125-nji aýdym
Hudaýyň görkezmesine gulak asalyň
1. Ýehowanyň halky aýdyp hakykaty,
Bütin ýer ýüzüne saçýarlar ýagty.
Biz gulak asmaly Hudaýa hökman,
Hem agzybir bolup gezmeli mydam.
(GAÝTALAMAK)
Hudaý älemde Beýik Hökümdar,
Biz gulak asmaly.
Ol aladaçyl, örän rehimdar,
Biz bolmaly wepaly.
2. Düşündirýär bize „iş dolandyryjy“,
Kömek edýär mydam Hudaýyň güýji.
Geliň, bizem bolup, oňa wepaly,
Jan edeliň ony wasp eder ýaly!
(GAÝTALAMAK)
Hudaý älemde Beýik Hökümdar,
Biz gulak asmaly.
Ol aladaçyl, örän rehimdar,
Biz bolmaly wepaly.
(Şeýle-de Luka 12:42; Ýew. 13:7, 17 serediň.)