27-nji aýdym
Ýehowanyň tarapyna geçiň!
1. Öň biz agyr dert çekýärdik günde,
Azaşypdyk ýalan din içinde.
Emma indi biz hakyky dinde,
Şatlyk tapýarys günde.
(GAÝTALAMAK)
Ýahyň tarapyna,
Geç şatlyk bilen.
Ol güýç berer saňa,
Nurunda gezseň.
Aýt aýtmaly wagty,
Ýagşy habary.
Isa tagta çykdy,
Güllär Ýer şary.
2. Ýaha gulluk edip, bolýarys şat,
Wagyz işinde barha alýas bat,
Hemişe bir-birimizi goldap,
Taňra getirýäs şöhrat.
(GAÝTALAMAK)
Ýahyň tarapyna,
Geç şatlyk bilen.
Ol güýç berer saňa,
Nurunda gezseň.
Aýt aýtmaly wagty,
Ýagşy habary.
Isa tagta çykdy,
Güllär Ýer şary.
3. Dänmeris näme etse-de Şeýtan,
Ýehowa bilen gideris gorkman.
Köp bolsa-da duşman, bermeris ýan,
Hudaý güýç berer hökman.
(GAÝTALAMAK)
Ýahyň tarapyna,
Geç şatlyk bilen.
Ol güýç berer saňa,
Nurunda gezseň.
Aýt aýtmaly wagty,
Ýagşy habary.
Isa tagta çykdy,
Güllär Ýer şary.
(Şeýle-de Zeb. 94:14; Sül. tym. 3:5, 6; Ýew. 13:5 serediň.)