63-nji aýdym
Hemişe wepaly bolmak
1. Elmydama hak Hudaýa,
Biz bolýarys wepaly.
Indi bolduk onuň halky,
Islegni eder ýaly.
Ýehowa çäksiz akyldar,
Diňläris ony mydam.
Ol wepaly hem ynamdar,
Dänmeris biz hiç haçan.
2. Elmydama doganlara,
Biz bolýarys wepaly.
Sözde hem-de iş ýüzünde,
Olary goldamaly.
Ýürekden hormat goýmaly,
Söýgimiz artar ýaly.
Goý, Hudaýyň aýdanlary,
Görkezsin bize ýoly.
3. Biz wepaly jandan-tenden,
Ýaşulylara mydam.
Ederis biz höwes bilen,
Aýdanlaryny hökman.
Olary diňläp alarys,
Ýehowadan ak pata.
Ýehowany edip razy,
Ýeteris baky bagta.
(Şeýle-de Zeb. 149:1; 1 Tim. 2:8; Ýew. 13:17 serediň.)