140-njy aýdym
Pionerleriň durmuşy
Ýaňy daň atanda, heniz gün dogmanka,
Düşýäris biz ýola,
Ýalbaryp Ýehowa
dogada.
Gürleşýäs ýürekden hem güler ýüz bilen,
Kimler batsa oýa,
Kimler geçer sowa ol ýoldan.
(GAÝTALAMAK)
Şu durmuş ýolundan,
Barýas Hudaý üçin.
Oň islegin ederis her gün.
Yssy, sowuk, hiç zat,
Bilmez bizi saklap,
Şoň üçin diýýäs:
«Seni söýýäs Ýehowa».
Agşam gün ýaşanda, ýadawlyk bassa-da,
Rahatdyr kalbymyz,
Şükür edýäris biz,
Ýehowa.
Her işi ýürekden edýäs söýgi bilen,
Zar däl biz hiç zada,
Berýär bize pata Ýehowa.
(GAÝTALAMAK)
Şu durmuş ýolundan,
Barýas Hudaý üçin.
Oň islegin ederis her gün.
Yssy, sowuk, hiç zat,
Bilmez bizi saklap,
Şoň üçin diýýäs:
«Seni söýýäs Ýehowa».
(Şeýle-de Ýeş. 24:15; Zeb. 92:2; Rim. 14:8 serediň.)