10-njy aýdym
„Ynha men, iber meni!“
1. Şu günler zalym adamlar,
Hudaýa töhmet atýarlar.
Akmaklar diýýär: „Hudaý ýok“,
Ýa-da ony saýýar gowşak.
Kim Hudaýa alkyş aýdar?
Adyny dünýä tanadar?
Ynha men, iber gideýin!
Adyňa sena edeýin.
(GAÝTALAMAK)
Hormatdyr wasp etmek seni, Ýah,
„Ynha men, iber meni!“
2. Hudaý eglendi diýýärler.
Gorkman üstünden gülýärler.
Butlara sežde edýärler.
Kaýsary Hudaý saýýarlar.
Kim duýdurar gelýän güni?
Ýehowanyň hökümini?
Ynha men, iber gideýin!
Mertlik bilen duýduraýyn.
(GAÝTALAMAK)
Hormatdyr wasp etmek seni, Ýah,
„Ynha men, iber meni!“
3. Häzir pespäller kösenýär,
Çünki ýamanlyk köpelýär.
Akýürekler gyzyl ýaly,
Gözleýärler dogry ýoly.
Kim gidip teselli berer?
Olara ýoly görkezer?
Ynha men, iber gideýin!
Sabyrlyja öwredeýin.
(GAÝTALAMAK)
Hormatdyr wasp etmek seni, Ýah,
„Ynha men, iber meni!“
(Şeýle-de Zeb. 10:4; Ezek. 9:4 serediň.)