29-NJY SAPAK
Ses
ADAMLARA diňe bir aýdylýan sözler däl-de, eýsem, olaryň nähili äheň bilen aýdylýandygy-da täsir edýär. Eger adam siziň bilen ýakymly, ýumşak we mähirli gepleşse, ony göwünli-göwünsiz ýa-da gödek gepleýän adamdan has gowy diňlärsiňiz gerek?!
Sesiň ýakymlylygy diňe bir gepleýiş organlaryna däl-de, adamyň özüne-de bagly bolýar. Eger adam Mukaddes Ýazgylary okap, alan bilimini durmuşynda ulansa, bu onuň gepleýşine-de täsir edip başlaýar. Onuň sesinden söýgi, şatlyk, mähribanlyk ýaly Hudaýa ýaramly häsiýetleri duýsa bolýar (Gal. 5:22, 23). Şeýle-de onuň sesi adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygyny görkezýär. Adam nägilelik häsiýetini goýup, minnetdarlygy ösdürse, muny onuň aýdýan sözlerinden we äheňinden görse bolýar (Ýer. ag. 3:39—42; 1 Tim. 1:12; Ýahuda 16). Siz adamyň diline düşünmeseňiz-de, tekepbir, sabyr-takatsyz, tankytçyl we gödek adamy kiçigöwünli, sabyrly, mähirli hem-de söýýän adamdan tapawutlandyrmak kyn bolmaz.
Kä ýagdaýlarda adamyň keseldigi ýa-da bogazynda dogabitdi näsazlygy bardygy sebäpli sesiniň ýakymsyz çykmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlaryň doly hötdesinden gelmek häzirlikçe, ýagny Şeýtanyň dünýäsinde kyn bolmagy ahmal. Emma gepleýiş organlaryny dogry ulanmagy öwrenseňiz, gowy netije gazanyp bilersiňiz.
Ilki bilen, her adamyň özüne mahsus bolan sesiniň bardygyna düşünmek gerek. Şol sebäpli kimdir birine meňzejek bolup, onuň sesine öýkünjek bolmaň. Muňa derek, özüňize mahsus bolan sesiňizi gowulandyrjak boluň. Bu babatda size näme kömek edip biler? Geliň, munuň iki esasy aýratynlygyna seredeliň.
Dogry dem almak. Sesi gowulandyrmak üçin öýkende ýeterlikli derejede howa bolmaly we dogry dem almagy öwrenmeli, ýogsam sesiňiz pes çykar we sözleriňiz üzlem-saplam eşidiler.
Öýkeniň köp bölegi kükregiň ýokarky böleginde ýerleşýär; ol egin sebäpli uly bolup görünýär. Öýkeniň iň uly bölegi diafragmanyň (öýken bilen garyn boşlugyny bölýän germew) ýokarsynda ýerleşýär. Ol gapyrgalaryň aşaky bölegine birigip, kükrek bilen garyn boşlugyny bölýär.
Eger siz dem alanyňyzda öýkeniňiziň ýokarky bölegini howadan doldursaňyz, onda demiňiz çalt gutarar. Sesiňiz pes çykar we tiz ýadarsyňyz. Siz oturanyňyzda ýa-da duranyňyzda egniňizi dik tutsaňyz dogry dem alarsyňyz. Geplemek üçin dem alanyňyzda, kükregiň diňe ýokarky bölegini howadan doldurjak bolmaň. Ilki, öýkeniň aşaky bölegini howadan dolduryň. Şonda gapyrgalaryňyzyň aşaky bölegi giňeler. Diafragma bolsa, aşak süýşüp, aşgazany we içegeleri ýuwaşlyk bilen aşak düşürer, şonda siz guşagyňyzyň dartylandygyny duýarsyňyz. Emma öýkeniňiz aşak düşendir öýtmäň, sebäbi ol garnyňyzda däl-de, kükregiňizde ýerleşýändir. Muny barlamak üçin, elleriňizi gapyrgalaryňyzyň aşaky bölegine goýup, uludan dem alyň. Eger siz garnyňyzy içiňize çekmeseňiz we egniňizi ýokary galdyrmasaňyz, diýmek, siz dogry dem alýarsyňyz. Şonda gapyrgalaryňyzyň giňelip, biraz ýokary süýşendigini duýarsyňyz.
Indi bolsa, demiň çykyşyna üns bereliň. Dem alanyňyzda öýkeniňizdäki howany çalt harçlaman, ony az-azdan çykaryň. Munuň üçin bokurdagyňyza zor salmajak boluň, ýogsam sesiňiz ýoýlup çykar. Garyn we gapyrgalaryň arasyndaky myşsalar basyş döredip, demi çykarýar, diafragma bolsa, onuň çykyş tizligini sazlaýar.
Ylgaw ýaryşyna taýýarlanýan türgen ýaly, nutukçy-da dogry dem almagy öwrenmek üçin türgenleşmeli. Göni durup, egniňizi dik tutuň we dem alanyňyzda öýkeniňiziň aşaky bölegini howadan dolduryň. Demiňizi az-azdan çykaryp, mümkin boldugyndan, köpräk san sanajak boluň. Soňra sesli okanyňyzda şeýdip dem almagy öwreniň.
Myşsalary gowşatmak. Bu sesiňi gowulandyrmagyň ýene-de bir usulydyr. Dogrudan-da, geplänimizde myşsalarymyzy gowşatmagy öwrensek, gowy netije gazanyp bileris. Pikirimiz dartgynly ýagdaýda bolsa, myşsalarymyz-da dartgynly bolar, şonuň üçin aňymyzy-da, bedenimizi-de rahatlandyrmaly.
Eger diňleýjilere dogry garaýyşda bolsaňyz, bu size pikiriňizi rahatlandyrmaga kömek eder. Siziň Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanyňyza bary-ýogy birnäçe aý bolan bolsa-da, adamlara wagyz eder ýaly, Ýehowanyň niýetleri barada ajaýyp zatlary bilýändigiňizi unutmaň. Adamlar özleriniň ruhy taýdan kömege mätäçdigine düşünmeseler-de, siz olara wagyz edýärsiňiz. Eger Patyşalyk zalynda çykyş edýän bolsaňyz, onda diňleýjileriň köpüsi Ýehowanyň gullukçylary we siziň dostlaryňyzdyr. Olar size üstünlik arzuw edýärler. Dünýäde hiç bir nutukçy şeýle mähirli diňleýjileriň öňünde çykyş edýän däldir.
Bokurdak myşsalaryňyzyň dartgynlylygyny gowşatmaga jan ediň. Dem alanyňyzda ses perdelerinden howa geçip, olarda titreme emele gelýär. Gitaranyň ýa-da skripkanyň kirşi çekdirilende, ýa-da gowşadylanda, ondan çykýan sesiň üýtgeýşi ýaly, bokurdak myşsalary-da dartylanda we gowşanda sesiň äheňi üýtgeýär. Ses perdelerini gowşadanyňyzda, sesiň äheňi peselýär. Şeýle-de bokurdak myşsalary gowşadylanda burun boşlugy açyk bolup, sesiň aýdyň eşidilmegine ýardam edýär.
Siz bütin bedeniňizi: dyzyňyzy, elleriňizi, egniňizi we boýnuňyzy gowşadyň. Bu sesiňiziň uzaklara eşidilmegi üçin gerekli ýaňlanmany (rezonans) döredýär. Bütin beden ýaňlanmanyň döremegine kömek edýär, ýöne dartgynlylyk oňa päsgel berýär. Bogazda döreýän ses diňe bir burun boşlugynyň däl-de, eýsem, kükregiň, dişleriň, kentlewügiň we burnuň töweregindäki boşluklaryň kömegi bilen emele gelýär. Bularyň ählisi sesiň ýaňlanmagyna ýardam edýär. Eger siz gitaranyň ses ýaňlandyrýan bölegine bir agyr zat goýsaňyz, onuň sesi basyk çykar. Sesiň ýaňlanyp çykmagy üçin oňa hiç zat päsgel bermeli däl. Biziň myşsalardan ybarat bolan bedenimiziň süňkleri barada-da şeýle diýse bolar. Sesiňiz gowy ýaňlanyp çyksa, äheňiňizi üýtgedip, dürli duýgulary berip bilersiňiz. Şonda sesiňize zor salman uly märekä ýüzlenip bilersiňiz.