syýasy guramalaryň Hudaýyň nazarynda hiç zady başarmaýan nalajedeýindigini görkezýär. Näme üçin şeýle diýse bolar?

      Bu ýöne bir goýlan at däl. Hudaýyň dakýan atlarynyň belli bir manysy bar. Meselem, Hudaý Ybrama («beýik ata» diýmegi aňladýar) «köp milletleriň atasy» etjekdigini wada berip, oňa Ybraýym («köpleriň atasy» diýmegi aňladýar) diýip at goýdy (1 Musa 17:5, çykgyt). Şonuň ýaly-da, Hudaý wagşy haýwana 666 diýen ady berip, onuň käbir aýratynlyklaryny görkezdi.

      6-lyk san bikämilligi aňladýar. Mukaddes Kitapda sanlar köplenç göçme manyda ulanylýar. 7-lik san, adatça, dolulygy ýa-da kämilligi aňladýar. 6-lyk bolsa 7-den bir san kem bolansoň, Hudaýyň nazarynda biderek ýa-da kemçiligi bolan zady suratlandyryp biler. Bu san köplenç Hudaýyň duşmanlary bilen bagly ulanylýar (1 Taryh 20:6; Danyýar 3:1).

      Has nygtamak üçin 3 gezek gaýtalanýar. Mukaddes Kitapda käte bir zady has nygtamak üçin, ol 3 gezek gaýtalanyp aýdylýar (Ylham 4:8; 8:13). 666 diýen san hem adamlaryň syýasy guramalarynyň Hudaýyň nazarynda hiç zady başarmaýan nalajedeýindigini nygtap geçýär. Olar adamlara hemişelik parahat hem-de howpsuz ýaşaýşy berip bilmeýärler, muny diňe Hudaýyň Patyşalygy amala aşyrar.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş