16-njy aýdym
Patyşalygyň tarapyna geçiň!
1. Ýehowany gözle, eý pesgöwünli,
Ýetip gelýär Onuň gahar güni.
Dogruçyl ýaşap, gezseň pesgöwünli,
Hökman halas eder seni.
(GAÝTALAMAK)
Goldalyň Hudaýyň Patşalygny,
Tutup oň tarapyny.
Hudaýyň goragynda galarsyňyz,
Oňa tabyn bolsaňyz.
2. Geliň dogrulyga suwsan halaýyk,
Kösenip ýörmäň agyr dertlerden.
Ýaşap Hudaýyň kanunyna laýyk,
Halas boluň erbetlerden.
(GAÝTALAMAK)
Goldalyň Hudaýyň Patşalygny,
Tutup oň tarapyny.
Hudaýyň goragynda galarsyňyz,
Oňa tabyn bolsaňyz.
3. Dik tutup başyňy, ýaşa şadyýan,
Patşalyk geldi, muňa ýok güman!
Ýehowa nuruny berýär her zaman,
Şol nurda gezeliň mydam!
(GAÝTALAMAK)
Goldalyň Hudaýyň Patşalygny,
Tutup oň tarapyny.
Hudaýyň goragynda galarsyňyz,
Oňa tabyn bolsaňyz.
(Şeýle-de Zeb. 59:16; Sül. tym. 18:10; 1 Kor. 16:13 serediň.)