42-nji aýdym
Ejizleri goldalyň
1. Göz ýetirýäs her bir gün:
Ählimiz ejiz.
Ýöne Ýehowa üçin,
Biz şeýle eziz.
Ol bize rehimdar;
Çäksiz söýgüsi bar.
Bizem bolalyň hergiz,
Ejize eziz.
2. Isa pygamber gelip,
Çekdi köp derdi.
Janyny gurban edip,
Ýaşaýyş berdi.
Hudaý söýýär bizi,
Berkidýär ejizi.
Bizem bolalyň mydam,
Bir dertdeş adam.
3. Ejize has köp gerek,
Bir dertdeş ýürek.
Şoň üçin tankytlaman,
Edeliň kömek.
Geliň, indi mydam,
Goldalyň ýadaman.
Bereris biz teselli,
Bolup mähirli.
(Şeýle-de 2 Kor. 11:29; Iş. 35:3, 4; Gal. 6:2 serediň.)