Şöhratly Patyşa Isa Mesihi garşylaň!
«Şanyňda ýeňişli atlan». ZEB. 45:4
1, 2. 45-nji mezmurdaky wakalar bizi näme üçin gyzyklandyrýar?
ŞÖHRATLY patyşa hakykatyň we dogrulygyň hatyrasy üçin duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanmaga barýar. Ol doly ýeňiş gazanandan soň, söýgüli gelinligi bilen toý tutar. Adamlar bu patyşany nesilden-nesle şöhratlandyrýarlar. Bu hakda 45-nji mezmurda gürrüň berilýär.
2 Ondaky wakalar biziň häzirki ýaşaýşymyza we gelejegimize güýçli täsir edýär. Geliň, häzir oňa ünsli seredeliň.
«MENIŇ ÝÜREGIM OŇAT SÖZ BILEN JOŞÝAR»
3, 4. a) «Oňat sözler» näme we ol bize nähili täsir edýär? b) Biz Patyşamyz hakda nähili «oňat sözleri» gürrüň berýäris we nädip «dilimiz çalasyn ýazyjynyň galamy» ýaly bolýar?
3 Zebur 45:1-i okaň. Patyşa baradaky «oňat sözler» mezmurçynyň ýüregini joşdurýardy. Ol patyşa barada pikirlenende, «dili çalasyn ýazyjynyň galamy» kimin bolýardy.
4 Biz barada näme diýse bolar? Patyşalyk baradaky hoş habar «oňat sözler» kimin biziň-de ýüregimize täsir edýär. 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygy gökde berkarar bolanda, bu habar has-da «oňat» boldy. Biz «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habary hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz edýäris» (Mat. 24:14). Eýsem, Patyşalyk habary biziň ýüregimizi «joşdurmaýarmy»? Biz ol barada yhlasly wagyz etmeýärismi näme?! Mezmurçy ýaly biziň hem ýüregimiz Patyşamyz Isa Mesih hakda «oňat söz bilen joşýar». Biz onuň gökde Patyşa bolup höküm sürýändigini gürrüň berýäris; ähli adamlary, şol sanda patyşalardyr hökümdarlary oňa tabyn bolmaga çagyrýarys (Zeb. 2:1, 2, 4—12). Galyberse-de, wagyzda Hudaýyň Sözüni ulananymyzda, «dilimiz çalasyn ýazyjynyň galamy» ýaly bolýar.
Biz Patyşamyz Isa Mesih barada şatlykly wagyz edýäris
«DODAKLARYŇA NÄZIKLIK ÇAÝYLYPDYR»
5. a) Isa haýsy manyda «owadan»? b) Patyşanyň dodaklaryna nädip näziklik çaýylypdyr we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
5 Zebur 45:2-ni okaň. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň daş keşbi hakda kän agzalmaýar. Ol kämil adam hökmünde «owadan» bolan bolmaly. Emma ony Ýehowa wepalylygy we aýypsyzlygy has-da owadan edýär. Şeýle-de Isa Patyşalyk baradaky habary wagyz edende, «mähirli sözleri» ulanýardy (Luka 4:22; Ýahýa 7:46). Biz hem wagyzda adamlaryň ýüregine täsir edýän sözleri tapmaga çalyşýarysmy? (Kol. 4:6).
6. Hudaý Isany nädip patalady?
6 Ýehowa Isanyň wepalylygy üçin sylaglady. Pawlus resul şeýle ýazdy: «(Isa)... ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi» (Flp. 2:8, 9). Hawa, Ýehowa Isany direltdi we «ölüm Oňa agalyk etmez» (Rim. 6:9).
«SENI ÝOLDAŞLARYŇDAN KÖP MESH ETDI»
7. Hudaý haýsy manyda Isany «ýoldaşlaryndan köp mesh etdi»?
7 Zebur 45:6, 7-nji aýatlary okaň. Isa dogrulygy çuňňur söýýändigi we Atasynyň halamaýan zatlaryny ýigrenýändigi üçin, Ýehowa ony Patyşa edip belledi. Isa «şatlyk ýagy bilen» mesh edilen ýoldaşlaryndan, ýagny Dawudyň neslinden bolan ýehudy patyşalaryndan has köp mesh edildi. Haýsy manyda? Birinjiden, Isany Ýehowanyň hut Özi mesh etdi. Ikinjiden, Ýehowa ony hem Patyşa, hem Baş ruhany edip belledi (Zeb. 2:2; Ýew. 5:5,6). Şeýle-de Isa ýag bilen däl-de, mukaddes ruh bilen mesh edildi we ol ýer ýüzünde däl-de, gökde höküm sürer.
8. Hudaý haýsy manyda Isanyň tagtydyr? Biz näme üçin Isanyň adalatly höküm sürjekdigine ynanýarys?
8 Isa 1914-nji ýylda gökde Patyşa boldy. Onuň «patyşalygynyň hasasy dogrulyk hasasydyr». Bu onuň adalatly we dogruçyl höküm sürjekdigini görkezýär. Isa Patyşa bolmaga hakly, sebäbi onuň tagty — Hudaýdyr, ýagny ony Ýehowa belledi. Isanyň tagty «ebedi hem mydamlykdyr». Biz Hudaýyň bellän Patyşasynyň ýolbaşçylygynda wagyz edýändigimize begenmeýärismi?!
PATYŞA «GYLYJYNY... BILINE DAKÝAR»
9, 10. a) Mesih haçan gylyjyny biline dakdy we ony nädip ulandy? b) Mesih gelejekde gylyjyny nädip ulanar?
9 Zebur 45:3-i okaň. Ýehowa Ogluna «gylyjyny... biline dakmagy» tabşyrýar. Bu Isanyň Hudaýyň hökümdarlygynyň duşmanlaryna höküm çykarmaga ygtyýarynyň bardygyny görkezýär (Zeb. 110:2). Mesih ýeňilmez Söweşiji Patyşadyr, şol sebäpli oňa «gudratly» diýilýär. Ol 1914-nji ýylda «gylyjyny... biline dakyp», Şeýtany we jynlaryny gökden ýere zyňdy (Ylh. 12:7—9).
10 Bu Patyşanyň ýeňişli ýörişiniň diňe başlangyjydyr (Ylh. 6:2). Ol Şeýtanyň zalym dünýäsiniň üstünden çykarylan hökümi doly amala aşyrar. Ilki bilen, ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Babyl ýok ediler. Ýehowa bu «kemçini» ýok etmek üçin syýasy ýolbaşçylary ulanar (Ylh. 17:16, 17). Soňra Söweşiji Patyşa dünýäniň syýasy guramalaryny ýere ýegsan eder. «Dowzah guýusynyň perişdesi» diýlip atlandyrylýan Isa Şeýtany we onuň jynlaryny düýpsüz çuňluga zyňyp, olaryň üstünden doly ýeňiş gazanar (Ylh. 9:1, 11; 20:1—3). Geliň, häzir 45-nji mezmurdaky bu ajaýyp wakalara seredeliň.
PATYŞA «HAKYKAT ÜÇIN ATLANÝAR»
11. Mesih nädip «hakykat üçin atlanýar»?
11 Zebur 45:4-i okaň. Söweşiji Patyşa ýerleri basyp almak we halklary özüne tabyn etdirmek üçin söweşmez. Ol pähimli iş üçin adalatly söweş alyp barar. Isa «hakykat, mylakatlylyk» üçin ýöriş eder. Ol Ýehowanyň Älem-jahanyň Hökümdarydygy baradaky iň wajyp hakykaty goraýar, çünki Şeýtan Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygyny şübhä goýdy. Şeýtanyň tarapyna geçen jynlardyr adamlar bu wajyp hakykaty ýalana çykarjak bolýarlar. Häzir Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygyny hemişelik subut etmegiň tüýs wagtydyr.
12. Patyşa haýsy manyda «mylakatlylyk üçin» atlanýar?
12 Şeýle-de Patyşa «mylakatlylyk üçin» atlanýar. Ol Atasyna tabyn bolup, hakyky kiçigöwünliligi görkezýär (Iş. 50:4, 5; Ýahýa 5:19). Patyşanyň raýatlary onuň göreldesine eýerip, ähli zatda Ýehowa tabyn bolmaly. Diňe şeýle adamlar Hudaýyň wada edýän täze dünýäsinde ýaşamaga mynasyp bolar (Zak. 14:16, 17).
13. Mesih nädip «dogrulyk üçin» söweşer?
13 Mesih «dogrulyk üçin» hem söweşer, çünki ol Ýehowanyň ýagşy-ýaman baradaky kadalaryny goraýar (Rim. 3:21; Kan. tag. 32:4). Işaýa pygamber: «Patyşa dogrulyk bilen şalyk eder» diýip ýazdy (Iş. 32:1). Mesihi Patyşalyk «täze gökleri» we «täze ýeri» berkarar eder, «olarda bolsa dogrulyk höküm sürer» (2 Pet. 3:13). Täze dünýäni miras aljak adamlar Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşap, lezzet alarlar (Iş. 11:1—5).
PATYŞA «GORKUNÇ ZATLARY» AMALA AŞYRÝAR
14. Mesihiň sag eli nähili «gorkunç zatlary» amala aşyrar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
14 Mezmurçy Patyşanyň «biline gylyjyny dakandygy» barada aýdypdy (Zeb. 45:3). Wagty gelende, ol gylyjyny sag eline alar. Mezmurçy Isa hakda: «Sag eliň Saňa gorkunç zatlar öwreder» diýip pygamberlik etdi (Zeb. 45:4). Isa Mesih Armageddonda Ýehowanyň hökümini amala aşyrmaga gelende, duşmanlary üçin «gorkunç zatlary» eder. Biz Isanyň nämeleri ulanjakdygyny anyk bilmeýäris. Emma Hudaýyň duýduryşyna gulak asmaýan we Onuň Patyşasyny kabul etmeýän adamlaryň gorkudan ýaňa ýüregi partlara ýeter (Zebur 2:11, 12-nji aýatlary okaň). Isanyň soňky günler baradaky pygamberligine görä, «adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän belalara garaşmakdan ýaňa huşlaryny gaçyrar, çünki gögüň gudratlary titrär. Şonda olar Ynsan Oglunyň bulut içinde gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görerler» (Luka 21:26, 27).
15, 16. Gökdäki «goşunlar» kimlerden ybarat?
15 Hudaýyň hökümini amala aşyrmak üçin «gudrat hem uly şöhrat bilen» gelýän Patyşa barada Injilde şeýle diýilýär: «Gögüň açylyp, öňümde bir ak atyň duranyny gördüm. Onuň üstünde oturanyň ady Dogruçyl we Çyndyr. Ol adalatly höküm çykaryp söweşýändir. Ak, tämiz we nepis keteni geýnen gökdäki goşunlar ak atlara münüp, Onuň yzyndan gelýärdi. Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir gylyç çykýar. Onuň Özi olary demir taýak bilen bakar, her zada güýji ýetýän Hudaýyň otly gazabynyň şerabyny öndürýän üzüm gysajyny Özi gysar» (Ylh. 19:11, 14, 15).
16 Mesih bilen söweşe gitjek gökdäki «goşunlar» kimden ybarat? Isa Şeýtany we onuň jynlaryny gökden ýere zyňanda, ol muny öz «perişdeleri» bilen edipdi (Ylh. 12:7—9). Diýmek, Mesih Armageddonda mukaddes perişdeleri bilen geler. Mesihiň goşunyna ýene kimler degişli? Isa mesh edilen şägirtlerine şeýle wada beripdi: «Özümiň Atamdan ygtyýar alşym ýaly, Men-de ýeňene, buýruklarymy soňuna çenli berjaý edene milletler üstünden ygtyýar bererin. Ol hem olary demir taýak bilen bakar, toýundan ýasalan gaplar kimin derbi-dagyn eder» (Ylh. 2:26, 27). Görşümiz ýaly, Mesihiň goşunyna gökde sylagyny aljak mesh edilen mesihçiler hem degişlidir. Isa milletleri demir taýak bilen bakyp, «gorkunç zatlary» edende, olar hem onuň ýanynda bolar.
PATYŞA ÝEŇIŞ GAZANÝAR
17. a) Mesihiň ak ata münmegi nämäni görkezýär? b) Gylyç hem-de ýaý nämäni aňladýar?
17 Zebur 45:5-i okaň. Patyşanyň münen ak aty onuň adalatly we Hudaýa ýaramly söweşi alyp barýandygyny görkezýär (Ylh. 6:2; 19:11). Onuň gylyjyndan başga ýaýy hem bar. Gylyç hem-de ýaý Hudaýyň duşmanlarynyň ýok ediljekdigini aňladýar.
Ýeri arassalamak üçin guşlar çagyrylar (18-nji abzasa serediň)
18. Mesihiň «oklary» näme eder?
18 Mezmurçy Patyşa hakda şeýle şahyrana sözler bilen pygamberlik etdi: «Seniň oklaryň patyşanyň duşmanlarynyň ýüregine sanjylar; halklar Seniň aýaklaryň astyna ýykylar». Söweş bütin ýer ýüzünde bolar. Ýermeýa pygamber: «Ol gün Rebbiň öldürenleri ýeriň bir ujundan beýleki ujuna ýeter» diýdi (Ýer. 25:33). Başga bir pygamberlikde şeýle diýilýär: «Onsoň Günde duran bir perişde gördüm. Ol batly ses bilen gygyryp, gögüň ortasynda uçup ýören guşlara şeýle diýdi: „Patyşalaryň, serkerdeleriň, güýçli adamlaryň etini, atlaryň, olaryň üstündäkileriň etini, azatlaryň, gullaryň, kiçileriň, ulularyň hemmesiniň etini iýmek üçin üýşüp, Hudaýyň uly zyýapatyna geliň!“» (Ylh. 19:17, 18).
19. Mesih nädip doly ýeňiş gazanar?
19 Mesih Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edenden soňra, «şanynda ýeňişli atlanar» (Zeb. 45:4). Ol Şeýtany we onuň jynlaryny düýpsüz çuňluga zyňar (Ylh. 20:2, 3). Olar ýer ýüzünde ýaşajak adamlara täsirini ýetirip bilmez; Patyşalygyň raýatlary şanynda ýeňiş gazanan Patyşasyna tabyn bolup ýaşarlar. Emma ýer ýüzi Jennete öwrülmänkä, adamlarda şatlanmaga ýene-de bir sebäp bolar. Bu şatlykly waka barada indiki makaladan bileris.