-
Dinler Hudaý barada ýalan zatlary öwredýärEbedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
2. Dinler Hudaýyň adyny nädip garalaýar?
Ýehowa adamlary gowy görýär. Ýöne dini ýolbaşçylar adamlaryň aladasyny etmeýär, olar diňe özüni bilýärler. Mukaddes Kitapda olaryň «günäleri köpelip, göge ýetdi» diýilýär (Ylham 18:5). Asyrlarboýy dinler syýasata, uruşlara goşulyp, birgiden bigünä adamlaryň ganyna galdylar. Käbir dini ýolbaşçylar keýpi-sapa edip, adamlaryň hasabyna ýaşaýarlar. Olar Hudaý bilen dostlaşmagyň deregine, erbet işleri edip, ondan daşlaşýarlar. Şonuň üçin olar adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edip bilmez (1 Ýahýa 4:8-i oka).
-
-
Ýehowa wepaly bol!Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
-
-
Luka 4:8 we Ylham 18:4, 5-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.
Men öňki dinden doly çykdymmy ýa-da henizem däp-dessurlaryna gatnaşýarynmy?
Men ýalan din bilen baglanyşykly guramalaryň agzasymy?
Işde ýalan din bilen bagly zatlary etmeli bolýarynmy?
Ýalan din bilen baglanyşykly ýene-de gaça durmaly zatlarym barmy?
Eger entegem ýalan dinden çykmadyk bolsam, doly çykmak üçin näme edip bilerin?
Her bir ýagdaýda dogry karara geliň, şonda ynsabyňyzy arassa saklap, Ýehowa wepaly bolarsyňyz.
Dini çäreler üçin sadaka sorasalar näme edersiňiz?
ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Imandan dänenem bolsa, näme diýýänini diňläp göreýin. Belki, Ýehowa dolanmaga kömek ederin».
-