7-nji aýdym
Ýehowa özüňi bagyş etmek
1. Ýehowa Hudaý ýaratdy,
Giň älem jahany.
Ol ägirt edip döretdi,
Ýeri hem asmany.
Ýaşaýşy Hudaý berendir,
Ähli janly zada.
Şonuň üçin ol mynasypdyr,
Hormata hem şöhrata.
2. Isa hakykaty söýüp,
Suwa çümdürildi.
„Islegiňi etjek“ diýip,
Ýehowa söz berdi.
Mukaddes ruh oňa indi,
Suwdan çykan wagty.
Hiç haçan sözünden dänmedi,
Ýaha wepaly galdy.
3. Eý mähriban Hudaýymyz,
Öňüňde biz, ine,
Bagyş edýäris ömrümiz,
Seniňki biz diňe.
Bizi halas etmek üçin,
Ýalňyz Ogluň geldi.
Ýaşasak-da, ölsekde indi,
Seniňki biz ebedi.
(Şeýle-de Mat. 16:24; Mar. 8:34; Luka 9:23 serediň.)