38-nji aýdym
Ýüküňizi Ýehowa atyň!
(Zebur 55)
1. Haýyş edip, ýalbarýaryn,
Jogap ber, Hudaýjanym.
Ýanymda bol, hiç gorkmaýyn,
Ýaşaýyn men arkaýyn.
(GAÝTALAMAK)
Bar ýüküňi at Ýehowa,
Çekmersiň dady-perýat.
Ýykylmarsyň ýarty ýolda,
Berer saňa güýç-kuwwat.
2. Ganat baglap, wah, uçsadym,
Duşmanlardan gaçsadym.
Maňa zyýan edýänlerden,
Wah, arany açsadym.
(GAÝTALAMAK)
Bar ýüküňi at Ýehowa,
Çekmersiň dady-perýat.
Ýykylmarsyň ýarty ýolda,
Berer saňa güýç-kuwwat.
3. Ýehowadan pena gözläp,
Edýärin dady-perýat.
Çünki duşman köp bolsa-da,
Ýaşadýar ol parahat.
(GAÝTALAMAK)
Bar ýüküňi at Ýehowa,
Çekmersiň dady-perýat.
Ýykylmarsyň ýarty ýolda,
Berer saňa güýç-kuwwat.
(Şeýle-de Zeb. 22:5; 31:1—24 serediň.)