Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/1 sah. 30—32
  • Ylham kitabyndan peýdaly pikirler — I bölüm

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ylham kitabyndan peýdaly pikirler — I bölüm
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «GUZY» ÝEDI MÖHÜRIŇ ALTYSYNY AÇÝAR
  • (Ylh. 1:1—7:17)
  • ÝEDINJI MÖHÜR AÇYLÝAR WE ÝEDI SURNAÝ ÇALYNÝAR
  • (Ylh. 8:1—12:17)
  • Ylham kitabyndan peýdaly pikirler — II bölüm
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Ylham kitabynda gelejek hakda nähili pygamberlik aýdylýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ylham kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
  • Ýer ýüzi Jennet!
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/1 sah. 30—32

Ýehowanyň Sözi diri

Ylham kitabyndan peýdaly pikirler — I bölüm

GARTAŞAN Ýahýa resul Patmos adasynda tussaglykdaka 16 sany görnüş görýär. Ol Hudaýyň gününde, ýagny 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar bolan wagtyndan tä Isanyň müňýyllyk Patyşalygynyň soňuna çenli Ýehowa Hudaýyň we Isa Mesihiň etjek işlerini görýär. Ýahýa şol görnüşleri b. e. takmynan 96-njy ýylynda Ylham kitabynda beýan edýär.

Geliň, indi Ylham 1:1—12:17-nji aýatlardaky peýdaly pikirlere seredeliň. Bu aýatlarda Ýahýanyň gören ilkinji ýedi görnüşi beýan edilýär. Bu görnüşler bizi gyzyklandyrmaly, sebäbi olar şu günler dünýäde bolýan wakalara degişli hem-de tizden Ýehowanyň näme etjegini görkezýär. Bu görnüşleri iman bilen okaýanlar teselli tapar we ruhlandyrar (Ýew. 4:12).

«GUZY» ÝEDI MÖHÜRIŇ ALTYSYNY AÇÝAR

(Ylh. 1:1—7:17)

Ilki Ýahýa Isa Mesihiň şöhratlanandygyny görüp, «görýänleriňi kitaba ýaz-da, ýedi ýygnaga... ýolla» diýen tabşyryk alýar (Ylh. 1:10, 11). Soňra ol görnüşde gökde bir tagt gördi. Tagtyň üstünde Oturanyň sag elinde ýedi möhür bilen möhürlenen bir kitap bardy. Ol «kitaby açmaga... Ýahuda taýpasyndan... bolan Arslan» ýa-da ýedi şahly hem ýedi gözli Guzudan başga hiç kim mynasyp däldi (Ylh. 4:2; 5:1, 2, 5, 6).

Üçünji görnüşde «Guzynyň» ilkinji alty möhüri yzly-yzyna açanda näme bolandygy görkezilýär. Altynjy möhür açylanda ýer gaty çaýkanýar we gazabyň uly güni gelýär (Ylh. 6:1, 12, 17). Emma indiki görnüşde 144 müň adam ýygnanýança «dört perişde... ýeriň dört ýelini saklap durýar». Möhürlenmedik «uly märeke... Guzynyň öňünde durýar» (Ylh. 7:1, 9).

Sowallaryň jogaby:

1:4; 3:1; 4:5; 5:6 — «Ýedi ruh» diýen jümle nämäni aňladýar? Hudaýyň garaýşynda ýedilik san bir zadyň dolulygyny aňladýar. Şol sebäpli «ýedi ýygnaga» iberilen hatlar bütin ýer ýüzünde Hudaýyň halkynyň 100 müňden gowrak ýygnagyna degişlidir (Ylh. 1:11, 20). Ýehowa belli bir maksada ýetmek üçin mukaddes ruhundan geregini berýändigi sebäpli, «ýedi ruh» diýen jümle pygamberlige üns berýänlere düşünje we bereketler eçilýändigini görkezýär. Ylham kitabynda ýedi sanyň ençeme gezek ulanylmagy onuň düzülişiniň kanuna laýyklygyny görkezýär. Bu san dolulygy hem gutarnyklylygy aňladýar we Ylham kitapda Hudaýyň «syrynyň tamamlanjakdygy» barada aýdylýar (Ylh. 10:7).

1:8, 17 — «Alfa we Omega», «Ilkinji hem soňky» diýen atlar kime degişli? «Alfa we Omega» diýen at Ýehowa degişli, sebäbi ondan öň we soň gudraty güýçli Hudaýyň ýokdygyny nygtaýar. Ol «başlangyç we soňdur» (Ylh. 21:6; 22:13). Ylham 22:13-de Ýehowadan öň we soň hiç bir Hudaýyň ýokdygyny görkezmek üçin Oňa «birinji we ahyrynjy» diýilse-de, Ylham kitabynyň birinji babyna görä, «ilkinji hem soňky» diýen sözler Isa Mesihe degişli. Ol adamlaryň arasyndan ölmezlik ruhda «ilkinji» direldilen we Ýehowa tarapyndan «soňky» direldildi (Kol. 1:18).

2:7 — «Hudaýyň jenneti» näme? Bu sözler mesh edilen mesihçilere ýazylandygy üçin, jennete meňzeş Hudaýyň bolýan göklerini aňladýar. Wepaly mesh edilen mesihçilere «ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýmek» sylagy berler. Olar «ölmezlik donuny geýerler» (1 Kor. 15:53).

3:7 — Isa «Dawudyň açaryny» haçan aldy we ony nädip ulanýar? B. e. 29-njy ýylynda Isa suwda çokundyrlandan soň Dawudyň neslinden bellenen patyşa boldy. Emma Isa Dawudyň açaryny b. e. 33-nji ýylynda gökde Hudaýyň sagynda oturandan soň aldy. Şonda ol Dawudyň patyşalygynyň ähli hukuklaryny aldy. Şondan bäri Isa Patyşalyk bilen bagly mümkinçilikleri we borçlary şol açar bilen açýar. 1919-njy ýylda Isa «sadyk hem akylly hyzmatkäre... bütin mal-mülküni» ynanyp, «Dawudyň öýüniň açaryny» berdi (Iş. 22:22; Mat. 24:45, 47).

3:12 — Isanyň «täze ady» näme? Bu at Isanyň täze ornuny we borjuny görkezýär (Flp. 2:9—11). Bu täze ady Isadan başga hiç kim bilmese-de, ol adyny gökde wepaly doganlarynyň maňlaýyna ýazyp, olar bilen ýakyn gatnaşyp başlaýar (Ylh. 19:12). Hatda Isa hormatly borjuny olar bilen ýerine ýetirýär.

Biziň üçin sapak:

1:3. «Garaşylan wagt (Şeýtanyň dünýäsine Hudaýyň hökümi) ýakyndygy» üçin Ylham kitabynyň habaryna düşünmek we şoňa görä ýaşamak wajypdyr.

3:17, 18. Ruhy taýdan baý bolmak üçin, Isadan «ot bilen saplanan altyny» satyn almaly. Munuň üçin biz ýagşy işlere baý bolmaga tagalla etmeli (1 Tim. 6:17—19). Şeýle-de mesihçidigimizi görkezýän «ak egin-eşigi» geýmeli we ruhy taýdan saýgarmak üçin «göz dermany» ulanmaly, ýagny «Garawul diňindäki» maslahatlara eýermeli (Ylh. 19:8).

7:13, 14. 24 ýaşuly 144 müň adamyň gökde şöhratlanyp, diňe bir patyşalar hökmünde däl, eýsem ruhanylar hökmünde gulluk edýänleri aňladýar. Olar gadymy Ysraýyldaky Dawut patyşanyň 24 topara bölen ruhanylaryny suratlandyrýar. Ýaşulularyň biri Ýahýa uly märekäniň kimdigini düşündirýär. Şol sebäpli mesh edilen mesihçiler 1935-nji ýyldan öň direlip başlady. Näme üçin? Sebäbi şol ýyl ýer ýüzündäki Hudaýyň mesh edilen mesihçilerine uly märekäniň kimdigi aýan boldy (Luka 22:28—30; Ylh. 4:4; 7:9).

ÝEDINJI MÖHÜR AÇYLÝAR WE ÝEDI SURNAÝ ÇALYNÝAR

(Ylh. 8:1—12:17)

Guzy ýedinji möhüri açýar. Ýedi perişdä ýedi surnaý berilýär. Olaryň altysy surnaý çalyp, ynsanlaryň «üçden birini», ýagny hristianlaryň höküm ediljegini yglan edýär (Ylh. 8:1, 2, 7—12; 9:15, 18). Bu Ýahýanyň gören bäşinji görnüşidi. Ýahýa indiki görnüşe gatnaşyp, kitapçany iýýär we ybadathanany ölçeýär. Ýedinji surnaý çalnandan soň, batly sesler çykyp, şeýle diýýär: «Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki we Onuň Mesihiniňki boldy» (Ylh. 10:10; 11:1, 15).

Ýedinji görnüşde Ylham 11:15, 17-nji aýatlardaky sözleriň manysy giňişleýin düşündirilýär. Gökden bir uly alamat görünýär. Gökdäki aýal bir ogul dogurýar. Iblis gökden zyňylýar. Ol gökdäki aýala gaharlanyp, «aýalyň neslinden galanlar» bilen uruşmaga gidýär (Ylh. 12:1, 5, 9, 17).

Sowallaryň jogaby:

8:1—5 — Näme üçin gökde ümsümlik boldy we soňra ýer ýüzüne näme zyňyldy? Ýer ýüzündäki «mukaddesleriň dogalary» eşidiler ýaly, göçme manyda, gökde ümsümlik bolýar. Bu Birinji Jahan urşunyň soňunda boldy. Milletleriň döwri tamamlananda, köpleriň garaşmagyna görä, mesh edilen mesihçiler göge galmady. Olar uruş döwründe kynçylyk çekendigi üçin, indi, görkezme barada gyzgyn doga edýärler. Perişde olaryň dogasyna jogap berip, ýer ýüzüne, göçme manyda, ody zyňyp, olary ruhy taýdan oýardy. Olaryň sany az bolsa-da, bütindünýä wagyz işine başlap, Hudaýyň Patyşalygyny wajyp mesele edip, hristian dünýäsini paş etdi. Mukaddes Ýazgylardaky duýduryş habarlary gök gürrüldisi kimin seslendi, Hudaýyň Sözündäki hakykat ýyldyrym ýaly çakdy we ýer titremede jaýyň sarsyşy ýaly, ýalan diniň mülki düýbüne çenli sarsdy.

8:6—12; 9: 1, 13; 11:15 — Haçan ýedi perişde surnaý çalmaga taýýarlandy we surnaý haçan hem nädip batly çalyndy? Ýedi surnaý çalynmazdan öň, 1919-njy ýyldan 1922-nji ýyla çenli ýer ýüzünde ruhy taýdan direlen Ýahýanyň toparynyň agzalaryna görkezme berildi. Şonda mesh edilen mesihçiler wagyz işini dikeltdi we çaphanalar gurdy (Ylh. 12:13, 14). Surnaýyň çalynmagy Hudaýyň halkynyň perişdeler bilen Şeýtanyň dünýäsine garşy Ýehowanyň hökümlerini mertlik bilen yglan etmegini aňladýar. Bu 1922-nji ýylda Sidar-Poýnte (Ogaýo ştaty ABŞ) geçirilen kongresden başlap, şu soňky günlere we agyr muşakgata çenli dowam eder.

8:13; 9: 12; 11:14 — Soňky üç perişdäniň çaljak surnaýynyň «waý» sesi nämäni aňladýar? Ilkinji dört surnaýyň sesi hristian dünýäsiniň ruhy taýdan ölüdigini yglan etmegi aňladýar. Soňky üç waý «aýratyn wakalary» görkezýär. Bäşinji surnaýyň sesi 1919-njy ýylda Hudaýyň halkynyň hereketsiz «guýudan» azat edilendigini we mesihçileriň dyngysyz wagyz edýändigini habar berýär. Bu wagyz hristian dünýäsine azar beriji ýara boldy (Ylh. 9:1). Altynjy surnaý taryhda ilkinji gezek sansyz-sajaksyz atly goşunyň uly çozuşyndan we 1922-nji ýylda bütindünýä wagyz işi başlamazdan öň çalynýar. Soňky surnaýyň sesi Mesihi Patyşalygyň doglanyny yglan edýär.

Biziň üçin sapak:

9: 10, 19. «Sadyk hem akylly hyzmatkäriň» Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlaryndaky habar çakmagyny dowam edýär (Mat. 24:45). Bu habarlar «içýanlaryňky ýaly guýruklarynda iňňesi» bolan çekirtgä we «ýylana meňzeş guýrukly» atly goşuna meňzedilýär. Näme üçin? Sebäbi bu edebiýatlarda «Ýehowanyň gazap güni» duýdurylýar (Iş. 61:2). Geliň, bu habarlary yhlasly we mertlik bilen yglan edeliň.

9: 20, 21. Hristian dinine degişli bolmadyk ýurtlarda ýaşaýan birnäçe pesgöwünli adamlar biziň aýdýan habarymyza gowy seslenýärler. Emma ol ýurtlardaky «galan ynsanlaryň» köpüsi hakykaty kabul etmeýär. Ýöne biz wagyz etmegimizi dowam edýäris.

12:15, 16. «Ýer», ýagny Şeýtanyň dünýäsine degişli käbir hökümdarlar dini azatlygy goldaýar. 1940-njy ýyllardan başlap, şol hökümdarlar «aždarhanyň agzyndan akdyran derýasyny (yzarlamalary) ýuwudýar». Şeýle ýagdaýda Ýehowa öz islegini amala aşyrmak üçin hökümdarlara täsirini ýetirýär. Şol sebäpli Süleýmanyň tymsallary 21:1-de şeýle diýilýär: «Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde suw ýaplary ýalydyr; Ol ony Öz islän tarapyna öwürýändir». Bu biziň Hudaýa bolan imanymyzy berkitmeli.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş