Şeýtana garşy duruň we onuň duzaklaryndan gaçyň!
«Iblisiň hilelerine garşy duruň» (EFES. 6:11).
1, 2. a) Näme üçin Şeýtan mesh edilenleri we «başga goýunlary» ýigrenýär? b) Bu makalada Şeýtanyň haýsy duzaklaryna serederis?
ŞEÝTAN IBLIS adamlary, ylaýta-da, Ýehowa gulluk edýänleri ýigrenýär. Ol mesh edilen galynda garşy uruş alyp barýar (Ylh. 12:17). Mesh edilenler Patyşalyk baradaky wagyz işine ýolbaşçylyk edýärler. Iblis olary goldaýan we ebedi ýaşaýşa umydy bolan «başga goýunlary-da» halamaýar (Ýahýa 10:16). Hawa, onuň gahar-gazaba atlanmagy geň galdyrmaýar! Şeýtan mesh edilenleriň-de, başga goýunlaryň-da duşmany. Onuň maksady — bizi ele salmak (1 Pet. 5:8).
2 Şeýtan bu maksadyna ýetmek üçin dürli duzaklary, ýagny torlary gurýar. Ol «imansyzlaryň akyllaryny küteldendir». Şol sebäpli olar hoş habary kabul etmeýärler we Şeýtanyň guran duzaklaryny görmeýärler. Emma Iblis Patyşalyk habaryny kabul eden käbir adamlary hem duzaga saldy (2 Kor. 4:3, 4). Biz geçen makalada Şeýtanyň üç duzagyndan, ýagny 1) erk edilmeýän dilden, 2) gorky we adamlaryň täsirinden, 3) özüňi çendenaşa günäkärlemek duýgusyndan nädip gaça durup bolýandygyna seretdik. Geliň, häzir onuň ýene-de iki duzagyna: baýlyga kowalaşmak we zyna etmek synagyna nädip garşy durmalydygyna seredeliň.
BAÝLYGA KOWALAŞMAK — BOGÝAN DUZAK
3, 4. Dünýäniň gaýgylary baýlyga kowalaşmaga nädip iterip biler?
3 Isa ekin tymsalyny gürrüň berende, birnäçe tohumyň tikenleriň arasyna düşendigini aýtdy. Ol muny şeýle düşündirdi: «Tikenler arasyna düşenler bolsa budur: ol sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýlygyň aldawçylygy sözi bogýar we... (ol) hasylsyz bolýar» (Mat. 13:22). Görşümiz ýaly, Şeýtanyň ulanýan duzaklarynyň biri — baýlyga kowalaşmak.
4 Diýmek, sözi iki zat «bogup» bilýär. Olaryň biri «dünýäniň gaýgylary». Şu günki «kyn pursatlarda» bizi alada goýýan zatlar örän köp (2 Tim. 3:1). Belki-de, bahalaryň galmagy we işsizligiň köpelmegi zerarly, siz gün-güzeranyňyzy zordan dolandyrýansyňyz. Gelejek barada alada edip, özüňize: «Garran çagymda aljak pulum ýeterlikli bolarmyka?» diýip sorag berýänsiňiz. Käbir adamlar şeýle zatlaryň aladasyny edýärler we pul gorag berer öýdüp, baýlyk toplap başlaýarlar.
5. «Baýlyk» nädip aldawçy bolup biler?
5 Isa ýene bir zady, ýagny «baýlygyň aldawçydygyny» aýtdy. Baýlygyň aldawçylygy hem-de dünýäniň gaýgylary bilelikde sözi bogup bilýär. Mukaddes Ýazgylarda «puluň... gorag» bolup bilýändigi barada aýdylýar (Wag. 7:12). Emma baýlyga kowalaşmak paýhassyzlykdyr. Köp adamlar baýlyk toplamak üçin näçe köp zähmet çekdigiçe, şonça-da maddy üpjünçiligiň toruna çolaşdylar. Hatda käbirleri baýlygyň guly boldular (Mat. 6:24).
6, 7. a) Işde nädip baýlygyň toruna düşmegimiz mümkin? b) Işden soň işlemeklik teklip edilende, mesihçi näme barada oýlanmaly?
6 Baýlyga kowalaşmak islegi ujypsyz zatlardan başlamagy mümkin. Aýdaly, başlygyňyz sizi ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Men saňa gowy habar aýtmakçy! Biziň kärhanamyz uly şertnama baglaşdy. Bu birnäçe aýlap iş wagtdan daşary işlemegi talap eder. Men saňa köp pul tölejegime söz berýärin». Siz şeýle teklibe nähili gararsyňyz? Elbetde, maşgalanyň maddy taýdan aladasyny etmek örän wajyp, ýöne bu ýeterlikli däl (1 Tim. 5:8). Siz başga-da zatlary göz öňünde tutmaly. Işden soň işlemäge ýene-de näçeräk wagt sarp etmeli bolar? Ol ýygnak duşuşyklaryna we maşgala okuwyny geçirmäge päsgel berermi?
7 Belli bir karara gelmek üçin, ilki bilen, siz näme barada oýlanarsyňyz? Işe köp wagt sarp etseňiz, bankdaky puluňyzyň möçberine täsir edişi baradamy ýa-da ruhy işleriňize täsir edişi hakynda? Köp pul gazanmak islegi size Patyşalyk işlerini birinji orunda goýmaga päsgel berermi? Eger siz baýlyga kowalaşsaňyz, bu siziň ruhy saglygyňyza we maşgalaňyza zyýan ýetirmezmi? Ruhy saglygyňyza howp abanýan bolsa, sizi baýlyk «bogmaz» ýaly, ondan nädip gaça durup bilersiňiz? (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň).
8. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysallar bize ýaşaýşymyzy barlamaga kömek eder?
8 Biz bogýan baýlykdan gaça durmak üçin wagtal-wagtal nähili ýaşaýandygymyzy barlap durmaly. Ruhy zatlara biperwaý garan Esawa hiç haçan meňzemäliň! (Gel. çyk. 25:34; Ýew. 12:16). Isanyň yzyna düşmek üçin mal-mülkini satmaly we garyplara paýlamaly bolan baý adama-da meňzemäliň. Sebäbi ol şeýle teklibi eşidende, «tukat bolup gitdi, çünki onuň köp mal-mülki bardy» (Mat. 19:21, 22). Baýlygyň duzagyna düşen bu adam uly hormatdan, ýagny ýer ýüzünde ýaşan iň beýik adamyň yzyna eýermek mümkinçiliginden mahrum boldy. Isa Mesihiň şägirdi bolmak hormatyny ýitirmekden ägä bolalyň!
9, 10. Siz Mukaddes Ýazgylaryň maddy zatlara bolan garaýşyny nädip düşündirip bilersiňiz?
9 Isa maddy zatlar barada aşa köp alada etmeli däldigi hakynda şeýle maslahat berdi: «Şoňa görä, „Näme iýeris?“, „Näme içeris?“, „Näme geýeris?“ diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar; ýöne gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär» (Mat. 6:31, 32; Luka 21:34, 35).
10 Baýlygyň aldawçy duzagyna düşmez ýaly, Mukaddes Ýazgylary ýazan Aguryň garaýşyna eýerjek bolalyň. Ol şeýle diýdi: «Maňa garyplyk ýa baýlyk berme; çörekden rysgalymy ýetir» (Sül. tym. 30:9). Hawa, Agur puluň gorag berýändigine-de, baýlygyň aldawçydygyna-da düşünýärdi. Biz bu dünýäniň gaýgylarynyň we baýlygyň aldawçylygynyň ruhy taýdan heläkçilige getirýändigine akyl ýetirmeli. Maddy zatlar barada aşa köp alada etsek, olar wagtymyzy we güýjümizi alar. Patyşalyk işlerine bolsa, wagtymyz az galar ýa-da asla galmaz. Geliň, şonuň üçin Şeýtanyň gurýan baýlyk duzagyna düşmezligi ýüregimize düweliň! (Ýewreýler 13:5-i okaň).
ZYNA — GIZLIN ÇUKUR
11, 12. Mesihçi iş ýerinde nädip zynanyň duzagyna düşmegi mümkin?
11 Awçy güýçli haýwany tutmakçy bolanda, onuň ýörejek ýolunda çuň çukur gazýar. Soňra çukury gizlemek üçin, onuň üstüni ot-çöp we gum bilen basyrýar. Şeýtanyň üstünlikli ulanýan duzaklarynyň biri-de şoňa meňzeýär. Bu — ahlaksyzlyk duzagy (Sül. tym. 22:14; 23:27). Ençeme mesihçiler özüni howply ýagdaýlara salyp, şol çukura aňsatlyk bilen düşdüler. Durmuş guran käbir mesihçiler ýanýoldaşyndan başga adama göwün berip, soňra zyna etdiler.
12 Ýanýoldaşyňdan başga adama bolan duýgy işleýän ýeriňde-de döremegi mümkin. Bir geçirilen barlaga görä, gelin-gyzlaryň ýarysy we erkek adamlaryň dörtden üç bölegi iş ýerinde zyna edipdirler. Dogan-uýalaryň hem käbiri işleýän ýerinde dünýewi adamlar bilen gepleşmeli bolýar. Seniň hem işiň şeýle bolsa, işdeşleriň bilen özüňi nähili alyp barýarsyň? Olar bilen iş salyşmaly bolanyňda, özüňe çäk goýup, diňe iş barada gepleşýärmiň? Aýdaly, bir uýa işgäri bilen ençeme sapar gürrüňdeş bolýar. Soňra uýa ol erkek kişä syrlaryny açyp başlaýar. Ol hatda maşgalasyndaky kynçylyklaryny-da gürrüň berýär. Ýa-da, diýeli, dogan işdeş bir aýal bilen dostlaşyp başlaýar. Doganyň şeýle pikir etmegi mümkin: «Bu aýal meniň aýdýanlarym bilen ylalaşýar, meni ünsli diňleýär, maňa hormat goýýar. Maňa öýde-de şeýle garasalar nähili gowy bolardy!» Sen şeýle ýagdaýlaryň zyna etmäge iterip bilýändigine düşünýärmiň?
13. Dogan-uýalaryň arasynda nädip ýerliksiz duýgy döräp biler?
13 Kimdir birine bolan ýerliksiz duýgy ýygnak duşuşygynda-da döräp biler. Bir bolup geçen waka seredeliň. Deniýel ýaşulydy we ol aýaly Saraa bilen pioner bolup gulluk edýärdi. Ýygnaga kömek gerek bolanda, Deniýel hiç haçan «ýok» diýmeýärdi. Ol ýygnakdaky her bir borjuny höwes bilen ýerine ýetirýärdi. Şeýle-de Deniýel bäş adam bilen okuw geçýärdi. Olaryň üçüsi suwda çokundyryldy. Bu ýaş doganlara kömek gerekdi. Şonda olary Sara goldaýardy, sebäbi Deniýel teokratik işleri bilen gümrady. Biraz wagtdan şeýle ýagdaý ýüze çykdy: Deniýel bilen okuw geçen adamlara duýgy taýdan kömek gerek bolanda, köplenç olara Sara goltgy berýärdi. Ýöne Saranyň özi-de duýgy taýdan kömege mätäçdi. Şeýle ýagdaýda ol bu kömegi şolardan alýardy. Netijede, heläkçilige eltýän duzak guruldy. Deniýel şeýle gürrüň berýär: «Meniň aýalym ruhy we duýgy taýdan gowşapdy. Men muňa biperwaý garadym, şol sebäpli-de, biz betbagtçylykly ýagdaýa uçradyk. Aýalym okuw geçýänlerimiň birisi bilen zyna etdi. Ol meniň gözümiň alnynda ruhy taýdan gowşap başlapdyr, men bolsa teokratik işleri bilen başagaýdym». Sen şeýle betbagtçylykdan nädip gaça durup bilersiň?
14, 15. Durmuş guran mesihçilere zynanyň duzagyndan gaça durmaga näme kömek eder?
14 Zyna etmek duzagyndan gaça durmak üçin nikadaky borçlaryňa gowy düşünmeli. Isa: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi (Mat. 19:6). Ýygnakdaky borçlaryň maşgaladaky borçlaryňdan has wajypdyr öýtme. Şeýle-de möhüm bolmadyk işler zerarly wagtyňy köplenç ýanýoldaşyňdan aýry geçirseň, maşgala gatnaşygynyň sowamagy mümkin. Bu bolsa, synaga salyp, agyr günä eltip biler.
15 Onda ýaşulular süriniň aladasyny etmeli dälmi? Petrus resul şeýle ýazdy: «Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen... otladyň» (1 Pet. 5:2, 3). Elbetde, dogan-uýalaryň aladasyny etmeklige biperwaý garamaly däl. Emma ýaşuly borjuňy ýerine ýetirjek bolup, maşgaladaky borjuňy-da ünsden sowmaly däl. Bar ünsüňi ýygnagy ruhy taýdan naharlamaga gönükdirip, maşgalaňy göçme manyda aç goýmak nädogry, hatda howply bolardy. Deniýel gürrüňini şeýle dowam etdi: «Ähli güýjüňi ýygnaga berip, öz maşgalaňa zyýan ýetirmeli däl».
16, 17. a) Mesihçilere ýanýoldaşyna ikilik etmek islemeýändigini görkezmek üçin iş ýerinde nähili çäk goýmak peýdaly? b) «Hudaýyň söýgüsi» kitabynda durmuş guran mesihçilere nähili maslahat berilýär?
16 Durmuş guran mesihçilere zynanyň duzagyndan gaça durmaga kömek edýän ençeme maslahatlary «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndan tapsa bolýar. Meselem, 2006-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle maslahat berilýär: «Işleýän ýerimizde we islendik ýerde jynsy gatnaşyga eltýän ýagdaýlardan ägä bolmaly. Meselem, iş wagtyndan daşary işlänimizde başga jynsdaky adam bilen ýeke galsak, günä eltmegi mümkin. Durmuş guran adamlar biri bilen gepleşende we özüni alyp baranda ýanýoldaşyna ikilik etmek islemeýändigini görkezmeli. Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde näz-kereşme, edepsiz eşigimiz we daşky sypatymyz bilen biriniň ünsüni çekmek islemeýäris... Iş ýerimizde ýanýoldaşymyzyň, çagalarymyzyň suratlaryny görünýän ýerde goýup, özümize we başga adamlara maşgalamyza hormat goýýandygymyzy ýatladýarys. Hiç haçan kimdir biriniň başyňy aýlap, aldamagyna ýol berme we özüňem şony goldamazlygy ýüregiňe berk düw».
17 «Hudaýyň söýgüsi» kitabynyň 11-nji babynyň 17-nji abzasynda ýanýoldaşy bolmadyk adam bilen jynsy gatnaşyk edýänleriň Hudaýyň ahlak kadalaryny depeleýändigi aýdylýar. Hawa, şu günler köp adamlar ahlaksyzlygy ýazgarmaýarlar. Emma başga adamlaryň ahlaksyzlyga bolan garaýşy mesihçilere täsir etmeli däldir. Sebäbi olar «ahlaksyzlary, zynahorlary» adamlaryň däl-de, «Hudaýyň höküm etjekdigine» düşünýärler (Ýew. 10:31; 12:29). Eger siz durmuş guran bolsaňyz, ýanýoldaşyňyz bilen şeýle maslahatlar barada wagtal-wagtal pikir alyşsaňyz paýhasly bolardy. Nikany Ýehowa döretdi. Nika mukaddesdir. Ýanýoldaşyňyz bilen nikadaky gatnaşygyňyz barada gürrüň etmäge wagt sarp etseňiz, ony mukaddes saýýandygyňyzy görkezersiňiz (Gel. çyk. 2:21—24).
18, 19. a) Zyna nähili zyýan ýetirýär? b) Ýanýoldaşyňa wepaly bolmak nähili bereketleri berýär?
18 Eger sen özüňde kimdir birine ýerliksiz söýgüniň döreýändigini duýsaň, onda ýanýoldaşyňa ikilik etmegiň we zynanyň erbet netijesi barada oýlan (Sül. tym. 7:22—23; Gal. 6:7). Ahlaksyzlyk edýän adamlar Ýehowany gynandyrýar, olar hem ýanýoldaşyna, hem özüne zyýan ýetirýär (Malaki 2:13, 14-nji aýatlary okaň)b. Şol sebäpli päk gatnaşygyň peýdasy barada pikirlenmeli. Şeýle adamlaryň diňe bir gelejekde ebedi ýaşaýşa umydy bolman, eýsem, häzirden bagtly ýaşaýyşdan lezzet alyp, ynsabyny päk saklaýarlar (Süleýmanyň tymsallary 3:1, 2-nji aýatlary okaň).
19 Mezmurçy şeýle nagma aýdýar: «Seniň kanunyňy söýýänlere uly parahatlyk bar, olara bökdenç bolmaz» (Zeb. 119:165). Hakykaty söýüň we bu zalym dünýäde «akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly, ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň» (Efes. 5:15, 16). Şeýtan Hudaýyň gullukçylaryny tora salmak üçin, olaryň ýörejek ýolunda duzaklar gurýar. Emma biziň özümizi gorar ýaly gowy ýaraglarymyz bar. Ýehowa bize Iblise «garşy durmaga» we onuň «bütin otly oklaryny öçürmäge» gerekli zatlary berýär (Efes. 6:11, 16).
a Atlar üýtgedildi.
b Malaki 2:13 Siz Ýehowanyň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Ýehowa indi siziň getirýän sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär. 14 Siz: ”Näme üçin?“ diýip soraýarsyňyz. Sebäbi Ýehowa ýaşlygyňy bile geçiren aýalyň bilen seniň araňda şaýatdyr. Ol seniň wada beren aýalyň hem joraň bolsa-da, sen oňa haýynlyk etdiň.
[26-njy sahypadaky surat]
Baýlyga kowalaşmaklyk adamy ruhy taýdan bogup biler. Siz muňa ýol bermäň
[29-njy sahypadaky surat]
Näz-kereşme etseň ýa-da başgalaryň saňa näz-kereşme etmegine ýol berseň, zynanyň duzagyna düşersiň