Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Awgust sah. 31—32
  • Portugaliýada ilkinji Patyşalyk tohumynyň ekilişi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Portugaliýada ilkinji Patyşalyk tohumynyň ekilişi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Awgust sah. 31—32

ARHIWIMIZDEN

Portugaliýada ilkinji Patyşalyk tohumynyň ekilişi

ATLANTIK okeanyň içi bilen tolkunlary böwsüp, Ýewropa barýan gämide Jorj Ýang atly bir ýolagçy Patyşalyk tohumynyň Braziliýada miwe berşini ýatlaýardy.a Emma ol gämide barýarka, heniz wagyz edilmedik ägirt uly ýerler, ýagny Ispaniýa bilen Portugaliýa hakda oýlanýardy. Ol şol ýerde J. F. Ruterford doganyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklaryny diňletmegi we 300 müň sany kitapça paýlamagy maksat edinýärdi.

Jorj Ýang gämide syýahat edýär

Jorj Ýang hoş habary wagyz etmek üçin okeanda köp ýerlere syýahat etdi

Ýang dogan 1925-nji ýylyň ýaz aýlarynda Lissabona baranda, ol ýerde ýagdaýyň erbetdigini görýär. 1910-njy ýylda başlan ýurtdaky gozgalaň monarhiýa döwrüniň tamamlanmagyna we katolik buthanasynyň täsirini ýitirmegine eltipdi. Halk köp zatda erkinlik gazansa-da, ýurtda graždanlyk urşy dowam edýärdi.

Ýang dogan Ruterford doganyň nutuklaryny diňletmek üçin taýýarlyk görüp ýörkä, hökümet ýurtda öwrülişik etmäge synanyşýanlara garşy harby düzgünleri girizýär. Britan we daşary ýurt Mukaddes Ýazgylar jemgyýetiniň sekretary Ýang dogana garşylyklaryň boljakdygyny duýdurýar. Emma Ýang dogan maksadyndan el çekmekçi däldi. Ol Kamoniş atly gimnaziýa orta mekdebinden rugsat soraýar we olar muňa razylaşýar.

Ine, 13-nji maýda Ruterford doganyň nutuk bilen çykyş etmeli güni hem gelip ýetdi! Köpler bu güne sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Binalaryň ýüzünde plakatlar asylypdy we gazetlerde «Ýer ýüzünde boljak ebedi ýaşaýyş» atly jemagat nutugynyň boljakdygy bildiriş edilipdi. Dini ýolbaşçylar bolsa gazetde «ýalan pygamberleriň» gelendigi barada makala çap edipdiler. Olar hatda mekdebiň girelgesinde Ruterford doganyň öwredýän zatlaryna garşy müňlerçe broşýuralary hem paýladylar.

Muňa garamazdan, nutugyň geçiriljek ýerine 2 müň töweregi adam ýygnandy we ýene şonça adam ýer tapylmansoň, yzyna gaýtmaly boldy. Käbir adamlar hatda ýüpden edilen basgançakda, başgalar bolsa gimnastlaryň türgenleşýän zadynyň üstünde otyrdylar.

Emma hemme zat gülala-güllük däldi. Duşmanlar gygyryşyp, oturgyçlary döwýärdiler. Ýöne Ruterford dogan özüne erk edip we rahatlygy saklap, hemmelere eşidiler ýaly partanyň üstüne çykdy. Onuň nutugy ýarygijä çenli dowam etdi. 1 müň 200-den gowrak gyzyklanýan adam edebiýatlarymyzy almaga isleg bildirip, öz adyny we öý salgysyny berdi. Ertesi gün «Sekulu» gazetinde Ruterford doganyň çykyşy barada makala çap edildi.

1925-nji ýylyň sentýabrynda portugal dilinde «Garawul diňi» žurnaly Portugaliýada çap edilip başlandy (şondan öň bu žurnal Braziliýada çap edilýärdi). Şol döwürler Braziliýada Mukaddes Ýazgylary öwrenýän Wirgilio Ferguson Patyşalyk işine kömek etmek üçin Portugaliýa göçmegi planlaşdyrýardy. Ol öň Braziliýadaky Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler üçin kiçijik filialda Ýang dogan bilen işleşipdi. Soňra ol we aýaly Lizzi Ýang dogan bilen bile gulluk edip başlaýar. Ferguson dogan Portugaliýa tüýs wagtynda gelipdi. Sebäbi Ýang dogan hoş habary ýaýratmak üçin başga ýerlere, şol sanda Sowet Soýuzyna gitmelidi.

Lizzi we Wirgilio Fergusonyň şahadatnamasy (1928)

Lizzi we Wirgilio Fergusonyň şahadatnamasy (1928)

Portugaliýada harby özgerişlik sebäpli garşylyklar gitdigiçe güýjeýärdi. Ferguson dogan Mukaddes Ýazgylary öwrenýän topary goramak we olaryň işini goldamak üçin aýaga galdy. Ol öýünde ýygnak duşuşyklaryny geçirmäge rugsat sorady. 1927-nji ýylyň oktýabrynda oňa rugsat berdiler.

Şol bulam-bujarlyk döwrüň ilkinji ýyllarynda Portugaliýada 450 töweregi adam «Garawul diňi» žurnalyny almaga isleg bildirýär. Şeýdip, hakykat sözi kitapçalar arkaly Portugaliýanyň dürli künjegine, ýagny Angola, Azora, Kabo-Werdä, Gündogar Timora, Goa, Madeýra we Mozambige çenli baryp ýetýär.

1920-nji ýyllaryň ahyrynda Lissabona Manuel-da-Silwa Jordan atly portugaliýaly pesgöwünli bagban gelýär. Ol Braziliýada ýaşanda, Ýang doganyň nutugyny diňleýär. Ol şu ýoluň hakykatdygyna düşünip, Ferguson dogana wagyz işinde kömek etmäge isleg bildirýär. Munuň üçin ol kitap paýlaýançy (şol wagt pionerler şeýle atlandyrylýardy) bolup gulluk edip başlaýar. Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlaryň çap edilmegi we olaryň guramaçylykly ýaýradylmagy Lissabonda dörän täze ýygnagyň gülläp ösmegine ýardam etdi.

1934-nji ýylda Ferguson dogan aýaly bilen Braziliýa dolanmaly bolýar. Emma hakykat tohumy eýýäm ekilipdi. Ispaniýadaky graždanlyk urşy we II Jahan urşy sebäpli Ýewropada höküm süren elhenç döwürde Hudaýyň wepaly gullukçylary Portugaliýada ruhy taýdan oýa bolup bildiler. Birnäçe wagtlap olar çalajadan tüsseleýän peltä meňzeýärdi. Ýöne 1947-nji ýylda Gilead mekdebinde tälim alan Jon Kuk atly ilkinji missioneriň gelmegi bilen, olaryň yşygy ýene-de nur saçyp başlady. Şondan soň Patyşalygyň wagyzçylarynyň sany gitdigiçe köpelýärdi. Hatda 1962-nji ýylda hökümet Ýehowanyň Şaýatlarynyň işini gadagan etse-de, wagyzçylaryň sany has-da köpelýärdi. 1974-nji ýylyň dekabrynda Ýehowanyň Şaýatlary wagyz işini dowam etmäge kanun taýdan hukuk gazandylar. Şonda ýurtda wagyzçylaryň sany 13 müňden hem geçýärdi.

Şu günler 50 müňden gowrak wagyzçy Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary Portugaliýada we käbir adalarda, şol sanda Azorda we Madeýrada wagyz edýär. Olaryň arasynda 1925-nji ýylda Ruterford doganyň ýatdan çykmajak nutugyny diňlän käbir dogan-uýalaryň üçünji arkasy hem bar.

Biz Ýehowa we «Mesih Isanyň gullukçysy» hökmünde hoş habary ähli halklara ýetirmek üçin jan eden batyrgaý dogan-uýalara minnetdarlyk bildirýäris (Rim. 15:15, 16; Portugaliýadaky arhiwimizden).

a 2014-nji ýylyň 15-nji maýynda çykan «Garawul diňindäki» «Bu ýerde hasyl ýygymy entek köp» atly makala (sah. 31, 32) serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş