11-nji aýdym
Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň
1. Söz berýäris eý Hudaýjan,
Islegiň ederis mydam.
Paýhasly bolup öňüňde,
Göwnüňi hoşlarys günde.
2. Ynha, wepaly hyzmatkär,
Seni her kese tanadýar.
Öz wagtynda iýmit berýär,
Şeýdip, bizi güýçlendirýär.
3. Bize ber çäksiz güýjüňden,
Aýrylmaz ýaly söýgiňden.
Adyňa alkyş aýdaly,
Ýüregiň şatlanar ýaly.
(Şeýle-de Mat. 24:45—47; Luka 11:13; 22:42 serediň.)