Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Hiç zat sizi Ýehowadan daşlaşdyrmasyn
    Garawul diňi — 2013 | 15 ýanwar
    • Hiç zat sizi Ýehowadan daşlaşdyrmasyn

      «Şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň». ÝEŞ. 24:15

      JOGAP BERMÄGE SYNANYŞYŇ

      • Işe nähili garamaly?

      • Siz dynç almak we göwün açmak meselesinde nädip paýhasly bolup bilersiňiz?

      • Maşgalaňyzdan biri Ýehowany terk etse, bu hasraty nädip ýeňip bilersiňiz?

      1—3. a) Ýeşuwa dogry ýol saýlamakda nähili gowy görelde görkezdi? b) Biz karara gelmeli bolanda nämäni göz öňünde tutmaly?

      «SAÝLAMAK» — bu örän täsirli söz. Saýlamaga haky bolan adamyň öz pikir bolýar we ol durmuş ýoluna belli bir derejede gözegçilik edip bilýär. Bir mysala seredeliň. Ýöräp barýan adamyň ýoly birdenkä ikä bölünýär. Ol haýsy ýoly saýlar? Eger ol barmaly ýerini göz öňünde tutsa, maksadyna tiz ýetmäge kömek etjek ýoly saýlar, beýleki ýol bolsa yzda galar.

      2 Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýagdaýa düşen ençeme adamlaryň mysallary getirilýär. Meselem, Kabyl ýa gaharyna ýol bermelidi, ýa-da oňa erk etmelidi (Gel. çyk. 4:6, 7). Ýeşuwa bolsa, ýa hak Hudaýa, ýa-da ýalan taňrylara sežde etmegi saýlamalydy (Ýeş. 24:15). Ýeşuwanyň maksady Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny saklamakdy, şol sebäpli ol Hudaýa ýakynlaşdyrýan ýoly saýlady. Kabylyň maksady ondan tapawutlanýardy, şoňa görä-de, ol Ýehowadan daşlaşdyrýan ýoly saýlady.

      3 Göçme manyda aýdanyňda, bizem käte iki ýoluň çatrygynda durup, ýörejek ýolumyzy saýlamaly bolýarys. Eger sen hem şeýle ýagdaýda bolsaň, onda seniň maksadyň — ähli edýän işleriň bilen Ýehowany şöhratlandyryp, Ondan daşlaşdyrýan zatlardan gaça durmaly (Ýewreýler 3:12-ni okaň). Biz şu we indiki makalada Ýehowadan daşlaşdyryp biljek ýedi zada serederis.

      IŞ WE WEZIPÄ KOWALAŞMAK

      4. Eklenmek üçin näme wajyp?

      4 Mesihçiler özüni we maşgalasyny eklemäge borçly. Mukaddes Ýazgylarda öz ýakynlarynyň aladasyny etmeýän adamyň imansyzdan beter bolandygy barada aýdylýar (2 Sel. 3:10; 1 Tim. 5:8). Hawa, ýaşamak üçin işlemek gerek. Emma biz seresap bolmaly, çünki iş we wezipä kowalaşmak Ýehowadan daşlaşdyryp biler. Nädip?

      5. Iş teklip edenlerinde nämeleri göz öňünde tutmaly?

      5 Aýdaly, sen iş gözleýärsiň. Eger ýaşaýan ýeriňde iş tapmak kyn bolsa, onda seniň islendik işde işlemäge razylaşmagyň mümkin. Ol iş Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän bolsa näme? Eger iş sagadyň ýa-da ýola sarp edýän wagtyň ruhy işleriňe päsgel berip, ýa-da maşgala agzalaryňdan daşlaşdyrsa näme? Işsiz oturanymdan islendik işde işlänim gowudyr diýmek dogrumy? Ýadyňda bolsun, nädogry saýlanan ýol Ýehowadan daşlaşdyryp biler (Ýew. 2:1). Sen iş gözleseň-de, işleýän işiň barada oýlansaň-da nädip dogry karara gelip bilersiň?

      6, 7. a) Adam iş babatda nähili maksatlar goýup biler? b) Haýsy maksat seni Ýehowa ýakynlaşdyrar we näme üçin?

      6 Ýokarda aýdylyşy ýaly, barmaly ýeriňi unutmaly däl. Özüňize şeýle sorag beriň: «Meniň nirede işläsim gelýär ýa-da näme gazanmak isleýärin?» Eger sen Ýehowa gulluk etmek üçin özümi we maşgala agzalarymy eklemeli diýip, işe dogry garaýyşda bolsaň, onda Ýehowa seniň edýän tagallaňa ak pata berer (Mat. 6:33). Sen işsiz galanyňda-da, ykdysady ýagdaý pese düşende-de, Ýehowa seni çöreksiz goýmaz (Iş. 59:1). Ol «hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini... bilýär» (2 Pet. 2:9).

      7 Eger sen baýamak isleýän bolsaň näme? Belki-de, sen üstünlik gazanarsyň. Ýöne bu «üstünlik» sebäpli köp zatdan mahrum boljagyňy unutma (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň). Baýamak we wezipä kowalaşmak Ýehowadan daşlaşdyrar.

      8, 9. Ata-eneler işe bolan garaýşy barada pikirlenende nämäni göz öňünde tutmaly? Düşündiriň.

      8 Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, olara göreldäňiz bilen nähili täsir etjekdigiňiz hakynda oýlanyň. Olar sizde nämäni görýärler: wezipä kowalaşýandygyňyzymy ýa-da Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyňyzy wajyp saýýandygyňyzy? Eger siz at-abraý gazanmagy we baýlygy birinji orunda goýmagy wajyp saýsaňyz, olar-da siziň ýaly ölüme eltýän ýoly saýlamazmy?! Şonda siziň ata-ene hökmündäki abraýyňyz gaçmazmy? Bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Men kakam barada oýlananymda, onuň hemişe iş bilen başagaýdygy ýadyma düşýär. Şonda biz kakam maşgalasyny iň gowy zatlar bilen üpjün etmek üçin agyr zähmet çekýändir öýtdük. Ol biziň gowy ýaşamagymyzyň aladasyny edýärdi. Emma wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaý üýtgedi. Ol gije-gündiz işläp, gerekli zatlardan başga-da artykmaç zatlary getirip başlady. Netijede, biz ruhy taýdan ösmäge kömek edýän däl-de, baý maşgala hökmünde tanaldyk. Men bolsa, kakamyň puluna däl-de, onuň ruhy goldawyna mätäçdim».

      9 Ata-eneler, siz wezipä kowalaşyp, Ýehowadan daşlaşmaň! Öz göreldäňiz bilen çagalaryňyza hakyky baýlygyň maddy zatlarda däl-de, ruhy zatlardadygyny görmäge kömek ediň (Mat. 5:3).

      10. Wezipe gazanmak isleýän ýaşlar näme barada oýlanmaly?

      10 Aýdaly, sen ýaşsyň we wezipeli bolasyň gelýär. Şonda sen nädip dogry ýoly saýlap bilersiň? Ýokarda aýdylyşy ýaly, sen gelejekde nämäniň garaşýandygyny bilmeli. Seniň aljak bilimiň we işiň Patyşalyk işlerini birinji ýerde goýmaga ýol berermi ýa-da Ýehowadan daşlaşdyrar? (2 Tim. 4:10). Käbir adamlar puly köp bolsa, özlerini bagtly, az bolsa-da bagtsyz duýýarlar. Sen hem şeýle adamlara meňzemek isleýärmiň? Ýa-da sen Dawut ýaly ynamly bolup bilermiň? Dawut şeýle diýdi: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym we dogry adamyň terk edilenligini ýa onuň zürýadynyň çörek dilänini görmedim» (Zeb. 37:25). Sen bir ýoluň Ýehowadan daşlaşdyrjakdygyny, beýleki ýoluň ajaýyp ýaşaýşa eltjekdigini unutma (Süleýmanyň tymsallary 10:22; Malaky 3:10-y okaň). Sen bu ýollaryň haýsysyny saýlarsyň?a

      DYNÇ ALMAK WE GÖWÜN AÇMAK

      11. Mukaddes Ýazgylarda dynç almak we göwün açmak barada näme diýilýär, ýöne nämäni unutmaly däl?

      11 Mukaddes Ýazgylar gülüşmegi, dynç almagy we göwün açmagy ýazgarmaýar. Pawlus resul Timoteosa: «Beden maşkynyň peýdasy azdyr» diýip ýazdy (1 Tim. 4:8). Hatda Mukaddes Ýazgylarda «gülmegiň öz wagtynyň» hem-de «tans etmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar. Hawa, bularyň ählisi gowy dynç almaga ýardam edýär (Wag. 3:4; 4:6). Emma seresap bolmasak, dynç almak we göwün açmak Ýehowadan daşlaşdyryp biler. Şol sebäpli olaryň iki howply tarapyna seredeliň: nädip dynç almaly we oňa näçe wagt sarp etmeli.

      12. Sen saýlan göwün açmaň ýa-da dynç alşyň babatda nämeleri göz öňüne tutmaly?

      12 Geliň, ilki bilen, nädip dynç almalydygyna seredeliň. Sen göwün açmanyň ýa-da dynç almagyň peýdaly boljak, ýa-da bolmajakdygyna üns bermeli. Gynansak-da, olaryň köpüsi Hudaýyň ýigrenýän işlerini, ýagny zorlugy, spiritizmi we ahlaksyzlygy şöhratlandyrýar. Şonuň üçin olary örän ünsli saýlamaly. Saýlan göwün açmaň ýa-da dynç alşyň saňa nähili täsir edýär? Olar seni zorluga, bäsdeşlige ýa-da milletparazlyga iterýärmi? (Sül. tym. 3:31). Olara köp pul harç edýärmiň? Başgalary büdredýärmi? (Rim. 14:21). Sen nähili adamlar bilen göwün açyp, dynç alýarsyň? (Sül. tym. 13:20). Olar seni erbet işleri etmäge höweslendirýärmi? (Ýakup 1:14, 15).

      13, 14. Göwün açmaga wagt sarp edeniňde nämäni göz öňüne tutmaly?

      13 Indi dynç almaga we göwün açmaga näçe wagt sarp etmelidigine seredeliň. Özüňe şeýle sorag ber: «Men dynç almaga köp wagt, ruhy işlere az wagt sarp edýärinmi?» Eger dynç almaga we göwün açmaga köp wagt sarp etseň, munuň saňa peýdasy bolmaz. Aslynda, öz wagtynda dynç alýan we göwün açýan adamlar has köp şatlyk tapýarlar. Näme üçin? Sebäbi olar iň «möhüm zatlary» birinji orunda goýýandygyna düşünýärler we olaryň ynsaby ezýet bermeýär (Filipililer 1:10, 11-nji aýatlary okaň).

      14 Göwün açmaga köp wagt sarp etmek lezzetli ýaly bolup görünse-de, ol Ýehowadan daşlaşdyryp biler. 20 ýaşyndaky Kim atly uýa muny öz başyndan geçirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ähli oturyşyklara gatnaşýardym. Hepdäniň her anna, şenbe we ýekşenbe günleri hezil bolýardy. Indi bolsa men has wajyp zatlaryň bardygyna düşündim. Men häzir pioner bolup gulluk edýärin we wagza gitmek üçin irden sagat 6:00-da turýaryn. Şol sebäpli men gije sagat bir-ikä çenli oturyşyklarda oturyp bilmeýärin. Men ähli oturyşyklaryň erbet däldigine düşünýärin. Ýöne olar örän erbet täsir edip biler. Şol sebäpli her zadyň öz wagtynyň bolşy ýaly, dynç almagyň hem öz wagty bolmaly».

      15. Ata-eneler çagalarynyň peýdaly dynç almagyna nädip kömek edip bilerler?

      15 Ata-eneler özleriniň we çagalarynyň maddy, ruhy hem-de duýgy taýdan aladasyny etmäge borçly. Muňa dynç almak hem degişli. Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, onda ähli göwün açmalar erbet diýip, olara iňňirdemäň. Ýöne şonda-da olaryň erbet täsirinden seresap bolmaly (1 Kor. 5:6). Öňünden paýhasly oýlansaňyz, maşgalaňyz üçin peýdaly boljak dynç alşy we göwün açmany saýlap bilersiňizb. Şeýdip, siz özüňize we çagalaryňyza Ýehowa ýakynlaşdyryp biljek ýoly saýlarsyňyz.

      MAŞGALA GATNAŞYKLARY

      16, 17. Nähili gynançly ýagdaý ata-eneleriň köpüsine täsir edýär we olaryň duýgusyna Ýehowanyň düşünýändigini biz nireden bilýäris?

      16 Ata-ene bilen çaganyň arasyndaky gatnaşyk örän güýçli bolýar. Ýehowa bu meňzetmäni öz halkyna bolan söýgüsini görkezmek üçin ulanypdy (Iş. 49:15). Şol sebäpli dogan-garyndaşlaryňdan biri Ýehowany terk etse, munuň agyr hasrat çekdirýändigi geň galdyrmaýar. Gyzy ýygnak gatnaşygyndan kesilen bir uýa şeýle diýýär: «Men juda tapdan düşdüm. „Ol näme üçin Ýehowany terk etdikä?“ diýip, özüme sorag berýärdim. Men özümi günäkär duýup, öz-özüme käýeýärdim».

      17 Ýehowa siziň çekýän derdiňize düşünýär. Ilkinji ynsan maşgalasy Ýehowany terk edende we Tupandan öň ýaşan adamlaryň köpüsi pitne turzanda, Hudaý muňa «ýürekden gynandy» (Gel. çyk. 6:5, 6). Şeýle ýagdaýy başdan geçirmedik adama muňa düşünmek kyn bolup biler. Emma ýygnak gatnaşygyndan kesilen maşgala agzaňyz zerarly, Ýehowadan daşlaşmaklyk akylsyzlyk bolardy. Onda dogan-garyndaşymyzdan biri Ýehowany terk edende döreýän hasraty nädip ýeňip bolýar?

      18. Çagasy Ýehowany terk eden ata-eneler näme üçin özüni günäkärlemeli däl?

      18 Bolan iş üçin özüňizi günäkärlemäň. Ýehowa adamlara saýlamak mümkinçiligini berdi. Özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylan her bir adam «öz ýüküni özi götermelidir» (Gal. 6:5). Şol sebäpli siz däl-de, günä eden adamyň özi Ýehowanyň öňünde jogap berer (Ezek. 18:20). Başgalary-da günäkärlemäň. Ýehowanyň berýän temmisine hormat goýuň. Ýygnagy goraýan ýaşululara däl-de, Iblise garşy duruň (1 Pet. 5:8, 9).

      19, 20. a)Çagalary gatnaşykdan kesilen ata-eneler agyr duýgusyna nädip hötde gelip bilerler? b) Ata-eneler nämä umyt edip biler?

      19 Eger siz Ýehowadan nägile bolsaňyz, Ondan daşlaşyp bilersiňiz. Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam siziň Ýehowany her zatdan, hatda maşgala gatnaşygyndan-da ileri tutýandygyňyza düşünmeli. Bu ýagdaýa hötde gelmek üçin ruhy taýdan berk bolmaga jan ediň. Özüňizi wepaly dogan-uýalardan çetde tutmaň (Sül. tym. 18:1). Ýehowa doga edip, Oňa duýgularyňyzy aýdyň (Zeb. 62:7, 8). Ýygnak gatnaşygyndan kesilen maşgala agzaňyz bilen telefon ýa-da elektron poçtasy arkaly gepleşmek üçin bahana gözlemäň (1 Kor. 5:11). Ruhy işlere yhlasly ýapyşyň (1 Kor. 15:58). Ýokarda agzalan uýa şeýle gürrüň berýär: «Gyzym Ýehowanyň ýoluna dolanyp gelende, oňa kömek edip biler ýaly, men Ýehowa yhlasly gulluk edip, ruhy taýdan berk bolmalydygyma düşünýärdim».

      20 Injilde söýginiň «her zada umyt baglaýandygy» barada aýdylýar (1 Kor. 13:4, 7). Gatnaşykdan kesilen adamyň hakykata dolanyp geljekdigine umyt etmek nädogry däl. Her ýyl şeýle adamlaryň ençemesi toba edip, Ýehowanyň guramasyna dolanýarlar. Ýehowa olary ýazgarman, gaýtam, höwes bilen bagyşlaýar (Zeb. 86:5).

      PAÝHASLY KARARA GELIŇ

      21, 22. Erkinligi ulanmaly bolanymyzda näme etmegi ýüregimize düwmeli?

      21 Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy (Kanun taglymaty 30:19, 20-nji aýatlary okaň). Ýöne erkinlik adamy jogapkär edýär. Her bir mesihçi özüne şeýle sorag bermeli: «Men haýsy ýoldan ýörärin? Men iş, wezipä kowalaşmak, dynç almak, göwün açmak ýa-da dogan-garyndaşlarymdan biri ýygnak gatnaşygyndan kesilendigi sebäpli Ýehowadan daşlaşarynmy?

      22 Ýehowanyň öz halkyna bolan söýgüsi hiç haçan sowamaz. Emma biz erbet ýoly saýlasak Ýehowadan daşlaşarys (Rim. 8:38, 39). Ýöne muňa ýol bermäň! Hiç bir zada Ýehowadan daşlaşdyrmaga ýol bermäň. Indiki makalada şeýle karara gelendigiňizi görkezýän dört zada serederis.

      a Wezipä kowalaşmak barada «Ýaşlaryň sowallary» (II tom, rus.) atly kitabyň 38-nji babyna serediň.

      b Maslahat üçin 2011-nji ýylyň noýabrynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň 17—19-njy sahypalaryna serediň.

  • Ýehowa ýakynlaşmagyňyzy dowam ediň
    Garawul diňi — 2013 | 15 ýanwar
    • Ýehowa ýakynlaşmagyňyzy dowam ediň

      «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar». ÝAKUP 4:8

      SIZ NÄHILI DÜŞÜNDIRERSIŇIZ?

      • Tehniki serişdeler we saglyk babatda dogry garaýşy nädip saklamaly?

      • Pula we özüňe buýsanmaklyga nädip dogry garap bileris?

      • Ýehowadan daşlaşmaz ýaly näme etmeli?

      1, 2. a) Şeýtanyň «niýetleri» näme? b) Hudaýa ýakynlaşmaga bize näme kömek eder?

      ÝEHOWA HUDAÝ adamlary Özüne ýakynlaşmak zerurlygy bilen ýaratdy. Emma Şeýtan özi ýaly bizi-de Ýehowa mätäç däldigimize ynandyrjak bolýar. Ol bu ýalan pikirini How enäni Erem bagynda aldanyndan bäri ýaýradýar (Gel. çyk. 3:4—6). Taryhdan görnüşi ýaly, bu ýalňyşlygy adamlaryň köpüsi gaýtalady.

      2 Biz Şeýtanyň «ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris», şol sebäpli onuň duzaklaryndan gaça durup bilýäris (2 Kor. 2:11). Şeýtan bize nädogry ýoly saýladyp, Ýehowadan daşlaşdyrmak isleýär. Emma geçen makaladan bilşimiz ýaly, biz wezipe, göwün açma we maşgala gatnaşyklary babatda dogry ýoly saýlap bilýäris. Bu makalada bolsa, tehniki serişdeleriň, saglyk, pul we tekepbirlik ýaly zatlaryň «Hudaýa ýakynlaşmaga» päsgel bermezligi üçin näme etmelidigine serederis (Ýakup 4:8).

      TEHNIKI SERIŞDELER

      3. Tehniki serişdelerini dogry we nädogry ulanyp bolýandygyny görkezýän mysal getiriň.

      3 Tehniki serişdeler bütin dünýäde ulanylýar. Eger olary dogry ulansak, peýdaly bolup biler, emma nädogry ulansak, bizi gökdäki Atamyzdan daşlaşdyrar. Geliň, kompýuter barada gürrüň edeliň. Siziň häzir okaýan makalaňyz kompýuteriň kömegi bilen ýazyldy we çap edildi. Kompýuter gözleg geçirmekde, kimdir biri bilen aragatnaşyk saklamakda we käte göwün açmakda peýdaly bolup biler. Emma kompýuter hakda çendenaşa gyzyklanmagymyz mümkin. Tehniki serişdeleriň söwdagärleri adamlara iň soňky çykan kompýuterleriň gerekdigine ynandyrjak bolýar. Bir ýigit üýtgeşik kompýuteri almak üçin gizlinlikde bir böwregini satýar. Gör, nähili akylsyz hereket!

      4. Bir dogan kompýuteri çendenaşa köp ulanmak endigini goýmak üçin näme etdi?

      4 Tehniki serişdelerini nädogry ýa-da çendenaşa köp ulansak, bu bizi has erbet ýagdaýa salyp biler, ýagny Ýehowadan daşlaşdyrar. 28 ýaşly Ýona atly doganymyz şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, ruhy zatlara wagt sarp etmek üçin „pursatdan peýdalanmalydygyna“ düşünýärin. Emma kompýutere gezek gelende, men öz-özüme duşman bolýaryn». Ýon köplenç ýarygijä çenli wagtyny Internetde geçirýärdi. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men näçe ýadaw boldugymça, şonça-da maňa hat ýazyşmagy ýa-da gysga wideofilmleri (olaryň käbiri hatda zyýanlydy) görmegi bes etmek kyn bolýardy». Ýon bu erbet endigini goýmak üçin, ýatmaly wagty kompýuteri öz-özünden öçer ýaly etdi (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň).

      5, 6. a) Ata-eneleriň çagalary babatda nähili jogapkärçiligi bar? b) Ata-eneler çagalarynyň ýagşy ýaranlar bilen gatnaşyk etmegi üçin näme edip bilerler?

      5 Ata-enler, siz çagalaryňyzyň her bir edýän işine gözegçilik etmeseňiz-de, olaryň kompýuteri ulanyşyna üns bermelisiňiz. Çagalaryňyzy güýmejek bolup, olara Internetde ahlaksyzlyk görmäge, zorlukly oýunlary oýnamaga, spiritizme baş goşmaga we ýaman ýaranlar bilen gatnaşyk etmäge ýol bermäň. Eger bu zatlara ýol berseňiz, olaryň şeýle pikir etmegi mümkin: «Kakam bilen ejem bu zatlar barada alada etmeýär. Diýmek, bularyň hiç biri erbet däl». Ata-eneler, siz çagalaryňyzy hem-de ýetginjekleri Ýehowadan daşlaşdyrýan her bir zatdan goramaga borçlusyňyz. Hatda haýwanlaram öz balalaryny howpdan goraýarlar. Eger ene aýy kimdir biri tarapyndan balasyna howp abanýandygyny duýsa, onuň näme etjekdigini göz öňüne getirip görüň! (Hoşeýa 13:8-i deňeşdiriň).

      6 Siz çagalaryňyza göreldeli ýaş we gartaşan mesihçiler bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge kömek ediň. Ýöne çagalaryňyzyň wagtyny siziň bilen geçirmek isleýändigini unutmaň! Şonuň üçin olar bilen gülüşmäge, oýnamaga, işlemäge we «Hudaýa ýakynlaşmaga» wagt sarp ediňb.

      SAGLYK

      7. Näme üçin biziň ählimiz sagdyn bolmak isleýäris?

      7 «Ýagdaýlaryň gowumy?» Bu sorag hemme adamlaryň syrkawlaýan wagtynyň bolýandygyny görkezýär. Ilkinji ynsan jübüti Şeýtana özlerini Ýehowadan daşlaşdyrmaga ýol berendigi sebäpli, biziň hemmämiz keselçilikden ejir çekýäris. Keselçilik Şeýtana maksadyna ýetmäge kömek edýär, çünki syrkaw wagtymyz bize Ýehowa gulluk etmek kyn düşýär. Adam ölende bolsa, Hudaýa asla gulluk edip bilmeýär (Zeb. 115:17). Şol sebäpli biz sagdyn bolmak üçin elimizde baryny edýärisc. Şeýle-de biz dogan-uýalaryň saglygy we abadançylygy barada alada etmeli.

      8, 9. a) Saglygymyz barada çendenaşa alada etmekden nädip gaça durup bileris? b) Ruhuň miwesi bolan şatlygy ösdürmek näme üçin peýdaly?

      8 Biz saglyk meselesinde çendenaşa alada etmeli däl. Emma käbirleri berhiz saklamak, bejergi ýa-da däri-derman ýaly zatlar babatda maslahat berip, ony Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny wagyz etmekden-de ileri tutýarlar. Ähtimal, olar adamlaryň aladasyny ak ýürekden edýäris öýdýändirler. Şeýle bolaýanda-da, saglyk hem daş keşbiň owadanlygy üçin ulanylýan däri-dermanlar babatda ýygnakdan we kongresden öň ýa soň gürrüň etmek ýerliksiz bolardy. Näme üçin?

      9 Biz biri-birimiz bilen görşenimizde, ruhy zatlar barada gürrüňdeş bolup, Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi bolan şatlygy ösdürmek isleýäris (Gal. 5:22). Şeýle gürrüňdeşlikde bizden saglyk we däri-derman barada maslahat sorasalar-da, soramasalar-da, bular hakda gürrüň etsek, bizi ruhy maksadymyzdan daşlaşdyrar, başgalary bolsa, şatlandyrman gaýgy-gama batyrar (Rim. 14:17). Saglyk meselesinde her kimiň özi karara gelmeli. Galyberse-de, ähli keselleriň hötdesinden gelmek hiç kime başartmaýar. Hatda iň gowy lukman-da garraýar, keselleýär we ölýär. Saglygymyz barada çendenaşa alada edip, ýaşymyzy uzaldyp bilmeris (Luka 12:25). Emma «şadyýan ýürek oňat şypadyr» (Sül. tym. 17:22).

      10. a) Ýehowa haýsy häsiýetler ýaraýar? b) Biz haçan doly sagdyn bolarys?

      10 Daş keşbimiz barada hem belli bir derejede alada etmek ýerliklidir. Ýöne garrylyk sebäpli döreýän her bir alamaty gizlejek bolup alada galmaly däl. Gaýtam, ol biziň ruhy taýdan ösendigimizi, mertebämizi we içki gözelligimizi görkezýär. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda: «Çal kelle şöhrat täjidir; ol dogrulyk ýolundan tapylýandyr» diýilýär (Sül. tym. 16:31). Bu aýatda Ýehowanyň bize bolan garaýşyny görse bolýar. Diýmek, biz hem özümize Ýehowa ýaly garamaly (1 Petrus 3:3, 4-nji aýatlary okaň). Beden taýdan owadan görünjek bolup howply operasiýalaryny we medesina bejergilerini etmek paýhasly bolarmy? «Taňrymyzyň... şatlygy» hakyky gözelligiň gözbaşydyr, sebäbi şeýle gözellik adamyň ýaşyna we saglygyna däl-de, içki dünýäsine baglydyr (Neh. 8:10). Biz diňe täze dünýäde sagdyn we ýaş bolup bileris (Eýýup 33:25; Iş. 33:24). Emma häzirki ýagdaýymyza kaýyl bolup, paýhasly we iman bilen hereket etsek, bu bize Ýehowa ýakynlaşmaga kömek eder (1 Tim. 4:8).

      PUL

      11. Pul nädip duzak bolup biler?

      11 Pula we halal gazanja erbet diýip bolmaz (Wag. 7:12; Luka 19:12, 13). Emma «pul söýgüsi» erbetdir, çünki ol Ýehowadan daşlaşdyrýar (1 Tim. 6:9, 10). «Dünýäniň gaýgylary» hakda aşa köp aladalanmak ruhy taýdan bogup biler. Şeýle-de baýlyk hakyky bagt we gorag berýär öýtmeklik nädogry, sebäbi «baýlyk aldawçydyr» (Mat. 13:22). Isa «hiç kimiň» hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmejekdigini açyk aýtdy (Mat. 6:24).

      12. Şu günler pul gazanmaklygyň nähili torlary bar we biz olardan nädip gaça durup bileris?

      12 Pula bolan nädogry garaýyş erbetlige iterip biler (Sül. tym. 28:20). Käbirleri çalt we aňsat baýamak wadalaryna ynanyp, lotareýa satyn aldylar ýa-da söwdanyň dürli görnüşlerine baş goşdular. Olar hatda ýygnagyň başga agzalaryny-da muňa höweslendirdiler. Başgalary bolsa, maýa goýumlary köp girdeji getirýär diýlen tekliplere aldandylar. Açgözlüge özüňizi aldatmaň. Paýhasly boluň! Eger çalt we aňsat baýamagy teklip etseler, munuň asla mümkin däldigini unutmaň.

      13. Ýehowa bilen bu dünýäniň pula bolan garaýşy nähili tapawutlanýar?

      13 Eger biz «öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtarsak», onda Ýehowa biziň zerurlyklarymyz barada edýän paýhasly tagallalarymyzy patalar (Mat. 6:33; Efes. 4:28). Ol biziň ýygnak duşuşygyna gelenimizde agyr zähmet çekendigimiz sebäpli uklamagymyzy ýa-da pul barada oýlanmagymyzy islemeýär. Emma köp adamlar özüni pula bagyş etseler, gelejegini gorap we aňsat ýaşap biljekdigine ynanýarlar. Köplenç olar çagalaryny baý ýaşamaga höweslendirýärler. Isa şeýle garaýşyň akylsyzdygyny görkezdi (Luka 12:15—21-nji aýatlary okaň). Bu bize Geýhazy ýatladýar. Ol açgözlügiň täsirine düşse-de, Ýehowa bilen gatnaşygyny ýitirmez öýdüpdi (2 Pat. 5:20—27).

      14, 15. Biz näme üçin pula gorag hökmünde garamaly däl? Mysal getiriň.

      14 Bir maglumata görä, bürgütleriň käbiri penjesine düşen uly balykdan dyrnaklaryny aýryp bilmän gark bolýarlar. Mesihçi-de şeýle ýagdaýa düşüp bilermi? Ýygnak ýaşulusy Aleks şeýle gürrüň berýär: «Aslynda, men tygşytly adam. Men şampun bilen saçymy ýuwjak bolanymda, ol biraz elime köpräk guýulsa, ony yzyna salýaryn». Muňa garamazdan, Aleks pioner bolup gulluk etmek niýeti bilen işinden çykyp, bir täjirçilik işine baş goşýar. Ol bu işi has gowy özleşdirmek üçin, oňa bar ünsüni berýär. Ol ýygnan we karz alan pullaryny köpeltmek üçin aksiýa satyn alýar, sebäbi aýtmaklaryna görä, onuň bahasy galmalydy. Ýöne aksiýanyň bahasy örän pese düşýär. Aleks şeýle ýatlaýar: «Men pulumy ýitiresim gelmeýärdi. Biraz garaşsam, aksiýanyň bahasy ýene-de galjak ýalydy».

      15 Mundan birnäçe aý geçse-de, Aleks başga hiç zat barada oýlanyp bilmeýärdi. Oňa ruhy zatlara ünsli bolmak kyndy; gijesine ýatman çykýardy. Emma aksiýanyň bahasy galmady. Aleks ýygnan pullarynyň ählisi ýitirýär we jaýyny satýar. Ol şeýle diýýär: «Men maşgala agzalarymy uly ünjä goýdum». Emma Aleks bolan zatlardan özüne sapak edindi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men Şeýtanyň dünýäsine bil baglan her bir adamyň örän lapykeç boljakdygyna doly göz ýetirdim» (Sül. tym. 11:28). Dogrudan-da, biz ýygnan pulumyza, maýa goýumymyza ýa-da ukybymyza bil baglasak, «bu dünýäniň taňrysy» Şeýtana bil bagladygymyz bolar (2 Kor. 4:4; 1 Tim. 6:17). Aleks häzir «Hoş Habaryň hatyrasy üçin» ýaşaýşyny sadalaşdyrdy. Ol şeýle etmek bilen özüni we maşgala agzalaryny bagtly edip, Ýehowa has-da ýakynlaşandygyny gürrüň berýär (Markus 10:29, 30-njy aýatlary okaň).

      TEKEPBIRLIK

      16. Özüňe buýsanmaklyk haçan dogry we haçan nädogry?

      16 Gowy zatlara buýsanmak nädogry däl. Meselem, biz Ýehowanyň Güwäçisidigimize elmydama buýsanmaly (Ýer. 9:24). Özüňi ýeterlikli derejede sylamaklyk dogry karara gelmäge we ahlak kadalaryny bozmakdan gaça durmaga kömek edýär. Ýöne özüňe ýa-da öz pikiriňe has köp üns bermeklik Ýehowadan daşlaşdyryp biler (Zeb. 138:6; Rim. 12:3).

      17, 18. a) Mukaddes Ýazgylardan kiçigöwünli we tekepbir adamlaryň mysallaryny getiriň. b) Bir dogan Ýehowadan daşlaşdyryp biljek tekepbirligi nädip ýeňdi?

      17 Mukaddes Ýazgylarda tekepbir hem-de kiçigöwünli bolan ençeme adamlaryň mysallary getirilýär. Dawut patyşa Ýehowanyň görkezmesine pes göwünlilik bilen boýun boldy we Onuň bereketini gazandy (Zeb. 131:1—3). Ýöne Ýehowa Nebukadnesar we Belşazar patyşalary tekepbirligi üçin peseltdi (Dan. 4:30—37; 5:22—30). Käte biziň hem pes göwünliligimiz synalmagy ahmal. 32 ýaşly Raýan atly gulluk hyzmatçysy başga ýygnaga geçýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Meni tizden ýygnak ýaşulusy ederler öýtdüm. Ýöne bir ýyl geçse-de, hiç zat üýtgemedi». Raýan ýygnak ýaşulusy bolmandygyna gaharlanyp, jogapkär doganlardan gaty görermi? Ol ýygnak duşuşygyna barmagyny bes edermi we tekepbirlige ýol berip, Ýehowadan hem-de Onuň halkyndan daşlaşarmy? Şeýle ýagdaýda siz näme edersiňiz?

      18 Raýan şeýle ýatlaýar: «Men şu mesele babatda çap edilen ähli edebiýatlary okap çykdym (Sül. tym. 13:12). Şonda men sabyr we kiçigöwünlilik häsiýetlerini ösdürmelidigime düşündim. Şeýle-de Ýehowanyň terbiýe bermegine mätäçdim». Raýan özi barada aladalanmagyny bes etdi we ýygnakdaky dogan-uýalaryň, wagyz eden adamlaryň aladasyny edip başlady. Biraz wagtdan ol birnäçe yhlasly adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär. Ol şeýle diýýär: «Bir ýyldan meni ýygnak ýaşulusy edip bellänlerinde, men örän geň galdym. Sebäbi indi men bu barada biynjalyklanmaýardym, çünki wagyz etmekden köp şatlyk tapýardym» (Zebur 37:3, 4-nji aýatlary okaň).

      ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY GYMMAT SAÝYŇ!

      19, 20. a) Biz her günki edýän işlerimiz bilen Ýehowadan daşlaşmaýandygymyzy nädip barlap bileris? b) Biz Ýehowadan daşlaşmadyk haýsy adamlaryň göreldesine eýerip bileris?

      19 Şu we geçen makalada gürrüň edilen ähli zatlar biziň durmuşymyzda dogry orun eýelemeli. Biz Ýehowanyň gullukçysydygymyza buýsanýarys. Bagtly maşgala we gowy saglyk Ýehowanyň berýän uly sowgadydyr. Biz işiň we puluň zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmaga kömek edip biljekdigine düşünýäris. Şeýle-de göwün açmanyň we tehniki serişdeleriň peýdalydygyny bilýäris. Ýöne bu zatlary ýerliksiz wagty we çendenaşa köp ulansak ýa-da olar seždämize garşy gelse, Ýehowadan daşlaşdyryp biler.

      Ýehowadan daşlaşdyrmaga hiç zada ýol bermäň!

      20 Hawa, Şeýtan bizi Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýar. Emma siz özüňizi we maşgala agzalaryňyzy şeýle betbagtçylykdan gorap bilersiňiz (Sül. tym. 22:3). Ýehowa ýakynlaşyň we Ondan daşlaşmaň! Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda ençeme adamlaryň mysallary getirilen. Meselem, Hanok we Nuh «Hudaýyň huzurynda gezdi» (Gel. çyk. 5:22; 6:9). Musa «görünmezi göreni üçin berk durdy» (Ýew. 11:27). Hudaý Isany elmydama goldaýardy. Şonuň üçin ol hemişe gökdäki Atasyna ýaraýan zatlary edýärdi (Ýahýa 8:29). Şeýle adamlardan görelde alyň. «Hemişe şatlanyň. Dyngysyz doga-dileg ediň. Her ýagdaýa şükür ediň» (1 Sel. 5:16—18). Hiç zada Ýehowadan daşlaşdyrmaga ýol bermäň!

      a Atlar üýtgedilen.

      b 2011-nji ýylyň oktýabrynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Çagany jogapkär adam edip ýetişdirer ýaly nädip terbiýelemeli?» diýen makala serediň.

      c 2011-nji ýylyň mart aýynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Saglygyň bäş syry» diýen makala serediň.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş