Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 97
  • Isa pygamberiň gelmegi nämäni aňladýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa pygamberiň gelmegi nämäni aňladýar?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Mesih gelende, goýunlary geçilerden saýlar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Mesihiň doganlaryna wepaly boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 97
Isa eli gylyçly ruhy şahsyýet hökmünde suratlandyrylýar

Isa pygamberiň gelmegi nämäni aňladýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryna höküm çykarmaga geljekdigi barada birnäçe gezek agzalýara. Meselem, Matta 25:31—33-nji aýatlarda şeýle diýilýär:

«Ynsan ogly-da (Isa Mesih) ähli perişdeleri we uly ygtyýar bilen gelende, şöhratly tagtynda oturar. Ähli halklar onuň öňüne ýygnalar, şonda çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, ol hem adamlary iki topara böler. Ol goýunlary sag tarapynda, geçileri bolsa çep tarapynda goýar».

Bu höküm ynsan taryhynda hiç haçan bolmadyk «agyr muşakgatyň» bir bölegi bolar. Onuň soňky tapgyry Armageddon söweşi bilen tamamlanar (Matta 24:21; Ylham 16:16). Şonda Isa pygamberiň «geçiler» hökmünde suratlandyrylan duşmanlary höküm ediler we «olar ebedilik jezasyny çekerler» (2 Selanikliler 1:9; Ylham 19:11, 15). Emma onuň «goýunlar» hökmünde suratlandyrylan gullukçylary «ebedi ýaşaýşa gowşarlar» (Matta 25:46).

Isa pygamber haçan geler?

Isa Mesih: «Şol güni we sagady hiç kim... bilýän däldir» diýdi (Matta 24:36, 42; 25:13). Ýöne ol gelmeginiň öň ýanynda boljak birnäçe wakadan ybarat bolan alamat barada aýtdy. Bu alamat onuň gelmeginiň golaýdygyny görkezmelidi (Matta 24:3, 7—14; Luka 21:10, 11).

Isa pygamber ruhy bedende gelermi ýa-da ynsan bedeninde?

Isa pygamber ruhy bedende direldi, şol sebäpli ol ynsan bedeninde gelmez (1 Korinfliler 15:45; 1 Petrus 3:18). Ol ölmezinden bir gün öň resullaryna: «Az wagtdan dünýä meni gaýdyp görmez» diýdi (Ýahýa 14:19).

Isa pygamberiň gelşi baradaky ýalan düşünjeler

Ýalan düşünje: Mukaddes Kitapdaky «(Isanyň) gökdäki bulutlarda... gelýänini görerler» diýen sözler onuň göze görnüp geljekdigini görkezýär (Matta 24:30).

Delil: Mukaddes Kitapda köplenç «bulut» sözi göze görünmeýän zatlar suratlandyrylanda ulanylýar (3 Musa 16:1; 4 Musa 11:25; 5 Musa 33:26). Meselem, Hudaý Musa pygambere: «Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi (2 Musa 19:9). Musa pygamber Hudaýy görmedi. Şonuň ýaly-da Mesih «gökdäki bulutlarda... geler» diýlende, adamlaryň onuň gelşini gözi bilen görmeseler-de, anyklap biljekdiklerini görkezýär.

Ýalan düşünje: Isa pygamberiň gelmegi bilen bagly Ylham 1:7-däki «her kes ony görer» diýen sözlere göni manyda düşünmeli (Ylham 1:7).

Delil: Grek dilinden «göz» we «görmek» diýip terjime edilen sözler, «anyklamak» ýa-da «düşünmek» diýmegi aňladýarb (Matta 13:15; Luka 19:42; Rimliler 15:21; Efesliler 1:18). Mukaddes Kitapda direlen Isa «hiç kimiň görmedik hem görüp bilmejek ýagtylygynda ýaşaýandyr» diýilýär (1 Timoteos 6:16). Diýmek, «her kes ony görer» diýen sözler adamlaryň Isa pygamberiň Hudaýyň hökümini berjaý edýändigine doly düşünjekdigini görkezýär (Matta 24:30).

Ýalan düşünje: 2 Ýahýa 7-däki sözler Isa pygamberiň ynsan bedeninde geljekdigini görkezýär.

Delil: Bu aýatda şeýle diýilýär: «Dünýäde Isa Mesihiň bedende gelendigini inkär edýän aldawçylar köpeldi» (2 Ýahýa 7).

Ýahýa resulyň döwründe käbir adamlar Isanyň ynsan bedeninde gelendigini inkär edýärdiler. Olara gnostikler, ýagny dine we pelsepelere esaslanan düşünjä eýerýän adamlar diýilýärdi. 2 Ýahýa 7-däki sözler şu taglymaty ýalana çykarmak üçin ýazylypdy.

a Köp adamlar Mesihiň «ikinji gelşi» diýen düşünjä ynansalar-da, Mukaddes Kitapda şeýle jümle ulanylmaýar.

b «The New Thayer‘s Greek-English Lexicon of the New Testament» kitabyna serediň (1981, sah. 451 we 470).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş