43-nji aýdym
Oýa, berk hem çydamly boluň
1. Oýa bolup hem çydamly,
Berk duralyň hemişe.
Batyr boluň, çekmäň gamy,
Ýeteris biz ýeňişe.
Biz Mesihe gulak asmaly,
Şonda berkäp, çekmeris gamy.
(GAÝTALAMAK)
Oýa boluň, berk hem çydamly!
Duruň soňuna çenli!
2. Oýa bolup, berk duralyň,
Tabyn hemem wepaly.
Isa «hyzmatkär» arkaly,
Öwredýär bize ýoly.
Ýaşulular hem bolup gaýa,
Bolýarlar gorag hem-de pena.
(GAÝTALAMAK)
Oýa boluň, berk hem çydamly!
Duruň soňuna çenli!
3. Oýa bolup hem birlikde,
Aýdalyň Hoş habary.
Duşman bize topulsa-da,
Goý, eşitsin Ýer şary.
Geliň, wasp ediň Ýehowany.
Ýetip gelýär oň bellän güni!
(GAÝTALAMAK)
Oýa boluň, berk hem çydamly!
Duruň soňuna çenli!
(Şeýle-de Mat. 24:13; Ýew. 13:7, 17; 1 Pet. 5:8 serediň.)