14-nji aýdym
Ähli zat täzelenýär
1. Alamatlar görkezýär wajyp wagty:
Dikeldi gökde Mesihiň tagty.
Onsoň gökde söweşip ol ýeňdi,
Ýeriň ýüzüni täzelär indi.
(GAÝTALAMAK)
Şatlan, Hudaý çadyr gurýar,
Indi biziň bilen ýaşar.
Bolmaz gaýgy-gam, ajy gözýaş,
Ölüm, agy bizden bolar daş;
Ine, „ähli zatlar täzelener“
Ýah söz berýär, ol eder.
2. Görüň bu Täze Iýerusalimi,
Şöhle saçýandyr Guzynyň gelni.
Örän gymmatly onuň geýimi,
Hudaýyň nury bezäpdir ony.
(GAÝTALAMAK)
Şatlan, Hudaý çadyr gurýar,
Indi biziň bilen ýaşar.
Bolmaz gaýgy-gam, ajy gözýaş,
Ölüm, agy bizden bolar daş;
Ine, „ähli zatlar täzelener“
Ýah söz berýär, ol eder.
3. Şäher hemmelere getirer şatlyk.
Derwezesi mydam bolar açyk.
Hudaýyň halkyna berer yşyk;
Geliň, ýaşalyň biz şoňa laýyk.
(GAÝTALAMAK)
Şatlan, Hudaý çadyr gurýar,
Indi biziň bilen ýaşar.
Bolmaz gaýgy-gam, ajy gözýaş,
Ölüm, agy bizden bolar daş;
Ine, „ähli zatlar täzelener“
Ýah söz berýär, ol eder.
(Şeýle-de Mat. 16:3; Ylh. 12:7—9; 21:23—25 serediň.)