Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (I bölüm)
    Garawul diňi — 2015 | 15 iýun
    • Ene-atasy gyzynyň ýatmazyndan öň edýän dogasyny diňleýärler

      Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (I bölüm)

      «Adyň mukaddes bolsun». MAT. 6:9

      ÝADYŇYZDAMY?

      • Hudaýa näme üçin «Atamyz» diýip ýüzlenýäris?

      • Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy barada näme üçin doga etmeli?

      • Hudaýyň islegi ýerde amala aşsyn diýen dilegimize görä nädip ýaşamaly?

      1. Biz Matta 6:9—13-nji aýatlara görä nädip wagyz edýäris?

      KÖP adamlar Isa pygamberiň öwreden dogasyny ýatdan bilýärler. Biz öýden-öýe wagyz edenimizde, onuň esasynda adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň hakyky hökümetdigini we onuň ýer ýüzünde ajaýyp özgerişleri etjekdigini düşündirýäris. Şeýle-de biz doganyň ilkinji sözlerine görä, Hudaýyň adynyň bardygy we mukaddes bolmalydygy barada wagyz edýäris (Mat. 6:9).

      2. Biz Isanyň öwreden dogasyny sözme-söz aýtmaly däldigini nireden bilýäris?

      2 Hristian dini Isanyň öwreden dogasyny sözme-söz gaýtalaýar. Emma Isa dogany ýat tutup aýtmaly diýdimi? Ýok! Ol doga etmegi öwretse-de: «Boş (şol bir, TD) sözleri gaýtalap durmaň» diýdi (Mat. 6:7). Onuň özi-de öwreden dogasyny sözme-söz gaýtalap durmady (Luka 11:1—4). Ol şol doga arkaly Hudaýdan näme dilemelidigimizi we nämäniň wajypdygyny öwretmek isledi.

      3. Biz Isanyň öwreden dogasy babatda özümize nähili soraglary berip bileris?

      3 Biz şu we indiki makalalarda Isanyň öwreden dogasy barada gürrüň ederis. Şeýle-de özümize: «Ol maňa manyly doga etmäge nädip kömek edýär? Men Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşaýarynmy?» diýen soraglary berip bileris.

      «GÖKLERDÄKI ATAMYZ»

      4. «Atamyz» diýmek nämäni aňladýar we mesihçiler näme üçin Ýehowa «Atamyz» diýýärler?

      4 Biz Hudaýa «Atam» däl-de, «Atamyz» diýip ýüzlenýäris. Bu bolsa biri-birini ýürekden söýýän bütindünýä doganlyga degişlidigimizi görkezýär (1 Pet. 2:17). Gör, nähili uly hormat! Hudaý tarapyn ogulluga alnan we gökde ýaşamaga umyt edýän mesh edilen mesihçiler Hudaýa doly manyda «Atamyz» diýip ýüzlenýärler (Rim. 8:15—17). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän dogan-uýalar hem Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlenýärler. Sebäbi Ýehowa bize ýaşaýyş berdi we söýgi bilen aladamyzy edýär. Biz kämillige ýetip, soňky synagda wepaly galsak, doly manyda Ýehowanyň perzendi bolarys (Rim. 8:21; Ylh. 20:7, 8).

      5, 6. Ata-eneler çagalaryna nähili sowgat berýärler we çagalar oňa nähili garamaly? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

      5 Ata-eneler çagalaryna Allatagala doga etmegi öwredip, olara gymmatly sowgady berýärler. Şonda çagalar Ýehowa aladaçyl Ata hökmünde garaýarlar. Günorta Afrikada etrap gözegçisi bolup gulluk edýän bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Men öýdekäm gyzlarym bäbejik bolsa-da, olar bilen her gün agşam doga edýärdim. Gyzlarym maňa eden dogalarymyň sözleri ýadynda däldigini aýdýarlar. Emma Ýehowa Atamyz bilen gürrüňdeş bolmagyň mukaddesdigini, kalbynda döreýän rahatlygy we howpsuzlygy mähirli ýatlaýarlar. Gyzlarym dil açan badyna, men olary Ýehowa sesli doga etmäge höweslendirýärdim. Şeýdip, men olaryň duýgularyny we pikirlerini beýan edişini diňläp bilýärdim. Bu bolsa maňa olaryň içki dünýäsini bilmäge kömek edýärdi. Men olara Isanyň öwreden dogasynyň wajyp taraplaryny düşündirip, manyly doga etmegi öwretdim».

      6 Gyzjagazlar ruhy taýdan ösdüler we häzir ýanýoldaşy bilen Hudaýa doly wagtly gulluk edip, bagtly ýaşaýarlar. Ata-eneler çagalaryna Ýehowa bilen berk we mähirli dostlaşmaga kömek edip, gymmatly sowgat berýärler. Elbetde, Hudaý bilen dostlugyny her kimiň özi berkitmeli! Munuň üçin Hudaýy söýmeli we adyny mukaddes etmeli (Zeb. 5:11, 12; 91:14).

      «ADYŇ MUKADDES BOLSUN»

      7. Hudaýyň halky nähili hormata eýe boldy we olaryň nähili jogapkärçiligi bar?

      7 Biz Hudaýyň adyny bilmegi we onuň adyny göterýän «halk» bolmagy uly hormat saýýarys (Res. iş. 15:14; Iş. 43:10). Biz gökdäki Atamyzyň «adynyň mukaddes bolmagyny» isleýäris. Şol sebäpli biz Ýehowadan kömek sorap, mukaddes adyna ysnat getirýän sözlerden we işlerden gaça durmaga jan edýäris. I asyrda ýaşan käbir mesihçiler wagyz edýän zatlaryny özleri ýerine ýetirmeýärdiler. Elbetde, biz olara meňzemek islemeýäris. Pawlus resul olara: «Milletler arasynda Hudaýyň adyna sizzerarly dil ýetirilýär» diýdi (Rim. 2:21—24).

      8, 9. Ýehowa adyny mukaddes edýän gullukçylaryny nädip goldaýar?

      8 Biz Hudaýyň adyny mukaddes etmek isleýäris. Norwegiýada ýaşaýan bir uýanyň ýanýoldaşy biwagt aradan çykýar. Ol iki ýaşly oguljygy bilen ýeke galýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Meniň durmuşymda iň agyr günler başlandy. Men duýgularyma erk etmek üçin her gün we her sagat diýen ýaly Hudaýdan güýç soraýardym. Men Hudaýa biwepalyk edip ýa-da nädogry gelen kararym sebäpli Şeýtanyň Ýehowa gyjalat bermegini islemeýärdim. Men Ýehowanyň adyny mukaddes etmäge jan edýärin we Jennetde oglumyň kakasy bilen görüşmegini arzuw edýärin» (Sül. tym. 27:11).

      9 Ýehowa onuň dogalaryna jogap berdimi? Hawa! Uýa dogan-uýalaryň edýän aladasyny görüp ruhlanýardy. Ol bäş ýyl geçenden soňra ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän dogana durmuşa çykýar. Onuň ogly suwda çokundyryldy we häzir ol ýigrimi ýaşynda. Uýa: «Oglumy terbiýelemäge ýanýoldaşymyň kömek edendigine örän minnetdar» diýýär.

      10. Hudaý adynyň mukaddes bolmagy üçin näme eder?

      10 Hudaý adynyň doly mukaddes bolmagy üçin näme eder? Ýehowa hökümdarlygyna garşy çykýanlaryň ählisini ýok eder (Ezekiýel 38:22, 23-nji aýatlary okaň)a. Şondan soňra adamzat ýuwaş-ýuwaşdan kämillige ýeter. Perişdelerem, adamlaram hemişe Ýehowanyň adyny mukaddes ederler! Biz şol döwre sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Şonda söýgüden doly gökdäki Atamyz «ähli zatda höküm sürer» (1 Kor. 15:28).

      «PATYŞALYGYŇ GELSIN»

      11, 12. XIX asyrda mesihçiler nämä düşündiler?

      11 Resullar Isa göge galmazyndan öň: «Ýa Reb, Ysraýyl üçin patyşalygy gaýtadan şu wagt berkarar etjekmi?» diýip soraýarlar. Isa olara Patyşalygyň haçan höküm sürüp başlajakdygyny aýtmady. Emma şägirtleriniň wagyz etmelidigini nygtap geçdi (Resullaryň işleri 1:6—8-nji aýatlary okaň). Şeýle-de Isa olara Hudaýyň Patyşalygyna garaşmalydygyny aýtdy. Şonuň üçin I asyrdan başlap mesihçileriň ählisi Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga edýärler.

      12 Ýehowa halkyna Isanyň haçan gökde höküm sürüp başlajakdygyna göz ýetirmäge kömek etdi. 1876-njy ýylda «Mukaddes Ýazgylary barlag geçiriji» diýen žurnalda Çarlz Teýz Rasselliň «Milletleriň möwritleri haçan dolar?» diýen makalasy çap edildi. Onda 1914-nji ýylyň wajyp döwürdigi barada aýdylýar. Şeýle-de Danyýeliň «ýedi pasyl» diýen pygamberligi Isanyň «milletleriň möwritleri» diýen sözleri bilen baglanyşdyrylyp düşündirilýärb (Dan. 4:16; Luka 21:24).

      13. 1914-nji ýylda näme boldy we muny haýsy wakalar subut edýär?

      13 1914-nji ýylda Ýewropada uruş turup, bütin ýer ýüzüne ýaýrady. 1918-nji ýylda uruş tamamlananda, açlyk höküm sürüp başlady. Uruşda wepat bolanlardan mergi keselinden ölen adamlaryň sany has köpdi. Şeýlelikde, Isanyň aýdan «alamaty» ýerine ýetip başlady. Bu alamatlar onuň Patyşa hökmünde ýer ýüzüne gelendigini aýan edýär (Mat. 24:3—8; Luka 21:10, 11). 1914-nji ýylda Isa Mesihe «bir täjiň berlendigini» we «ýeňsin diýip, ýeňip çykandygyny» köp wakalar subut edýär (Ylh. 6:2). Gökde uruş boldy we Isa Şeýtany, jynlary ýer ýüzüne zyňdy. Şondan bäri adamlar «Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi» diýen pygamberligiň ýerine ýetýändigine göz ýetirýärler (Ylh. 12:7—12).

      14. a) Hudaýyň Patyşalygy barada doga etmek näme üçin wajyp? b) Biz nähili hormata eýe bolduk?

      14 Ylham 12:7—12-nji aýatlarda Hudaýyň Patyşalygy berkarar edilende, adamzada betbagtçylygyň näme üçin inendigi düşündirilýär. Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy Isa duşmanlarynyň arasynda höküm sürüp başlady. Ol ýer ýüzünden erbetligi aýyryp, doly ýeňiş gazanýança, biz HudaýyňPatyşalygynyň gelmegi barada doga etmeli. Biz edýän dogamyza görä ýaşap, Isanyň aýdan şu pygamberligine gatnaşýarys: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Mat. 24:14).

      «ÝERDE-DE SENIŇ ISLEGIŇ AMALA AŞSYN»

      15, 16. Hudaýyň islegi ýerde amala aşsyn diýen dilegimize görä nädip ýaşamaly?

      15 Alty müň ýyl mundan ozal perişdelerem, adamlaram Hudaýyň islegini doly ýerine ýetirýärdiler. Ýehowa adamlary ýaradanda: «Juda gowy» diýdi (Gel. çyk. 1:31). Emma Şeýtan pitne turzandan soňra sanlyja adam Hudaýyň islegini ýerine ýetirýärdi. Şu günler bolsa takmynan 8 million Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň isleginiň ýerde amala aşmagy barada doga edýärler we eden dogasyna görä ýaşamaga çalyşýarlar. Şeýle-de olar durmuşyny özgerdýärler we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşýarlar. Biz muňa diýseň begenýäris!

      1. Maşgala wagyzda aýtmak üçin teklipleri taýýarlaýar; 2. Gyzjagaz kakasy bilen wagyz edýär

      Siz çagalaryňyza Hudaýyň isleginiň ýerde amala aşmagy baradaky dilege görä ýaşamaga kömek edýärsiňizmi? (16-njy abzasa serediň)

      16 1948-nji ýylda suwda çokundyrylan we Afrikada missioner bolup gulluk edýän uýa şeýle gürrüň berýär: «Men Isanyň öwreden dogasyna görä, goýun kimin adamlaryň Ýehowany tanap, onuň halkyna goşulmagy barada hemişe doga edýärin. Men wagyzda adamyň ýüregine täsir etmek üçin Ýehowadan akyldarlyk dileýärin. Şeýle-de sürä degişli goýunlar barada edýän aladamyza Ýehowanyň ak pata bermegini soraýaryn». 80 ýaşly uýa imandaşlarynyň goldawy bilen, köp adamlara Ýehowanyň Şaýady bolmaga kömek edendigi geň galdyrmasa gerek. Elbetde, siz hem Allanyň islegini ýerine ýetirmäge jan edýän garry dogan-uýalary tanaýansyňyz (Filipililer 2:17-ni okaň).

      17. Ýehowanyň isleginiň ýerde amala aşmagy size nähili täsir edýär?

      17 Biz Patyşalygyň duşmanlary ýok edilýänçä, Hudaýyň isleginiň amala aşmagy barada doga etmeli. Biz milliardlarça ölen adamlaryň Jennetde direlişini görüp, Hudaýyň isleginiň doly amala aşmagynyň şaýady bolarys. Isa şeýle diýdi: «Muňa geň galmaň, çünki gabyrdakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagtlary gelýär. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin direler we şer iş edenler höküm üçin direler» (Ýahýa 5:28, 29). Aradan çykan dogan-garyndaşlarymyzy gujak açyp garşylamak nähili tolgundyryjy bolar! Hudaý biziň «gözlerimizden ähli ýaşlary süpürer» (Ylh. 21:4). Direlenleriň arasynda «egriler», ýagny Ýehowa Hudaýy we onuň Ogluny tanaman aradan çykan adamlar hem bolar. Biz olara Hudaýyň islegi we niýeti barada aýdyp, ebedi ýaşaýşa mynasyp bolmaga kömek edip bileris. Gör, nähili hormat! (Res. iş. 24:15; Ýahýa 17:3).

      18. Biz nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys?

      18 Hudaýyň Patyşalygy arkaly Ýehowanyň ady mukaddes ediler we älem-jahanda parahatlyk, agzybirlik höküm sürer. Şonda Isanyň öwreden dogasyndaky ilkinji üç dileg ýerine ýeter. Biz muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Emma Isanyň dogasynda başga-da dört dileg barada aýdylýar. Biz bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

      a Ezekiýel 38:22 Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn. 23 Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler.

      b 1914-nji ýylda Hudaýyň Mesihi Patyşalygynyň berkarar bolmagy baradaky pygamberligiň ýerine ýetişi hakynda köpräk bilmek üçin ««Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabyna serediň (sah. 215—218).

  • Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (II bölüm)
    Garawul diňi — 2015 | 15 iýun
    • Şu günler ruhy iýmit wagtly-wagtynda paýlanýar

      Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşalyň! (II bölüm)

      «Ataňyz size näme zatlaryň gerekdigini... bilýändir». MAT. 6:8

      ÝADYŇYZDAMY?

      • Biz näme üçin gündelik çöregimiz barada dileg etmeli?

      • Ýazyklarymyzyň geçilmegi üçin näme etmeli?

      • Ýehowa synaglar babatda edýän dilegimize nädip jogap berýär?

      1—3. Ýehowanyň aladamyzy edýändigini haýsy waka görkezýär?

      2012-NJI ýylyň tomus güni Germaniýada Lana bilen ýatdan çykmajak waka boldy. Şol gün Ýehowa uýanyň eden iki dogasyna derrew jogap berýär. Birinjiden, uýa aeroporta barmak üçin otluda uzak ýoly geçmeli bolanda, Ýehowadan wagyz etmäge mümkinçilik döretmegini haýyş edýär. Ikinjiden, ol uçmaly wagtynyň ertire geçirilendigini bilende, doga edip Ýehowadan kömek soraýar. Sebäbi Lananyň puly azdy, myhmançylyga barara ýeri hem ýokdy.

      2 Lana dogasyny tamamlamanka: «Salam! Seni görmegem bar eken!» diýen sesi eşidýär. Ol Lananyň synpdaşydy. Ony mamasy bilen ejesi Elke Günorta Afrika ugratmaga gelipdi. Elke Lananyň düşen ýagdaýyny bilip, ony myhman alýar. Olar Lana doly wagtly gullugy we imany barada köp soraglary berýärler.

      3 Ertirlik naharyndan soňra olar ýene-de Lana bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň edýärler. Uýa Elkeniň salgysyny alyp, ikilenç ideg etmegiň aladasynyedýär. Umumy pioner bolup gulluk edýän Lana sag-aman öýüne barýar. Ol «dogalary eşidýän» Hudaýyň hemişe kömek edýändigine göz ýetirýär (Zeb. 65:2).

      4. Biz şu makalada nähili soraglaryň jogabyny bileris?

      4 Biz kynçylyga duçar bolanymyzda Ýehowadan kömek soramaly. Sebäbi Allatagala wepaly gullukçylarynyň edýän dogalaryna höwes bilen jogap berýär (Zeb. 34:15; Sül. tym. 15:8). Isanyň öwreden dogasynda başga-da wajyp zatlar barada agzalýar. Meselem, ruhy zerurlyklarymyz babatda nädip doga etmeli? Gündelik çörek barada edýän dogamyza görä nädip ýaşamaly? Şu makalada bu soraglaryň jogabyny bileris (Matta 6:11—13-nji aýatlary okaň).

      «GÜNDELIK ÇÖREGIMIZI BIZE ŞU GÜN BER»

      5, 6. Biz näme üçin gündelik çöregimiz barada dileg etmeli?

      5 Üns beren bolsaňyz, biz «çöregim» däl-de, «çöregimiz» diýip doga etmeli. Afrikada etrap gözegçisi bolup gulluk edýän Wiktor şeýle gürrüň berýär: «Men aýalym bilen ertir näme iýeris, nirede ýatarys diýip alada etmeýäris. Munuň üçin Ýehowa hemişe dogamda minnetdarlyk bildirýärin. Dogan-uýalar biziň ýürekden aladamyzy edýärler, menem öz gezegimde olaryň duş gelýän ykdysady kynçylyklaryna döz gelmekleri üçin Ýehowa doga edýärin».

      6 Belki, biz iýmit barada alada edýän däldiris. Emma tebigy betbagtçylyga uçran we mätäç dogan-uýalar barada oýlanyň. Biz olar üçin doga edip, dogamyza görä hereket etmeli. Meselem, biz mätäçlik çekýän dogan-uýalara elimizden gelen kömek edip bileris. Mundan başga-da, bütindünýä wagyz işini goldamak üçin pul kömegini berip bileris. Sebäbi berilýän sadakalar ýagşy işlere sarp edilýär (1 Ýahýa 3:17).

      7. «Ertiriň gaýgysyny» etmeli däldigini haýsy mysal görkezýär?

      7 Isanyň gündelik çörek barada doga etmeli diýen sözleri ýaşaýşa gerekli zatlar barada doga etmelidigini görkezýär. Meselem, bir gezek Isa Hudaýyň meýdan otlaryny geýindirýändigini aýdyp: «Hudaý (sizi) şeýle geýindirmezmi, eý imany azlar? „Näme geýeris?“ diýip... ertiriň gaýgysyny etmezlik» barada maslahat berýär (Mat. 6:30—34). Biz baýlyga kowalaşmagyň deregine, jaý, iş we saglyk barada paýhasly alada etmeli. Şeýdip, biz diňe şu günümiz hakynda oýlanýandygymyzy görkezeris. Emma diňe maddy zatlar barada doga etmek nädogry bolar. Sebäbi adamyň ruhy zerurlyklary has wajyp.

      8. Isa gündelik çöregiňiz diýende nämäni göz öňüne tutdy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

      8 Isa gündelik çöregimiz barada dileg edende, ruhy iýmiti-de göz öňüne tutdy. Beýik Mugallym: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýdi (Mat. 4:4). Şol sebäpli biz Ýehowanyň wagtly-wagtynda ruhy iýmiti bermegi üçin doga etmeli.

      «BIZIŇ ÝAZYKLARYMYZY GEÇ»

      9. Biz näme üçin Hudaýyň öňünde «ýazykly»?

      9 Isa näme üçin bir dogasynda «günämiziň» däl-de, «ýazygymyzyň» geçilmegi barada aýtdy? (Mat. 6:12; Luka 11:4). Takmynan 60 ýyl mundan öň «Garawul diňi» žurnalynda şeýle düşündirilipdi: «Biz günä edenimizde Hudaýa bergidar bolýarys... Sebäbi Hudaý günäkäri ýaşaýyşdan mahrum edip bilýär... Ol kalbymyzdaky rahatlygy we özi bilen dostlukly gatnaşygymyzy bozup bilýär... Biz Hudaýa gulak asyp, söýgimizi görkezmeli; Hudaýa garşy günä edenimizde, biz oňa söýgimizi görkezmeýäris, şol sebäpli-de bergidar (ýazykly) bolýarys» (1 Ýahýa 5:3).

      10. Ýehowa bizi nämäniň esasynda bagyşlaýar we biz muňa nähili garamaly?

      10 Allatagala Isanyň töleg gurbanynyň esasynda ýazyklarymyzy bagyşlaýar. Bu töleg iki müň ýyl mundan ozal berildi. Emma biz «töleg gurbanyny... gymmat» saýmaly we oňa şu gün berlen sowgat hökmünde garamaly. Bikämil adamlaryň hiç biri şeýle sowgady berip bilmeýär (Zebur 49:7—9; 1 Petrus 1:18, 19-njy aýatlary okaň). Biz Ýehowanyň beren gymmatly sowgadyna hemişe minnetdar bolmaly. Isa «ýazygymy» däl-de, «ýazyklarymyzy» geç diýip doga etmegi öwretdi. Bu sözler Ýehowanyň gullukçylarynyň ählisiniň töleg gurbanyna mätäçdigini görkezýär. Allatagala biziň diňe özümiziň däl-de, ähli adamlaryň, hatda bize garşy günä edýänleriň hem ruhy saglygy barada alada etmegimizi isleýär. Adatça, adamlaryň bize garşy edýän günäsi ujypsyz bolýar. Biz olary höwes bilen bagyşlasak, Ýehowadan görelde alýandygymyzy we dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi görkezeris (Kol. 3:13).

      1. Aýal adamsyndan öýkeleýär; 2. Adamsy onuň bilen gürleşýär we ötünç soraýar; 3. Aýaly adamsyny bagyşlaýar

      Siz adamlary bagyşlasaňyz, Ýehowa-da sizi bagyşlar (11-nji abzasa serediň)

      11. Biz näme üçin adamlary bagyşlamaly?

      11 Biz bikämil bolandygymyz üçin käte birek-birekden öýke-kine edýäris (Lew. 19:18). Biz öýke-kinämiz barada başga dogan-uýalara gürrüň bersek, olar hem biziň tarapymyzy tutmagy mümkin. Şeýdip, biz ýygnagyň agzybirligini bozarys. Biz şeýle ýagdaýyň öňünialmasak, Ýehowanyň rehimdarlygynyň we Isanyň beren töleg gurbanynyň gadyryny bilmeýändigimiz aýan bolar. Gökdäki Atamyz adamlary bagyşlamak islemeýändigimizi görüp, bizi-de Isanyň töleg gurbanynyň esasynda bagyşlamaz (Mat. 18:35). Isa doga etmegi öwredensoň, muny ýene-de nygtap geçdi (Matta 6:14, 15-nji aýatlary okaň). Ýehowanyň ýazyklarymyzy geçmegi üçin agyr günälerden gaça durmaly. Bu babatda jan etsek, «synaglarda» berk galmaga kömek eder (1 Ýahýa 3:4, 6).

      «BIZI SYNAGA SALMA»

      12, 13. a) Isa suwda çokundyrylandan soň näme boldy? b) Adam synaga düşende näme etmeli? w) Isa nämäni subut etdi?

      12 Isa bilen çölde bolan waka bize «synaga salma» diýen jümläniň manysyna düşünmäge kömek edýär. Isa suwda çokundyrylandan soňra mukaddes ruh ony çöle äkidýär. Näme üçin? Sebäbi Iblis Isany «synamalydy» (Mat. 4:1; 6:13). Bu bizi geň galdyrmaýar! Sebäbi Adam ata bilen How ene Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykanda, jedelli meseläniň orta atylandygyny bilýäris. Hudaý muny çözmek üçin Ogluny ýere iberdi. Allatagala adamy birkemsiz ýaratdymy? Kämil adam «zalym» perişdäniň täsirine garşy durup, Hudaýyň hökümdarlygyny goldap bilermi? Adam Hudaýa gulak asmasa-da, gowy ýaşap bilermi? (Gel. çyk. 3:4, 5). Jedelli mesele bilen bagly soraglaryň jogabyny bilmek üçin wagt gerekdi. Şonda Ýehowanyň adalatly Hökümdardygyna adamlaram, perişdelerem göz ýetirerler.

      13 Ýehowa Hudaý mukaddes bolandygy üçin adamy erbetlik bilen synamaýar. Mukaddes Ýazgylarda «Synagçynyň» Iblisdigi aýdylýar (Mat. 4:3). Iblis adamy günä işlere höweslendirse-de, olary etdirip bilmeýär. Adam ten höweslerini kanagatlandyrmak üçin, günä etmelimi ýa-da etmeli däldigini özi çözýär (Ýakup 1:13—15-nji aýatlary okaň). Isa Mesih synaga düşende, Şeýtanyň teklibini inkär edip, Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap berýär. Şeýdip, ol Hudaýyň höküm sürmäge haklydygyny subut edýär. Emma Şeýtan synamagyny bes etmeýär. Ol has amatly pursata garaşýar (Luka 4:13). Şeýtan näçe jan etse-de, Isa Mesih ähli synaglarda aýypsyz galýar. Ol Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, kämil adamyň ýowuz synaglara garamazdan, Hudaýa wepaly galyp biljekdigini subut edýär. Indi Şeýtan Isanyň şägirtlerine we size hüjüm edýär.

      14. Hudaýa wepaly galmak üçin näme etmeli?

      14 Ýehowa jedelli mesele sebäpli Şeýtanyň synamagyna ýol berse-de, Onuň özi bizi hiç haçan synamaýar. Allatagala biziň wepaly galjakdygymyza ynanýar we bize kömek etmek isleýär. Biz erkin edip ýaradyldyk. Ýehowa erkinligimize hormat goýýandygy üçin ähli synaglardan goramaýar. Hudaýa wepaly galmak üçin ruhy taýdan oýa bolmaly we yzygiderli doga etmeli. Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär?

      Oglanjyk ejesi bilen wagyz edýär

      Oýa bolup, yhlasly wagyz ediň (15-nji abzasa serediň)

      15, 16. a) Biz nähili synaglara garşy durmaly? b) Biziň günä etmegimize kim günäkär?

      15 Alla bize synaglarda kömek etmek üçin mukaddes ruhuny berýär.Şeýle-de Ýehowa Sözi we ýygnak duşuşyklary arkaly wajyp däl zatlara wagtyňy, serişdäňi we güýjüňi sarp etmeli däldigi barada duýdurýar. Ýewropanyň baý ýurdunda ýaşaýan Espen bilen Ýanna köp ýyllap wagyzçylaryň az ýerinde umumy pioner bolup gulluk etdiler. Olar ilkinji çagasy dünýä inende, doly wagtly gullugyny goýdular. Soňra olaryň ikinji çagasy boldy. Espen şeýle diýýär: «Biz öňki ýaly köp gulluk etmänsoň, synaglarda wepaly galar ýaly Ýehowa köp doga edýäris. Biz ruhy taýdan berk galmagymyz we gullukda yhlasly bolmagymyz üçin Ýehowadan kömek soraýarys».

      16 Adam pornografiýa sebäpli-de synaga uçraýar. Pornografiýany görýän adam Şeýtany günäkärlemeli däl. Näme üçin? Sebäbi Şeýtan we onuň dünýäsi bize mejburlyk bilen günä işleri etdirip bilmeýär. Käbirleri ahlaksyz pikirlere ýol berip günä edýär. Emma müňlerçe dogan-uýalar Hudaýa wepaly gulluk edýärler. Biz hem olardan görelde alyp bileris (1 Kor. 10:12, 13).

      «BIZI IBLISDEN HALAS ET»

      17. a) Biz «Iblisden halas et» diýen dogamyza görä nädip ýaşamaly? b) Tizden biz nämeden azat bolarys?

      17 Biz «Iblisden halas et» diýen dogamyza görä ýaşamak üçin bu «dünýäden bolman», «dünýäni, dünýädäki zatlary söýmeli» däl (Ýahýa 15:19; 1 Ýahýa 2:15—17). Hawa, Iblisi ýeňmek üçin hemişe göreşmeli! Tizden Ýehowa dogamyza jogap berip, Şeýtany we onuň dünýäsini ýok eder. Şeýtansyz dünýäde ýaşamak nähili ajaýyp! Ol gökden ýere zyňylanda wagtynyň azdygyny bilip, gahar-gazaba münýär we bizi aýypsyz galdyrmajak bolup jan edýär. Şol sebäpli biz erjellik bilen doga etsek, ýeňiş gazanarys (Ylh. 12:12, 17).

      18. Halas bolmak üçin näme etmeli?

      18 Siz täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyzmy? Onda Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi, adynyň mukaddes bolmagy we isleginiň gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşmagy barada doga ediň. Siz Ýehowanyň ruhy we maddy taýdan aladaňyzy etjekdigine şübhelenmäň. Geliň, ählimiz Isanyň öwreden dogasyna görä ýaşamaga jan edeliň!

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş